(Liriki hekaýa)

Şol gün öýlän duýdansyz ýagyş ýagdy. Ilkibada edalyja ýel öwüsmäge başlady, soň biraz güýjedi, onsoň ýeliň çynydygy bildirip ugranyndan soň, gür baglar agramly telpegini saklabilmän, eýlä – beýlä yrandylar. Garagol ýeliň eýini berjek bolýan ýaly, şahalary bilen galgaşyp, çarýana hallan atdylar. Ýerdäki ösgün otlar ýüzüne urlan ýaly, tas ýarysyna çenli bir tarapa gyşardylar. Şeýdip, ilkinji damjalar asmandan düşdi, olaryň yzýany bilenem alňasak beýleki damjalar tekiz ýeri garaltmaga başladylar. Men gözüme ynanman, oňa köp seredip durdum. Tä şol edalyja ýeliň öwüsmäge başlap, alňasak damjalaryň ýeri garaldýan pursatyna çenli gözüme ynanman, aňalyp durupdyryn. Soň ýuwaşlyk bilen onuň ýanyna golaýlaşdym. Sowukdan ýaňa aýaklarym titiräp, dişlerim çakyşýardy. Men durkum bilen galpyldy bolup barýanym üçin edil ýaňy aýak biten çaga ýaly, haýal ädim ädýärdim. Şol aralykda onuň beýle uzakda duranyna we maňa garşy ädim ätmeýänine içim ýanýardy. Eger daşarda ýagyş bolsa, kellämiň içinde has erbetdi, doňaklykdy. Damjalar zalymlyk bilen depämden guýýardylar. Soňabaka olaryň saçymdan geçip, kellä ýetendigini duýmaga başladym. Saçyň üsti öl bolup, entek öl geçmedik gury bölegine ýagyş damjalary ýagyp dursa, bir zat agyryňy gozgap duran ýaly bolýan ekeni. Umuman, ýakymsyz duýgy. Ahyry aramyzda iki – üç ädim galanda, men saklandym. Ýagyş damjalary onuň garaýagyz ýüzüni hasam agras görkezýärdi. Onuň gözlerinde haýsydyr bir ökünjiň demiňi degirseň, erejek, eliňi degirseň, pytrajak görnüşi bardy. Dodaklarynda nähilidir bir söz aýdylman, aýdylmaga taýýar görnüşde müňzäp durdy. Ol şeýlebir naýynjardy, nebsagryjydy, şo bir wagtda-da örän ýatdy, nätanyşdy. Kimdir biriniň diýseň mähriban hem diýseň ýat adam bolup bilýändigi hakykat ekeni.
- Sen üşäňokmy, üşärsiň ahyry. Ýör, öýe gideli – diýip, men oňa tarap golaýladym. Ol “ýok” diýýän terzde gözüme gönüledi. Göwnüme bolmasa, bir ädim yza-da süýşjek boldy öýdýän. Beýle garşylyga garaşmanymdan soň, ýene äm-säm halda aňkarylyp durdum. Indi onuň tutuş göwresi bilen suw-sil bolandygy gözüme ilýärdi. Ýagyş onuň eşiklerinden geçip, ýaňy ýuwlan geýimlerden suwuň damşy ýaly, dynuwsyz damýardy.
- Ýör! – diýip, men aýgytly seslendim. Kelläm bilen öýe tarap yşarat etdim. – Gideli! – diýen wagtym onuň pursat geçdigi saýy hasam gaýgyly görnüşe geçýän gözlerine seredip tas aglapdym. Sesimde baryny edip aglamasamam, ýüregim elenip, bokurdagym doldy:
- Gidäýeli-le, ýöräýsene – diýip, onuň ýuwaşjadan alkymyna dykyldym. Şo wagt sowuk şemal göwrämi galgadyp, ellerimi titretdi. Içimden ýakymsyz bir zat sanjyp gitdi. Ýöne soňundan onuň ýüzüme çabraýan ýyly demi meni köşeşdirmäge başlady. Endamym gowşap, bedenime ýylylyk aralaşdy. Şol ýylylykdanmy ýa aşa köp duranym üçinmi, ilkibada sowuk bolsa-da, soň gyzyp başlan göwräm mundan artyk tap getiribilmän, gözüm garaňkyrady. Meni ýyly eşige dolap öýe salanlarynda-da, daşymda ylgaşlap, öl eşiklerimi çykarjak bolýan wagtlaram huşumdadym. Ähli bolup geçýän zatlary görýärdim hem aňlaýardym. Gözlerim bilen ony gözleýärdim. Onuň bu töwerekde ýokdugyna akyl ýetirenimden soň huşumdan gidipdirin.
Şular ýaly ýagdaý birnäçe gezek gaýtalandy. Bir-de ol bagyň aşagynda maňa garaşyp durmuka diýýärin. Meniň duşuşyga gelmeýänime gahar edip, asmana bakyp, şeýlebir ah çekýärmikä diýýärin welin, agzyndan ot çykyp gidýärmiş. Onuň şeýlebir ýüregi agyrýarmyşyn welin, ýene birazajyk, onsoň ol ysgynsyzlykdan ýere çöküp oturýarmyşyn. Onuň şu halyny göz öňüne getirenimde, siz meniň nähili güne düşýänimi bilýärsiňizmi? Şo wagt onuň ýanyna baryp, egninden tutmaýanyma, garsa gujaklap, gözlerini öpmeýänime örän gynanýaryn. Eger, elimde bolsady, häzirkim ýaly, kim bilýär, nirä ylgap çykardym. Ikiýana elewräp, ony gözlärdim. Eger, bar bolsa tapardym, hökman tapardym. “Sen gynanma, sen gyýylma, men bar” diýerdim. “Men hemişe-de bardym, ýöne meni seniň ýanyňa goýbermediler, “wagty gelende gidersiň” diýdiler, men şonuň üçin barybilmedim” diýerdim.
Hawa, soň – soňlaram oňa özümiň bardygym hakyndaky habarlary ýetiresim geldi, elbetde. Ýöne bir-de kepderiler olar tarapa uçmadylar, bir-de ýolumyzda aždarhalar oturdy, birde-de, gara döwler göze görünmeýän galalary saldylar. Onsoň maňa arzuw etmekden başga alaç galmady. Wagt geler, kepderilerem ýene asmanda perwaz urar, aždarhalaryň kellesi aýrylyp, döwler düýbünden ýitip gider. Şonda aramyzda hiç hili päsgelçilik bolmaz, şonda men onuň ýanyna bararyn, hökman bararyn. Barybam: “Sen aglama, sen gyýylma, men hemişe-de bardym” diýerin...

Bägül ATAÝEWA

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, MILALIKA tarapyndan 30-08-2023, 22:31

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler