Bir Garlawaç aşyk bolup Adama,
Düşenmişin hak söýgüniň oduna.
Ynsany kalbyna has ýakyn saýyp,
Derdini saýraplar gezipdir ýaýyp.

Ahyry bar güýjün jepläp özünde,
Arassa howada Paslyň ýazynda.
Penjiräni kakýar küýsäp ýaryny,
Aýtmakçydy ýürekdäki baryny.

Adam üns bermän bolýan bu hala,
Garlawaç daşarda edipdur nala.
Ýüregine düşdi Adamyň bu hal,
Belki gyzyklanan bolmagy ahmal.

Penjiräni açdy uçmady guşda,
Seretýärdi gözgynly bir bakyşda.
Ahyry bolmady dillendi durman,
Hak aşyga Hakdan bolarmyş perman.

Men saňa ýürekden aşykmen Adam,
Gije gündiz çekdim ahy perýadyň.
Ol neneňsi bolar men Adam sen guş,
Beýle söýgi nirde görlip bilinmiş!

Ýersiz ýere söýgä bir sebäp tapdy,
Adam gahar etdi aýnany ýapdy.
Günler geçdi ýene penjire tyrk tyrk,
Garlawaç bu ýerde sen maňa artyk!

Dost bolup galsagam diýjek sözüm ýok,
Adam ýene diýdi ol hem bolonok!
Senem öz öýüňde ýaşaýaň ýeke,
Gezme ýalňyzlygyň derdini çeke.

Derdimiz gussamyz paýlaşarys biz,
Giň howla arkaýyn jaýlaşarys biz.
Garşy gelen barmy yşgyň emrine,
Gel bile ýaşaly galan ömrüme.

Seňem hossaryň ýok ýalňyz bir başyň,
Adam gaharlandy sözlerne guşuň.
Nirä gitseň gitde penjiräm kakma,
Herzat sözlän bolup janymy ýakma!

Diýdide ol guşy ýanyndan kowdy,
Garlawajam ondan ýüzüni sowdy.
Ýaz geçdi ýenede gara gyş geldi,
Gyş sowulyp ýene saýrak guş geldi.

Gelmedi Garlawaç yza dolanyp ,
Adam gaýga batdy kän kän oýlanyp.
Garlawajyň gelerne kän garaşdy,
Gözläp tapaý diýse aralar daşdy.

Ökündi özüniň eden işine,
Bu hal kän agyry saldy başyna.
Menem ýeke ýoldaşym ýok zadym ýok,
Derdinere sözleşere adam ýok.

Aýyp etdim öýtýän ol Garlawaja,
Şonuň pikrin edip gündizdir gije.
Ýola düşdi munyň çäresin gözläp,
Bir Dana adama berdi ol sözläp.

Dana jogap berdi güldide muňa,
Göýberen säwligiň aýdaýyn saňa.
Garlawajyň ömri bolýar alty aý,
Olam bir Taňrydan berilen serpaý.

Gapyňy kakypdyr açmansyň senem,
Duşuşmagam nesip etmändir ýene.
Käbir mahlukata berilýän pursat,
Gijigäýse olam berilmez rugsat.

Bize hemdem boljak ýakyn dostlar kän,
Emma biz dostluga bolmaýas mäkäm.
Pursatlar berilýär ýekeje gezek,
Yzynam oýlanyp gör özüň uzak.

Hekaýam soňlandy özüň pikir et,
Eliňdäki bar zatlarňa şükür et.
Belki seň üçinem bolmazla ertir,
Ýollar seni ýoluň soňuna getir.

Bagt geleninde ýüzümiz sowdyk,
Näçe Garlawajy gapydan kowduk!

Süleýman Tekäýew

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Sabyrly tarapyndan 26-08-2023, 13:05

  • mrokas mrokas off № 1 26 августа 2023 23:05
    Garlawaja däl adama gyýyldym, ol ýalňyşyna düşündi emma düzetmäge pursat ýok. Herkimde ikinji mümkinçilik bolsa ýagşy...
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler