“Herhal, ýolda ýatan daş däl ekenim,
Artyk däl ekenim ýeriň ýüzünde.”
G. Ezizow
Artyk däl ekenim ýeriň ýüzünde.”
G. Ezizow
...Awtobus ugranyndan soň, oňa tarap seretmejek bolup şunça dyrjaşsa-da, Maralyň gözleri biygtyýar, öňdäki oturgyçda, hemişeki edähetine eýerip daş-töweregindäkileri gyzyl-gyran gülüşdirip, hatda mugallymlary Orazgeldi Amanowiçe çenli myssa ýylgyrmaga mejbur edip oturan Mahmyda garşy garap-garap goýberdiler.
“Baran ýeri alaýaz munuň. Seniň bolsa, iň bärkisi awtobusa müneniňi hem aňşyrmady” diýip Maral kineli gabanjaňlyk bilen oýlandy-da, gyzlaryň arasyna, boş orunlaryň birine geçdi. “Asla ol seniň öz topardaşydygyňy bir birýärmikä?” diýip ýaş gyzyň öýkeli aňy has hem mojugyny tapdy. Muňa öňem bu syýahata gidesi gelmän, diňe joralaryndan galyp, öňem-ä ýekemen halyna halys ýeke öýlüniň horazyna dönmezlik üçin, özüne zor salyp öýlerinden bärligine gaýdan Maralyň bolanja keýpine-de sogan dograldy. Ýeri indi deňze çenli, şeýle halda, özüniň bardygyny-da duýman, tutuş durky-düýrmegi bilen degişme-henege berlip oturan Mahmyda gaharlanyp gitmeli bolaýarmyka? Awaza çenli ýolam-a uzakdyr. Şol alys ýolda-da, bu özüne sataşman geçen sataşman geçmiş hakda öýkeli hem gaharly oýlara gümra bolup, üstesine-de, gaharlanýanyňy-gabanýanyňy, şol bir wagtda-da öz ýanyňdan onuň her bir hereketinden doýup-ganyp bilmeýändigiňi hiç kese bildirmezlige çytraşyp, öz-özüňi otdan alyp suwa oklap barmaly bolsaň bolaýjak indi. Başga sütemem gerek däl onsoň…
Maral gaşlaryny çytdy-da, nädibem bolsa, Mahmytdan, onuň her bir hereketini gapyp alyp, synlap-seljerip durmakdan, näzik gursagyna gysymlap-gysymlap köz guýlana dönderýän hem ezýetli, hem lezzetli pikirlerdir-duýgulardan ünsüni sowmak üçin sebedinden täze satyn alan, daşy haşamly kitabyny çykardy-da okamaga başlady. Birsellem daş-töweregindäki topardaşlarynyň şadyýan gowruna baş galdyrman, gulaklaryna barmaklaryny dykyp diýen ýaly okady. Okady. Ýapyrylyp, bar ünsüni öňündäki sahypalaryň ýüzüne nagyş edilen setirlerde jemläp, okady. Emma, birhaýukdan soň ýaş gyz eýýam kitabyň ençeme sahypasyny okadym edip beýlesine agdarsa-da, “okan” ýerleriniň ýekeje sözüniň-de aňyna girmändigini duýdy. Haýp saňa, kimem bolsa, bu kitaby ýazan ýazyjynyň öz setirlerine siňdiren yhlasy hem zähmeti! Maralyň ähli pikirlerem-duýgularam edil nirä kowsaňam aýlanyp-dolanyp nowa garşy geliberýän iýmçi tokly dek, bir tazygyp başga ugra giden ýalam edýärdiler-de, sähel salymdan ýene-de Mahmytly oýlanmalara garşy güwläp gaýdyberýärdiler.
Kitap okap ünsüni sowup bilmejekdigine mazaly göz ýetiren Maral ony ýapdy-da, dagy alajyny tapman, göwnüni elesledýän oýlanmalara berildi. Näzeniniň kakabaş hakydasy hem Mahmyt bilen özüniň ilkinji duşuşygy hakyndaky üstünden ýyl yzyna ýyl öten ýatlamany niredendir bir ýerden agtaryp-tapyp getirdi-de, doňýürek keýpihonluk bilen onuň hyýalynda janlandyrdy…
…Ilkinji okuw ýylynyň başlanmagyna sanlyja gün galypdy. Henizem özüne ýokary okuw mekdebine giriş synaglaryndan üstünlikli geçmek bagtynyň miýesser edendigine doly ynanyp bilmeýän Maral, goşlaryny süýräp umumy ýaşaýyş jaýynyň girelgesine golaýlap gelýärdi. Nowbahar gyzyny ömründe ilkinji gezek öýünden özge ýere ýatymlyk ugradyp görýän ejesi, garabagyrlygyny edip: “o-da gerek bolar, bu-da gerek bolar, muny iýersiň, muny geýersiň” diýip Maraly adam ýaşamaýan alys bir ada ugradýan ýaly, onuň ýüküni gaty gaýym tutupdy. Her elinde bir sebet, gerşinde-de ýene biri, Maralyň beýle ýüklere werziş bolmadyk göwresi ýegşerilip, ýere sokulyp gelýärdi. “Durnanyň üstüne urna” diýleni, soňky deminde umumy ýaşaýyş jaýynyň gapysyna ýeteni hem şoldy welin, kimdir biri aňyrdan bat bilen gelşine, girelgeden dazlap çykdy-da, Maraly öküz süsen çalamydar haýada dönderäýdi. Zanny ýuwaş bolandygy zerarly, aňsat-aňsat adama gaty-gaýrym söz diýýän däldir welin, Maral çar ýana zyňlyp giden sebetlerini çöpleşdirip durşuna, özi bilen çaknyşana tarap gözlerini hem götermän, nädip:
-Gözüň körmi ahyry, göle haýran!-diýip hüňürdäp goýberenini duýman galdy.
-Wah, seniň ýaly gül jemally, aý bakyşly jenanyň görk-görmeginiň şöhlesinden ýaňa gözüň görmeg-ä beýle-de dursun, görgürleriň serkerdesi bolsaň-da salym salman garagyň gapyljak ahyry!-diýip ýaňky süsek, degişýändigi bildirip duran äheňde henek etdi-de, haýdan-haý Marala kömek edip başlady.
Gabaklaryny galdyran dessine özüne tarap akylly garagolluk bilen dikanlap duran goňrumtyl-gara gözleriň dogumly garadangaýtmazlyk bilen lowurdap-lowurdap gidişine gözi düşen Maralyň, birdenkä, näme üçindir süňňüne gowşaklyk aralaşdy. Ýigit tohumyndan, jigileridir-garyndaşlaryndan özge hiç kes bilen içgin degşip-gepleşip görmedik gyzyň ýüzi gyzaryp gitdi. Ilk-ä aljyrap lam-jim bolup durubererli göründi welin, hernä, bir ýerlerden gaharjaň gyz tosunlygy peýda boldy-da, dadyna ýetişäýdi. Maral özüniň näme edýändigine-de düşünmän:
-Getir hany bärik, munyň suwjaran bolşuny-la, gyz! Ondan-a git-de gözüňe äýnek dakyn ýa-da maňlaýyňa çyra oturt!-diýip gaharly sözleri yzba-yz suňşuryp goýberdi-de, sebedini süsek ýigdiň elinden siltäp aldy. Garaşylmadyk ýagdaýda gyzyň özüne dözümli darabermegi biraz sussyny basan ýaly etse-de, ýigidem gep alyp galaýmady:
-Be-be, bujagazyň bolan bolşuny-aý! Näme, men bilgeşleýin etdimmi, diýsene?! Gören bolsam, heý seniň ýaly degen ýerini awudyp barýan şerebeli diliň eýesini süsjekmi, men! Beýledigiňi bilen bolsam, süser ýaly başgasyny, birneme ýuwaşragyny gözläp iberibermeýäsmi bizler!
-Diliňi başyňa çeýnemesene, haýran!-diýip Maral ýüzüni bürüşdirdi-de, sebetleriniň gabat gelen ýerinden ýapyşyp-süýreşdirip, onuň deňesinden ötüp ugrady.
-Äýnek bilen çyra diýdiňmi, gözel gyz?! Äýnegi-i nädeýin ýarym bolmasa, çyrany-y nädeýin agşam gelmese…-diýip hiňlenjiräp, eňegine jaň dakylan ýaly gepleýän süsek ýigit Maralyň tasanjyrap-siltenjiräni bilen onuň yzyndan galaýmady. Gaharyna daş-töweregindäki hiç zady saýgarmaýan gyz, lifte üns bermän “haş-haşlap” basgançaga galyp ugranda bolsa, ylgap baryp ýene-de onuň sebetlerine ýapyşdy:
-Dur ahyry, gaharjaň gyz! Men saňa kömek edeýin! Onsoňam men seniň göwnüňe deger ýaly hiç zat diýemok ahyry! Ötünç soranymdan soňam bir säwlik üçin beýle ýanyp-tütäp, tutaşyp bilmän burugsap durmak bolmaz-a. Galyberse-de okuwy beýdip öýkeleşmekden başlamaly, birdenkä ikimiz topardaş bolup çyksak, atdanlykda bolan zat üçin bäş ýyllap öýkeleşjek ýörjekmi?! Halys gaty gören bolsaňam, eger isleseň men seniň sebetleriňi gerşime alyp girelgäniň agzyna gelen bolaýyn welin, senem basgançakdan aşaklygyna bat alyp gaýt-da meni süsüp gör-äý bolmasa! Belki içiň sowar, şeýtseň!
Şonda Maral alçak ýigdiň bu gürrüňlerine ýumşap, ýylgyrypdy. Onsoň olar iki bolup gyzyň goşlaryny onuň otagyna eltipdiler…
Göräýmäge olaryň arasyndaky bu oslagsyz duşuşygyň soňy ýakynlyga ýazyp gidäýjek ýalydy. Çünki söýgi hakynda kitaplaryň hemmesinde şeýle bolýardy. Tötänden duşuşyk, gatyrganmalardyr-gaharlanyşma, soňra ýaraşmak, soňra ogryn-dogryn bakyşlar, iň soňunda-da söýgi…Emma durmuş kitap däl, onda ähli zat kyssanyň sýužet ýordumynyň mantygyna eýermeýär. Onuň öz mantygy bar, öz akymy bar. Çünki ony ýazýanyň häsiýeti başgarak.
Maral bilen Mahmydyň duýdansyz duşuşygynyň dowamy hem şeýle boldy. Bu duşuşyk Maral-a täsir etmelisi ýaly etdi. Alçak hem şadyýan, dili ýiti ýigit ýaş gyzyň hakydasynda orun aldy. Öz çensiz-çaksyz şadyýanlygyndan özge hiç zada baş galdyrman ýören Mahmyt bolsa diňe bir Maral-a däl, umumy ýaşaýyş jaýynda ýaşaýan gyzlaryň ählisine-de biparhdy. Gyzlaryň hiç biri bilenem onuň gatnaşygy gülüşmekden-degişmekden aňryk geçmeýärdi. Misli onuň kakabaş kellesinde bigam agaýanalykdan özge hiç zada orun galmadyk ýalydy...
Mahmydyň özüni alyp barşynda, hüý-häsiýetinde Marala tükeniksiz ezýet berýän zatlaryň esasysy-da şudy. Ýeri bolýar, başga biri bilen halaşyp ýören bolsa ýa-da özi agras bolup, ylym-bilimden ýa-da haýsydyr bir başga, özünden özge ähli zady kör etmäge mejbur edýän hyjuwyň ser-sepili bolup ýören bolsa...Ýog-a, hyjuw nirde, gatnaşyk nirde?! Hemişe “hi-hi-hi” bilen “ha-ha-ha” bolsa bolýar, oňa! Başga zat gerek däl ahyry...
“Ýeri munuň nämesine imrigýäň ahyry? Hiç bir çynlakaýlyk düşnügi ýok ahyry, munuň!” diýip Maral durşy bilen gülkä öwrülip oturan Mahmydy gabak astyndan synlap durşuna ol hakda nägile oýlandy. Emma bada-badam özüniň ony hut şu tükeniksiz şadyýanlygy üçinem gowy görýändigini duýdy. Wah, şu, sebäp bolsa-bolmasa ýylgyrmaga taýyn bolup duran ýüzi gursun, wah, şu, mydama göwnaçyk kinaýa bilen gülümsiräp duran gözleri gursun, wah, şu, özüne degene-degmedige henek oklamaga taýyn bolup, haçan görseň gijäp duran dili gursun... Oňa imrindirýänem şolar, ýigrendirýänem ýene-de şolar...Dolup-daşyp söýdürýänem şolar, içiňi ýakypjyk köýdürýänem... Wah, esasy ýakýan zadam, saňa näme bolanda näme, ýanýanyňam onuň piňine däl, köýýäniňem... Hanha, seret, iň bärkisi seniň bardygyňy-da duýanok ol, iň bolmanda ýeke sapar dagy yzyna garasyn-da... Äňetmänjik geçer, äňetmän geçen äňetmän geçmiş...
Maral göýä, özüniň ähli pikirlerini bilip durubam, Mahmyt içini ýakmak üçin, bilgeşleýinden özüne garşy seretmeýän ýaly, öz-özünden beleň alyp torsaryldy-da, ala-hasyrdy bolup, tasanjyrap sebedinden eltelefonyny aldy. Onda ary köýen ýaly gazap bilen düwmelerini basyşdyrdy. Kinniwanja diňleýiş esbabyny gulaklaryna dykdy-da, gözlerini ýumup aýdym diňläp ugrady. Emma aýdymyň sesi näçe gaty bolsa-da Mahmyt hakynda pikirler Maralyň aňyny terk edip gidibermediler.
Şo-o-l gün şonuň bilen gabatlaşaly bäri, onuň ömrüniň her güni, her pursady şeýledi. Ýaş gyzyň gögele aňy üçin, ýeriň ýüzünde şondan özge pikirlenmäge pikir, ölçerip-dökmäge alada gutaran ýalydy...Mydama şol, hemişe şol...Ha otagynda syr-süpür ýa-da tikin-çatyn bilen meşgullansyn, sapaklaryna taýýarlansyn, ha umumy aşhanada biş-düşe gümra bolsun, ha deňdeşleri bilen seýilgähe gezime çyksyn...Ha öýde bol, ha okuwda...tapawudy ýok, hemişe onuň aňynyň bir äpet künjünde şol hakdaky oýlanmalar, ýatan ýerinden iýip-iýip kümä dönen, semizliginden ýaňa tulkuldap duran şermende heleý ýaly güberilip ýatyrdylar...Kowsaňam tapawudy ýok olar üçin, itseňem peýdasy... Ol oýlanmalar binamys bihalaýalygyny edip yş tapdyklary ýaş gyzyň göwnüne sümlüp girip, onuň gögele gursagyny gyzgyn alas-gopaslykdan mydama dolduryp durýardylar... Bu tükeniksiz tükeniksizlikden heý dynyp bolmazmykan?!...
Maral gözlerini açdy-da, gulagyndan diňleýiş esbabyny aýyrdy. Şol pille-de hälden bäri ýeňsesine gaňrylman gepe-gürrüňe başagaý bolup oturan Mahmyt näme üçindir yzyna garşy garap goýberdi welin, tötänden onuň nazary Maralyň garaýşy bilen sataşdy. Oslagsyzlykdan ýaňa gyzyň ýüregi jigläp gitdi. Mahmydyň gözleri bada-bat başga tarapa gönügibermän, näme üçindir onuň ýüzünde sähel salymlyk säginenlerinde bolsa, Maralyň süňňüne ýeňiljek galpyldy aralaşdy. Ol aljyrap nädip gözlerini ýumanyny hem duýman galdy... Waý, utançsyz bihaýany! Näme beýle tiňkesini dikip seredýärkä? Ýa-da aňaýdymyka? Ýa-da kimdir ilgezik biri “şeýle-şeýle” diýip şugullaýdymyka? Waý, men ýüzügarany? Birden bu haýran aňan bolaýsa!...
Gözleri ýumulgylygyna aýdym diňleýän kişi bolan bolýan Maral hol aşakdan, aýagynyň barmaklarynyň ujundan lap-lap gyzyp ugran gyzgynlygyň assa-ýuwaşdan süýşüp-süýşüp ýüzüne golaýlap gelýändigini syzdy. Ony utanç basmarlaýardy. Wah, şu mahal, bir üýtgeşik jadyly doga bilýän bolaýsaň, şony sarnaşdyraga-da, çüfläp, öz demiňi özüňe urup, hemmeleriň gözünden zym-zyýat bolaýsaňdyň! Diňe onuň ýeke özi däl-de, ýanyndakylaram aňan bolaýsalar...Hiýh!...
Gözleri ýumulgy Maral nädip içini çekenini hem duýman galdy...A birdenkä...mugallymymyz hem duýan bolaýsa...Waý, utançsyz bihaýany!...
Maral gözi bilen görmese-de öz ýüzüniň çym-gyzyl bolandygyny on iki süňňi bilen syzdy.
-Topardaş, sen-ä özgelere päsgel bermän aýdym diňlemegiň täze bir usulyny tapypsyň öýdýän, biz-ä aýdym diýlenini diňleýiş esbaplary bilen diňlenilýändir öýdýärdik welin, elbetde: “bu göreniň erte ýok” diýleni, ösüşden yza galýan bolaýmagymyz hem ähtimal, biziň...
Dik depesinden eşidilen bu tanyş sese Maral ziňkildäp gitdi. Gözlerini açan dessine-de, hasam beter uýalyp, olary haýdan-haý ýummaga howlukdy. Gözleri ýumuklygyna-da aljyrap:
-Häh, näme, diňleýiş esbaby diýýäňmi, Mahmyt?! Alyber, gerek bolsa...-diýip samyrdaşdyryp goýberdi. Soňam görmese-de Mahmydyň hut şu pursat özüne mahsus alçak bezzatlyk bilen ýylgyryp goýberendigini duýdy. Onýança onuň gapdalyndaky boş kürsi jygyldady. “Geçip oturdy öýdýän” diýip içinden öwhüldili oýlanan gyz hasam aljyrap gabaklaryny göterendigini duýman galdy. Gözlerini açan dessine-de Maralyň alma gözleri özlerine tarap garagol şadyýanlyk bilen garaýan gözleriň bakyşyna sataşdy. Emma hemişekisinden tapawutlylykda, bu mahal ol gözleri dolduryp duran bezzat alçaklygyň aňyrsynda çensiz-çaksyz mähir alawy uçganaklap durdy. Gyzyň demi tutuldy. Tolgunjyndan ýaňa gany depesine uranyndanmy nämemi onuň gulaklary awtobusy dolduryp barýan deň-duşlarynyň gowur-gykylygyny eşitmesini-de goýdular. Şol pille-de Maralyň gözleri Mahmydyň dodaklarynyň haýsydyr bir sözleri sessiz pyşyrdaýandyklaryny saýgardy. Dessine hem onuň sözlerini eşitmese-de Maral onuň aýdýanlaryna gözleri bilen däl-de, ýüregi bilen, tutuş durky-düýrmegi bilen, ähli özi bilen düşündi:
-Maral, ikimiz bir açyk gürrüň etmeli. Şu wagta çenli ýanyňa gelip bilmän, agraslygyňdan, gaharjaňlygyndan eýmendim ýördüm. Meni bagyşla, ýöne indi halys sabry-kararym galmady! Ursaňam-sökseňem, öz eliňde! Ýöne mundan buýana aýtman-a gezip biljek däl! Ýalkasaň ýaz bolsam-da, gargasaň gyş bolsam-da, men-ä ilkinji gezek seni görelim bäri sen hakda oýlanmadyk ýekeje günüm ýok, pikirlenmedik dynnym ýalyjak pursadym ýok. Açsaň-a aýaň-da meniň ykbalym, ýumsaňam ýumrugyň-da, emma men-ä sensiz mundan buýana geljegimi göz öňüme getirip hem bilemok-diýip pyşyrdaýardy olar…
2012ý.
©Arslan Aýnazarow File engine/modules/thanks.php not found.