- Munuñ diş däl-ä, äñiñ süñki!
Häliden bäri sogurlan dişimiñ töwereginde abzallaryny gezdirip duran lukmanyñ sözleri geñirgendirdi.
- O nähili?
- Äñiñde süñk bolýar-a. Kellebaşaýak iýip gördüñmi?
- Ýok. Iýemog-a.
- Iýmedik bolsañ şu gün kellebaşaýak iýýäñ.
- Ine bar-a diş - diýip, sogurlan ýerimdäki gaty ak zady barmagym bilen görkezjek boldum.
Lukmanyñ ýüregi ýaryldy.
- A gyz, aýyr barmagyñy. Kirli barmaklaryny agzyna sokýarlar onsoñ bitenok sogurlan ýeri.
Degişgen lukmanyñ sözlerine dişim ikilenç sogurlanda meni ýeke goýmazlyk üçin ýanym bilen gelen ejem hezil edip güldi.
Lukmana gülki ýaramady.
- Hakyky zat-da.
...Diş lukmanyñ kabinetinden çykan ejem daşynda nobatyna garaşyp duran näsaglara ýagdaý barada "düşündiriş geçmegi" ünsden düşürmedi:
- Diş galmandyr. Kellebaşaýak iý diýýä...
Ejem töwerekdäki daşgynrak garyndaşlarymyza sowulmak islänligi üçin ýeke gaýtmaly boldum. Öýe barýan ýolumda adatça goñşy obanyñ mekdebiniñ içinden geçýärdim. Synplaryñ penjireleriniñ ählisi açyk ýagdaýdady. Içerde sapak geçýän mugallymlaryñ janygyp tema düşündirýänini eşdip, sakga durdum. Töwerekde "gizlin hereketimi" görýänleriñ ýoklugyna düşünenimden soñ az salym eglenip sapagy diñledim. Mugallymçylyk käri hakda oýladym. Meniñ bilen deñ ugurdan uçurym bolup, mekdepde mugallym bolup ýören işdeşlerim bardy. Hatda, şu ýylam bir işdeşim mugallymçylyga geçipdi. Bulam mahal-mahal meniñem mugallymçylyk hakda içgin oýlanmagyma getirýärdi. Her gezegem terbiýeçilik gözüme has eziz görünýärdi...
...Öýe tarap assa ädimläp barşyma lukmanyñ hälki sözleri serimde aýlanýardy. "Diş däl, äñiñ süñki".
Meniñ bir hepde bäri diş diýip uly ile aýdyp ýören zadym äñiñ süñki bolsa nätjek?! Bir tarapdan ýalñyşandygyma gynanýardym, beýleki bir tarapdan ýene şol agyra döz gelmeli bolmajakdygyma begenýärdim.
Ýalñyzlygym we bagtsyzlygym sebäpli çekýän yzalarym ýadyma düşdi. Men olaram edil diş meselesindäki ýaly giperbolalaşdyrýan bolaýmaýyn?! Gulagyma gaýypdan bir ýerlerden çawuş çakylan ýaly boldy:
" Onyñ bagtsyzlyk däl-ä, synalmak".

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Belki tarapyndan 3-09-2023, 06:03

  • backsp backsp off № 1 3 сентября 2023 12:49
    iydinmi onson kellebasayak
    Jogap
  • Belki Belki off № 2 3 сентября 2023 14:54
    Backsp, "Iýmeseñ öldüreris" diýen ýaly mejbur etmä gabat geläýmesem iýmek netim ýok şony :))
    Jogap
  • backsp backsp off № 3 3 сентября 2023 17:19
    garaz pul cykarjak dalda
    Jogap
  • Belki Belki off № 4 3 сентября 2023 23:12
    Backsp, ýok, halamok kellebaşaýagy.
    Jogap
  • backsp backsp off № 5 4 сентября 2023 00:28
    heyde kellebasayagam halaman bormy, orslar aytmyslayyn "palciki oblizes" diyilyan zada ol
    Jogap
  • Belki Belki off № 6 4 сентября 2023 05:35
    O näme diýmek?
    Jogap
  • backsp backsp off № 7 4 сентября 2023 23:27
    beter gowy diymek
    Jogap
  • mrokas mrokas off № 8 5 сентября 2023 16:20
    "giperbolalarym" şu sözüň manysyna düşünmedim näçe düşünjek bolsamam. Äňiň süňki bilen kellebaşaýagyň nähili dahly bar onam düşnüp bilmedim. Emma kynçylyklar synag ekenligini düşünmegiň dogry. Sebäbi her bir zat öz wagtyna garaşýar. Sabyrly bol, sabyrsyz bol baribir gelmeli wagtynda bagt geler ana şol wagt sabyrsyz bolanyňa utanarsyň hem ökünersiň. Şonuň üçin diňe sabyr...
    Jogap
  • Belki Belki off № 9 7 сентября 2023 11:36
    Mrokas, ulaltma diýmek.
    Kellebaşaýak iýseñ şonda malyñ äñ süñki görünýärmiş agzynyñ içinde aýdyşyna görä.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler