(hekaýa)
Altyn alma, alkyş al.
(Nakyldan)
Meniň bu waka hakda ýazmagyma eserdäki baş gahrymanyň ýeňil bolmadyk durmuşynyň ajaýyp soňlanmasy sebäp boldy.
Bu waka şeýle başlandy...
Bahar paslynyň gelmegi bilen igdeleri pyýadalaryň geçýän insizje ýoluna dökülip duran, daşyna diňe sim çekilen diýäýmeseň, başga goragy bolmadyk kiçiräk mellek ýerdäki güller açyldy. Gülleriň ysy her hili möjejikleriň ysy bilen garyşyp, adamlaryň ýaz möwsüminden dem alýandygyny unutmaga mümkinçilik berenokdy. Mellek ýerdäki erik, alma, igde, beýi agaçlary garyşyk ýagdaýda ekilensoň, ulularyň diýenini höwes bilen ýerine ýetirýän çagalaryň alma derek beýi ýygyp geläýmek endigem bardy. Ine, şol etrap merkezindäki iň uly erik agajynyň otuz ýyldan bäri bolelinlik bilen getirýän miweleriniň eýesi bolan atamdyr enemiň güllerden hem her hili yslyja otlardan, miwesi hiç bir ýylda-da egismeýän baglaryndan ybarat bolan mellek ýeriniň aýagujunda, has dogrusy, aýaly aradan çykyp, onuňam ýerine azerbeýjan aýal alan Gurban agalaryň melleginiň başlanýan ýerinde on-on bäş sany towukdan we bir adamçyl horazdan ybarat bolan towuk ketegi bardy. Soňlugy bilen enem Gurban agalaryň mellegi bilen öz melleginiň “serhetleşýän” ýerine-de sim çekdi. Sebäbem-Gurban aganyň “orada, burada” diýip gepleýän, ilki göräýmäge sag adamdyr diýen täsirem döretmeýän gohçul aýaly boldy. Nämemişin enemiň towuklary onuň mellegine geçip, ysmanaklaryny çokjalaýarmyşyn. Ýeri, beýnisi guşuňky ýaly towuklara şol ysmanaklaryň Aziza gelnejäňkidigini nädip düşündirjek?! Olar üçin çäk diýen zadam ýog-a. Olar ýaly “syýasy”düşünjelerden diňe adamlaryň başy çykýar. A towuklaryň pikiri boýunça ysmanag-a ysmanak, ony hem enemiň men ýaly wagtly-wagtynda naharlaman, mellege kowup goýberýän paňkelle agtygy barka, iýmek gerek!
Boýun almaly, towuklara berýän bu “azatlygym” üçin men gaty köp kötek iýmeli bolýardym. Ýöne ejemiň aýdyşy ýaly:”Guýmagursak bolmasa, dürtmegursak neýlesin?!” Şu zatlaryň hemmesini göz öňünde tutup, enem otuz ýyllap araçägi bolmadyk mellek ýerine sim çekdi goýaýdy. Onsoň ne men Gurban aganyň ertirden agşama çenli idegi bolmadyk ördekler ýaly, gabat gelen ýerinde sermenşip ýören çagalary bilen oýnap bildim, ne-de olar hiç kimiň penjireden seretmeýändigine göz ýetirip, bişen eriklerden ogurlap iýip bildiler. Aý garaz, okuw ýaly kellagyrdyjy zatdan halas bolmak üçin oýnaýan her bir oýnumyz düýşlere siňip gitdi. Menem her gün irden gyralaryna ders dökülen towuk ketegiň gapysyny keýpsizlik bilen açyp, iým berýärdim. Towuk ketegiň “erkin ýaşaýjylary” bolan towuklaram petekesini gaýşardyp, özlerini edil hanymlar ýaly alyp barýardylar. Wagtly-wagtynda iým berilýändigindenmi nämemi, olar soňabaka uzadýan dänelerimi göwünsizlik bilen çokalap başladylar. Menem içimden:”Size Aziza gelnejäniň ysmanakly mellegi gerekdir, hää? Belaň sapyny iýersiňiz. Indi nesip bolsa, berýänýumurtgaňyzyň hasabyna alynýan iýmden gözüňiz açylmaz” diýýärdim. Soňam towuklaryň naýynjar gözlerine duýgudaşlyk bilen seredip:”Menem Gözel bilen suwa düşmäge gidäýjekdim” diýip, uludan demimi alýardym.
Ol günem hemişekiler ýaly, onuň alyhezretleri towuklara we menden başga kimi görse-de topulýan adamçyl horaza iým eltdim. Görsem, towuk ketegiň agzy açyk. Men:”Towuklar zulma çydaman, gaçypdyrlar-ow ahyr”diýip, içimden pikir öwürdim. Ýöne towuklaryň nirä gidenini bilmek kynmy nä? “Towşana dogduk depe” diýlişi ýaly, olaryň Watany Aziza gelnejäniň ysmanakly mellegidir-dä...
Elimdäki iýmli gaby ýere goýdum-da, gözenegiň aňyrsyndan ýakynlaryny görmek isleýän tussag ýaly, simden çekilen araçägiň aňyrsyndan ysmanakly mellege seretdim. Gözüme ilen zat bolmady. Edil towuklaryň bary üýşüp, gizlenpeçek oýnap ýören ýaly bolup gitdi. Wah, adyny tutup gygyraýyn diýsem, towuklarda at hem ýog-a. “Adyň- soruň ýokmy, otur-da ketegiňde” Meniň barha gaharym gelip başlady. Gyzma hem gaharjaň adamdygymy düşündirmegiň geregi ýok bolsa gerek. Şonuň üçin maňa öýdäki iň jogapkärli işi, ýagny enemiň arzyly towuklaryny iýmlemek işini ynanýardylar-da. Men ahyry”Towuklar bolmasa, adam ady eken-dä” diýip, bogazyma saldygyndan gygyrdym:
-Aziza gelneje-e-e, Aaa-ziza gelnejeee!
Hiç kim “hä” bermedi.
-Gö-ö-zee-el!
Ýene hiç kim “hä” bermedi. Men tas towuk bolubam gygyrypdym. Käkeläýin diýip agzymy açýançam, her gün her hili wagtda, käte meniň towuklarymdanam ir turýan, käte Gün guşluk bolýança-da turmaýan Aziza gelneje bulaşan saçlaryny ýaglygyna saljak bolup, azara galýan ellerini daldalatdy:
-Aý gyz, burda ne gäzirsän?
Ol nämedir bir zady bilesi gelýän adamyň höwesjeňligi bilen, göwresini yzda goýup, kellesini öňe uzatdy.
-Aziza gelneje, towuklarymy görmediňmi?
Men, hamala, erbet bir zat soran ýaly düýrükdim. SebäbiAziza gelneje”Towuk” sözüni eşidenden, öňe uzadan kellesini yza çekdi. Ýigrenji mesaňa-mälim bolup duran ýüzüni bolubildiginden çürüşdirip heňkirmägä başlady;
-Burda töýüh var?
Ol höwes bilen goşgy okaýan çaganyňky ýaly elini hereketlendirip:
-Män sänin töýühlaryňy ne gaýirim?-diýdi.
“Gaýirim” sözüne düşünmänimden soň, kyn günde galan bendäniň umytlylygy bilen:
-Hä, olar gaýra gitdilermi?-diýip, elimi, hudaý bilsin, haýsy tarapa gönükdirdim. “Gaýra” sözüniň tarap aňladýan haldygyndan başga bilýän zadym ýokdy. Şol aljyraňňylykda elimi uzadan tarapymda Aziza gelnejäniň öýüniň bardygyna, elbetde, towuklaryňam öýüň üstünden uçup geçip bilmejekdiklerine üns bermändirin-dä. Maňa diňe towuklarymyň bir ýerde bardygy ýeterlikdi. Aziza gelnejäniň ysmanakly melleginde bolmasa-da, garaz, ýagty jahanda gezip ýörendigini bilmegem meni ynjaltjakdy. Meniň düşen ýagdaýymdan bihabar, onsoňam öýüne tarap elimi salgamsoň, hasam öjügen, üstesine-de, araçäk çekilmeginiň baş sebäpkäri bolan towuklarymyzy ýüregi bilen ýigrenýän Aziza gelnejäniň gany depesine urdy:
-Onlar eve gonahlyga çaý içmäýe gäliflär?
