*****

Hemme zat umyt edişindenem gowy boldy. Başlarda haçan görseñ ýüzüni salyp, gözüni däliñ belläni diýen ýaly bir nokada dikip, agzyndan atagzy bilenem söz alyp bolmaýan Ýakubyñ ýüzem açyldy, dilem. Öñler "Oglum bu gün näme nahar iýesiñ gelýär" diýen sowala "Aý, eje, meñ-ä şu günler işdäm ýok. Enem dagyñ islegine görä edibersene" diýýän ogly indi şol sowala "Ýyrş" edýär-de göwnündäki nahary aýtmaga durýar.
Aralarda aşa horlananlygy bildirip durdy welin, indi-hä ýüzi tegelenäýipdir tüweleme. Adam pahyryñ başyndan ötmejek yza ýokdur görseñ. Diñe ölene çäre ýok diýmeseñ.
Mamajan oglunyñ gaýgy hesretden açylaşanyna begenmek begendi. Daşyndan syr bildirmese-de mälim wakadan soñ oglunyñ bir bolmasyz iş edibererinden howatyrlanypdy. " Men söýmesemem söýgä sençe düşünýän-ä balam. Janyña kast edibermeseñem ýagşydyr" diýip, ogluna gaýybana ýüzlenerdi. Öýdekä daşda-içde pynhan yzarlardy, okuwyna gideninde ogluna duýdurmazdan ýyllykdaşlaryndan habaryny alardy. "Dostuma" diýip, gidiberse-de , (dogrusy bu juda seýrek bolardy, Ýakup Aýnabatdan soñ ýekelige werzişdi) şol dostunyñ änigine-şänigine ýetmän goýmazdy.
Ol günleriñ bary yzda galdy. "Günüñ iñ garañky pursatlary gün dogmazyndan öñünçädir" diýip kim aýdanam bolsa dogry aýdypdyr diýip oýlady Mamajan. Ýazyja-şahyrlara kän düşünibem baranok welin, olaryñ kä pikirleri ýüregiñe jüñk bolaýýar. Işdeşi Meñlem goşgy ýazýar. Onuñ goşgusy-ha asyl düşnüksiz. Mahal-mahal adyna "Imo" diýilýän ýoñ bolan internet gurşawynda duşanynda Meñliniñ goşgularyny telefonynyñ ýadynda alyp galsa-da, ony halaýan diýip bilmez.

*****
Kim aýdypdyr bir ömürde ýeke gezek yşka düşülýär diýip?! Ýakup nädip täzeden söýenini özem duýman galdy. Söýgi şeýle täsin duýgy bolmaly. Ýyllykdaşy Maralyñ görklüligem görklüligi welin, edep-ekramy ýigdi has bendi etdi. Barybir, süýtde agzy bişeniñ suwuny üfläp içjekliginiñ ujy iki däldi. Maraly mazaly sorady, idedi. Asylly maşgaladygyna göz ýetireninden soñam synlamagyny dowam etdi. Kelç-külç hereketine gözi ilmedi. Ahyry göwnüni bire baglady. Ýüzbe-ýüz gepleşsinmi, jañ edip aýtsynmy, ýa könekileriñ edähedi boýunça hat ýazsynmy bilebilmän jowrandy. Dosty Durdymyrada sala saldy. Onuñ maslahatyndan ekezlenip, gyzy ilki dost hökmünde özüñe öwrenişdirmeli diýen netijä geldi. Bile gidilen kinolar, gezelençler, konsertler... Paýtagtyñ kaşañ ymaratlary göýä aşyklaryñ wagtyny hoş geçirmegi üçin bina edilen ýaly. Olaryñ ählisi ýaşlaryñ biri-birine barha ysnyşmagyna getirdi.
Oglunyñ bu gezekki saýlap tutan maşgalasynyñ özge welaýatdandygyny Mamajanam, beýleki hossarlaram oñaýsyz hasap etmedi. "Hemmämizem bir türkmen. Welaýatparazlyk ýaly kemsidiji gylyk ýok" diýdiler. Sähetli günleriñ birinde "Niredesiñ Mary?!" diýip, ýola düşdüler. Mamajan ýolboýy içinden "Şu gezek bir ýalñyşan bolma-da balam!" diýip, gaýtalady oturdy. Ony howatyrlandyrýan zat "Il-gün näme diýer?" düşünjesi däl-de, ýene bir ýola allanaýsa Ýakubyñ gyzlara bolan garaýşynyñ üýtgemek ähtimallygydy.
Marallaryñ maşgalasy Mamajanlardan has gurply eken. Gyzynyñ halaşandygy baradaky gürrüñ Maralyñ kakasyny kejikdirdi. Diýseñem, ýeke gyzynyñ göwnüni ýykmady. Mamajanlara ýyly söz berildi.
Hoş habary işdeşlerine buşlanynda Meñli ýene onuñ degnasyna degjek gepi tapdy.
- Bäri bärden gyz tapmandyrmy?
- Töweregimizdenem tutup gördi-le balam. Nätjek mañlaýyna ýazylmasa.
****
Gör-le ykbalyñ işini. Aýnabat aýrylyşyp gelipdir. Gaçyp baran ýigdi özünden on ýaş ulymyş. "Meñ gül ýaly oglumy harlap, oñly güne düşerin öýtdüñmi tula?! " diýip, Mamajan Aýnabada gaýybana haýbat atdy. Abraýly maşgalanyñ perzendini törüne geçirjekdigine, söwer oglunyñ bagtlylygyna buýsandy. "Hudaý jan köp görmesin!"
*****
Mamajany birnäçe gün bäri endamyndaky çişler bimaza edýärdi. Öñem semiz däldi ýöne, bir-iki aý bäri göz-görtele horlanypdy. Ýuwdunanynda kynlyk bilen ýuwdunmagam durnañ urnasy.
"Gorkanym bolmawersin-dä Allajan". Howsalaly duýga mundan artyk çydap biljek däldi. Işe barmady.

Dowamy bar.





File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Belki tarapyndan 8-09-2023, 16:59

  • Ishan Ishan off № 1 8 сентября 2023 21:32
    Galamyñyzyñ ujy yiti bolsun. Dowamyna garashyan.
    Jogap
  • senyorita. senyorita. off № 2 8 сентября 2023 22:07
    Ýaňy oglunyň bagtyna guwanyp başlanda keselläýýämi görgüli?
    Jogap
  • Belki Belki off № 3 9 сентября 2023 06:35
    Ishan, minnetdar!
    Jogap
  • Belki Belki off № 4 9 сентября 2023 06:37
    Senyorita, dowamyny oka, bilersiñ.
    Jogap
  • mrokas mrokas off № 5 9 сентября 2023 07:17
    Käwagt özüňi duýgusyz ýaly duýmak nähili duýgyka şü..
    Jogap
  • senyorita. senyorita. off № 6 9 сентября 2023 08:06
    Belki,
    Salam, dowamyny goýup ýetişseňiz okajak-la)
    Jogap
  • Belki Belki off № 7 9 сентября 2023 10:02
    Mrokas, meselem haçan?
    Jogap
  • Tunis Tunis off № 8 9 сентября 2023 10:42
    mrokas,
    Sen duýgusyz däl onda. Duýgusyz ýaly duýmak eýýäm sende duýgy bar. Ozundaki duygulara dusunyan dalsin ya bir yetmezciligin bardyr:)
    Jogap
  • Sabyrly Sabyrly off № 9 9 сентября 2023 11:04
    gowy berekella üstünlik
    Jogap
  • mrokas mrokas off № 10 9 сентября 2023 11:18
    Belki,
    Esasy onuň haçanlygy möhüm däl näme üçinligi, eger gyzyk bolsa haçanlygy aýdybam bilerin soňky 4,5 günlikde. Indi ýansaňam bir sönseňem diýen ýalyrak duýgusyzlyk.
    Jogap
  • mrokas mrokas off № 11 9 сентября 2023 11:21
    Tunis,
    Belki şeýledir ýöne men özümde näme bolup geçip durandygyny düşnüp duryn. Kitap okap otyrkaň bir sahypany dynyp milli sekuntlaryň dowamynda ikinji sahypa geçme aralygy bara edil şojagaz pursat meniň ömrümde bolup duran ýaly..
    Jogap
  • Belki Belki off № 12 9 сентября 2023 11:25
    Mrokas,biparhlyk diýýäñ-dä. Bar zada biparh garamak. Erbet duýgydyr.
    "Seni gozgamasa beýik ýaşaýşyñ çözülen hem çözülmeli mataly" diýýär-ä Gurbannazar.
    Jogap
  • Belki Belki off № 13 9 сентября 2023 11:26
    Sabyrly, minnetdar.
    Jogap
  • Ýene Ýene off № 14 9 сентября 2023 15:30
    mrokas,
    Dusundim. Namesi uytgesik. Bu tegigatyň kanuny ;)
    Mendede sahypa tazelenjek bolup dur su wagt. Belki soň "ýalňyşypdyryn" diýdirmesin :)
    Jogap
  • mrokas mrokas off № 15 9 сентября 2023 16:11
    Belki,
    Dogry men fiziçeski şu durmuşda ýaşap ýörün emma ruhum başga bir älemde özüne rahatlyk gözleýär. Durmuşyň bir topar problemalary bedenimi it talan ýaly edip ýatyram welin ruhumyň piňinedem däl şol aýlanyp ýörşi...
    Jogap
  • mrokas mrokas off № 16 9 сентября 2023 16:14
    Ýene,
    Şu tebigatyň kanunlary bilen ylalaşygym gowy däl. Eger edýän kakaryň soň "Belki etmesedim" diýdirmegi mümkin bolsa onda bir karara gelmänkäň gowy pikirlenmeli. Iş, biznes bolsa töwekgel edeniň zyýany ýok welin gelýän kararyň kimiňdir göwni bilen baglanşykly bolsa gaýta gaýta pikirlenmeli..
    Jogap
  • Pakize Pakize off № 17 9 сентября 2023 21:38
    Dowamyny goýaýyñda
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler