Ýat illerden haýyr tapdym, gurp tapdym,
Şerini hem gördüm, ýamany bilen.
Ýöne şol ýerleriň hiç birisi hem,
Deň däl göbek ganym damany bilen.
Sadagaň bolaýyn eý dogduk mekan,
Ýene çagalygma gezesim geldi.
Taryp edip sähralarňy düzüňi,
Sen hakda bir zatlar ýazasym geldi.
Gijeler apalap goşgular ýazýas,
Edip söýen gyzymyzyň waspyny.
Önüp-ösüp ulalyp seň goynuňda
Öwrenipdik ahyr söýmek kesbini
Ýöne sen hakynda juda az ýazdym,
Geleňsizlik sebäpli ol düşünýän.
Gaýşarylyp ak şäheriň töründe,
Gezip ýörün köwşüň çaňyn süpürmän.
Bu ýerlerde tozanam ýok, çaňam ýok,
Şeýle tämiz ýodalaram, ýollaram.
Ýöne weli maňa bir zat ýetenok,
Olam seniň şol gumluja ýollaryň.
Tumşugymy göge dikmezim ýaly,
Obam seň goýnyňa baraýyn ýene.
Egilip köwşümiň çaňyn süpürjek,
Togap etýän deýin bu ene ýere.
22.08.2023ý
ÝUSUP MEREDOW
"Obama"
Edebiýat,
Yonekey
tarapyndan
27-08-2023, 21:55