Ol kellesini yralap, ýaňsylaýjy äheňde sorady.Men towuklarymyň Aziza gelnejelerde çaý içip oturşyny göz öňüne getirdim-de, pyňkyryp goýberdim. Bu “edepliligime” Aziza gelneje bolmajysy boldy. Elini bykynyna urup, ömür türkmençe geplemedik halyna tas türkmençe diýen ýaly gygyrdy;
-Ýoh bol, buradan! Get var!.
Nirä gitmelidigine düşünmesemem, yza çekildim. Men onsuzam öz ýerimizde durdym ahyryn. “Bäh, Aziza gelneje gaty höküm-laý” diýip, içimden pikir öwürdim. – Geldi-de, entek men dogulmankamam, goňşy bolup oturan Gurban agany biz bilen ters edäýdi” Men umytsyzlyk bilen dem aldym. Towuklar nirä gidip biler?!Onsoňam bu wagt ysmanak ýogam-a melleklerde.
Men ýüzümi sallap, mellek ýerdäki güllerden, ýagny meniň iň gowy görýän gülüm bolan kyrkgatdan desse bogup oturan enemiň ýanyna bardym.Şol wagtlar goşgy ýazýardym diýsem-ä ýalançy boldugym bolardy. Syrymyz bolup galsyn welin, ejem:”Ýene ýüz ýyl pikir edibem senden şahyr çykar diýen netijä gelmezdim”diýýär. Aý näme, olar ýaly bolsa, meniňem jogabym taýýar:”Genileri geniý däl ejeler dogurýar” Arman, bu jogabymam ejemiň hiç haçan pikirini üýtgedip bilmedi-dä...
Enemiň boýy kelte bolansoň, gülleriň arasyndan maňa soragly seredýän gözleri henizem ýadymda. Enem hakda ýazan “Oýa:r meni” atly goşgymam hut şol wagtky täsirlenmäniň netijesinde döräpdi:
Şol gülleriň arasyndan,
Güllän gözleň aýar meni,
Ynam bilen ýiten enem
Ynamlaryň oýa:r meni.
Men eginlerimi gysyp, enemiň özüne soragly seretdim:
-Ene, towuklar ýok, gözläbem tapmadym. Aziza gelnejelere-de geçmändir.
Enem gülleri eline alyp, haýallyk bilen mellekden çykdy:
-Töwerekde-de ýokmy?
Men kellämi ýaýkadym. Soňra iki sagat diýen ýaly towuklary gözledik. Barmadyk goňşymyz, barlamadyk köçedir mellegimiz galmady. Hatda, däne saklanýan ambarlara çenli görüp çykdyk. Edil ýer ýuwdan ýaly, towuklar hiç ýerde ýok. Enem maslahatlaşmak üçin bütin maşgalany ýygnady. Ulularyň gepine goşulmaly däldigini bilsemem, ortarada gynanyp oturan eneme dözmedim:
-Ene, bir kitapda-ha okapdym...
Ejem”gepleme” diýýän ýaly gözüni alartdy. Hemmeleriň ünsi maňa dikildi:
-Keteginden giden ördek, biraz wagtdan soň, çagalaryny yzyna tirkäp geläýýär.
Hiç kim gülmese-de, dartgynlylygy gowşatmak maksady bilen gülen boldum:
-Belkem, towuklarymyz köpelip geler, hä?
Menden iki ýaş kiçi jigim sözümi böldi:
-Towuk nä ördekmi? Ördek ýabany haýwan-a.
Men jigime:”Sen nämäni bilýäň-eý” diýip, gygyryp goýberdim. Ejem ikimiziňem elimizden tutup, daşary çykardy. Günortana çenli ulular bir netijä gelipdirler. Gelen netijelerem beýle bir şatlykly däl bolmaga çemeli. Hemmeler nahary höwessiz iýýärdiler. Aýratynam, enem şakäsedäki çorbany göwünli-göwünsiz üflän bolup otyrdy. Men enemden näme netijä gelendiklerini çekinjeňlik bilen soradym. Enem janyýangynlylyk bilen:
-Ogurlapdyrlar!-diýdi. Ýüregim jigläp gitdi. Hemmeleriň juda akyllydyklary üçin soraman oturan manysyz soragyny orta atdym:
-Kim nejis ogurladyka?!
Enem”Bilýän bolsam, şeýdip oturjakmy” diýýän ýaly uludan dem aldy. Nahar iýlip, töwir galdyrylandan soň, duýdansyz ýagdaýda:
-Alany haram bolsun, ütmüşiň-diýip, gargynmaga başlady. Onuň sözüni atamyň:”Goý-aýt” diýen azmly sözleri böldi. Enem hasam ejizledi, gözýaşyny süpürip:
-Wah, içinde jüýje berjek towujagymam bardy-da... ýumurtgadan hezil edäýýädik-diýip, atama seretdi-Bir gowy güýmänjimizdi- diýibem haýaldan pessaý äheňde sözleriniň üstüne goşdy. Enemiň körpe ogly ýerinden gobsundy:
-Towug-a güýjümiz ýetmän duranok-la, eje. Güýmener ýaly ýatakda başga malyň azmy nä?
Enem:”Her zadyň öz orny bar” diýýän ýaly egnini gysdy.
Şol wagtlarda adamlaryň arasynda bir gürrüň ýaýrapdy. Oňa degişme diýjegiňem, toslama diýjegiňem biler ýaly däl. Biziň maşgala agzalarymyzam oňa gaty bir ynanyp barmasalar-da, kimden we näçinji gezek eşidýändigine seretmezden, şol gürrüňi her gezek edil birinji sapar eşidýän ýaly bolup diňleýärdiler. Goňşularymyzyň üýşüp-çaşýan ýerine öwrülip giden öýümize gelýänleriň arasyndan biri eneme ýene şol gürrüňi ýatladypdyr. Ýöne bu gezek başga maksat bilen. Nämemişin enemiň ogurlanan towuklary bilen şol gürrüňiň arasynda nähilidir bir baglanyşyk barmyşyn. Etrap merkeziniň agzybir ýaşaýjylary bolan biziň goňşularymyzyň arasynda dermansyz derde ulaşan, ýoluny-ýodasyny ýitiren ,gije-gündiz hyýaly” Çüýşeden”ybarat otuz-otuz bäş ýaşlaryndaky bir sallah bende ýaşaýardy. Adamlar onuň bilen gatnaşmakdan-a geçen, hiç haçan adynam tutmaýardylar. Diňe ilki göräýmäge, nämä esaslanyp dakylandygyna-da oňly düşünip bolmajak, “garynja” atly lakamyny tutýardylar. (Bu lakam oňa hemişe “zat” daşap ýöreni üçin dakylypdyr) Meniň özümem onuň hakyky adyny ýeke gezek kakamdan eşidip gördüm. Ne gözel at bolmaly. Arman, ýadyma düşenok. Ana, şol hiç kimden goldaw görmänsoň, hemmeleri arkaýyn çürkäp ýören bendäni bir gün irden bazaryň deňinden geçip barýarka, hukuk goraýjy edaranyň işgäri saklapdyr. Onuň ünsüni çeken zat biziň hemmämiziňem ünsümizi çekerdi. Sebäbi “Garynjanyň” elinde köne akkardeon bar ekeni. Ýeri, hemişe iliň zadyny çürkäp ýören adamyň elinde, gel-gel, akkardeonyň bolaýşyny diýsene?! Ogurlykdan bizar bolup, “saz bilen gününi görýändir” diýen pikir etseňem bolardy welin, ol bendäniň beýle ukybynyň bardygyna ol-a hukuk goraýjy edaranyň işgäri eken, hut öz ejesem ynanmazdy. “Garynjanyň” elindäki akkardeonyň özüniňkidigine şübhelenen polisiýa işgäri ondan saz guralyny nämä ýaradýanyny sorapdyr. “Garynja-da” atasyndan miras galan akkardeony ölmänkä çalyp görmek isleginiň bardygyny gürrüň beripdir. Polisiýa işgärem gaty şahandaz adam bolmaly. Akkardeony özi çalyp görmek üçin eline alypdyr. Edil şol wagtam akkardeonyň içinden 2-3 sany towuk pasyrdap uçup gidipdir. Ine, bar gürrüň-ä şulardan ybarat bolmaly. Eneme otly köýnek geýdirip giden aýallaryň biri etrapdaky belli towuk ogrusynyň enemiň towuklarynam ogurlap biljekdigine ynandyryjy delil hökmünde şu wakany aýdyp beripdi. Enemden galan ähli maşgala agzalary beýle zadyň bolup biljekdigine ynanmadylar. “Sebäbi” diýýäňizmi?! Sebäbi şol “Garynja” lakamly, haçan görseň bir zadyň aladasyny edip ýören betbagt biziň goňşymyzdy. Oňa hiç kimiň ýüz bermeýänini ýaňzydypdym. Ýöne, durmuşda juda beýle-de däl ahyryn. Durmuşda kimem bolsa bir rehimdar adam hökman bolaýmaly. Olam meniň sadadan dözümsiz enemdi. “Garynjany” hiç kim öýüne getirmese-de, enem onuň üçin hiç haçan bir döwüm çöregini gaýgyran adam däldi. Ol adamlara kärine görä däl-de, ýüregine görä baha berýärdi. Adamlary hemişe bolşy ýaly kabul etmelidigini bize hemişe ýatladar durardy. Onsoň nädip biz ‘Garynjanyň” enemiň towuklaryny ogurlap biljegine ynanaly?! Hiç hili mukaddeslik bolmadyk adamda-da, beýlekileriň mukaddesligi bardyr ahyryn. Ýöne geň göräýmeli zat, biziň hiç birimiz bu şübhelenmä ynanmasagam, asla birinji ynanmaz diýip hasap eden enemiz birinji bolup ynanaýdy. Näme diýip, näme aýtjak?! Ynam diýilýäni iň güýçli adamlarda-da tükeniksiz däl bolmaga çemeli. Enemiň ortanjy ogly gaharly sorag berdi:
-Ýeri, “Garynja” alandyr diýeniňde-de, subutnamany nireden tapjak? Gözi bilen gören ýog-a, eje.
-Subutnama bolanda, şondan näme alaryn öýdýärsiň?
Enemiň sesi barha batly çykdy.
-Sen ,näme, men on sany towukdan geçip bilmez öýdýärmiň?!
Onuň sözleri howada doňup galyp, hiç kimiň gulagyna ýetmedik ýaly boldy. Bar kişi demini burnundan alyp otyrdy.
-Men ony adammyka öýdýärdim...
Ýene-de dym-dyrslyk.
-Aý, şonda-da görmän “pylan” diýmäli-le. Her kimdenem görse bolar beýle ýagdaýda.
Kakamyň sypaýylyk bilen aýdan bu sözlerine iň bärkisi pitiwa edenem bolmady. “Gurt agzasaň, gurt geler” diýleni. Biziň maşgala maslahatymyzyň üstüne “Garynjanyň” hut özi geläýdi. Men içimden:” Bu günki agşamlygy halamasaň gerek” diýip pikir öwürdim.
Hemmeleriň duman örten ýüzünden nämedir bir zady aňlan “Garynja” ýasama ýylgyrjak boldy. Enem onuň çüýrük dişlerini birinji gezek görýän ýaly ýüzüni çytdy. Gysgajyk hal-ahwaldan soň ol:
-Ogulnäzik daýza, näme towuklaryňyz ogurlanypmy? –diýip sorady.Enem jogap bermäge derek “Garynjanyň” ýüzüne otlukly seretdi. Beýle nazarlara belet bolup giden “Garynja” bolan ogurlygyň özünden görülýänine düşünmek kynçylyk döretmedi. Garynjanyň özüne zor salyp ýylgyrjak bolşy, kakamdan ol-bu hakda soran bolup oturşy, arasynda jigime iýmegi gadagan edilen(Muny, elbetde, “Garynja” bilenokdy) süýji uzadyşy emelsiz hereketleriň ýasama netijesine öwrüldi. Meniň şonda ol adama gaty nebsim agyrdy. Onuň hereketleriniň ýasamalygy bildirip durdy. Bir men ol hereketleriň ýasamalyk däl-de, aljyraňňylykdygyna, Gözeliň ogurlan erikleriniň menden görülýän wagty mende-de döreýän aljyraňňylykdygyna düşünip otyrdym. Ýöne, men nämäni üýtgedip bilýärin?! “Garynja” ýaýdanjaňlyk bilen ýerinden turdy. Ilki kakamyň ýüzüne, soň eneme seretdi-de:”Sag oturyň onda” diýip, gapa tarap ýöneldi. Onuň hereketlerinde nähilidir bir ikirjiňlenme bardy. Ol bir zat diýmekçi bolýan ýaly, onam aýdyp bilmeýän ýaly, aý garaz, gutarylmadyk görnüşde aýakgabyny geýen bolup durdy. Gapydan çykmanka, ýene hemmämize birlaý göz aýlap:”Bolýar onda”diýdi-de, gapydan daşaryk ätledi. Oňa ýalandan “Sag bol” diýenem tapylmady. “Garynja” gapydan çykansoň, onuň yzýany bilen kakam aýak üstüne galdy. Öz etjek bolýan hereketini eneme üm bilen düşündirip, olam çykyp gitdi. Ýöne “Garynjanyňka”garanda has howlukmaç hem has aýgytly çykyp gitdi. Biziň barymyz sesimizi çykarman, kakamyň dolanyp gelerine garaşdyk. Kakam köp garaşdyrmady. Onuň öňdenem keýpsiz ýüzünde nähilidir bir ünjüniň peýda bolandygyny hemmämizem aňdyk. Muny “Garynjanyň”beren jogaby bilen baglanyşdyrdym. Eger ol:”Hawa, men ogurladym”diýen bolsa, ähli alada gutarmalydy. Emma ol boýun almadyk borly ýa-da kakam öňdenem birhili ýagdaýa salan şübhelenmämizi gaýgy edýärmikä?
Kakam enem tarapa kineli seretdi:
-Sesini çykarmady.
Men kakamyň sözlerine geň galdym. Diýmek, “Garynja” “Towuklary sen aldyňmy?” diýen soraga sesini çykarmandyr. “Dymmak razylygyň alamaty” diýilýänimikä?! Şol agaşam barymyz öz ýanymyzdan “Garynjanyň” aýtmadyk sözlerinden netije çykarjak bolup, ony özümizçe sud etdik. Men-ä dogrymy aýdaýyn, “Garynja”towuklary alandyr öýdemokdym. Ogurlan öýüne hut şol gün myhmançylyga gelen bolup, berlen soraga özüňi aklamak üçin bir sözem aýmadyk bolan bolmak ýaly mekirlik adaty towuk ogrusyna ýatmyka diýýärin. Şeýle-de bolsa, kim bilýär?!”Büräniň kiçisi ýaman çakýar ahyryn”
Ertesi gün maşgala edil hemme ertirler ýaly asuda ýagdaýda oýandy. Hemmeleriň öňki ýagdaýyna dolanyp gelmegi, meniň göwnüme bolmasa, göýä enemiň towuklary bilen baglanyşykly wakanyň düýnki gije bilen unudylandygyny subut etmek üçin bilgeşlän edilýän ýalydy.(Belkem, munuň şeýle bolmagam ahmal) Enem säher bilen ýene adaty işine, mellek ýerdäki gülleri idetmäge başlady.Menem indi towuklar bolmansoň, enemiň ýanynda işleýärdim. Maňa gülleri idetmek towuklara seredenden has medeniýetli hem gyzykly bolup göründi. Hamana, ýaşap ýören dünýäňden üzre, towuk keteginden hem onuň kerepli üçeginden, bag şiresiniň agyr ysyndan we topragyň dymyk howasyndan, galyberse-de, Aziza gelnejäniň gykylygyndan başga bir dünýäde kalbyňy heýjana salýan gülleriň ýakymly ysynyň arasynda gezmeklik juda hezildi. Men gülleriň düýbüni idedýärdim. Suwuň kadaly ýagdaýda gülleri gandyryşyna, ýetişikli çöp-çalamlaryň “ekilmedik ýerde gögerşine” esewan edýärdim. Enem bolsa mellekdäki beýleki işlere-de ýetişýärdi. Geň galaýmaly, Aziza gelneje-de “köýnek tikdirjek” bahanasy bilen gelnejemiň ýanyna gatnaýardy. Arasynda enem dagy bilen ondan-mundan gürrüň eden bolup oturýardy. Garaz, durmuşymyz öz akymyna diýen ýaly dört-bäş gün dowam etdi. Tä şol ykbal üýtgediji ýekşenbe güni gelmänkä...
Adat boýunça, ýekşenbede ähli adamlar dynç alýarlar. (Enem ikimizden galany elbetde)
Men ol günem eneme gaplary suwdan doldurmaga kömek edip ýördüm. Enemiň biraz guragyrysy bardy, şonuň üçinem oňa iki ädimlikde ýerleşýän krandan hem suw daşamak kyn düşýärdi. Eneme, elbetde, hemme wagt suw daşadanokdylar. Ol muny diňe galjaň adam bolany üçin, öýde boş oturmazlyk maksady bilen edýärdi. Üstesine, gelnejemem şol günler çaga garaşyp ýördi.
Men elimdäki ýarysy suwdan doly bedräni kranyň aşagyndan çykarjak wagtym kimdir biriniň elindäki haltasy kranyň golaýyndaky otlaryň üstüne usullyk bilen düşdi. Men ilki agzy bogulgy ak halta, ondan soňam ony göterip gelene boýdan-başa seretdim. (Meniň käwagt mölerip seretmek endigimi köpler bilýärdi) Öňümde duranyň “Garynjadygyny” bilmeklik onuň ýüzüne soragly seredip durmagyma getirdi. Ol ýüzüni mendenem beter haýran galýan kişiniň ýüzi ýaly edip:
-Nämä aňkaryp dursuň?! Bar, eneňi çagyr-diýdi
Enemi çagyrmaklyk geregem bolmady. “Garynja” sözüni doly tamamlap ýetişmänkä, enem etegi öl bolan gülli ştapylyny sykyp, aşhanadan çykaýdy.
-Daýza, salawmaleýkum!
Enem otuň üstündäki ak halta seredip durşuna, pessaý äheňde jogap berdI:
-Aliksalam.
Men bir ”Garynja”, birem eneme seredýärdim. ‘’Garynja-da” bir maňa, bir eneme seredýärdi. Enemem bir “Garynja”, bir otuň üsütndäki ak halta seredýärdi. “Garynja” ‘Ine” diýdi-de, haltany enemiň öňüne getirip goýdy.
-Ol, neme bi...
Onuň sözlerini haltanyň içindäki towugyň käkelemesi bozdy. Enem aýagynyň aşagyndaky haltanyň agzyny çalaja galdyrdy. Soňam “Hih, toba!” diýip, içini çekdi. “Garynja” derrew düşündiriş bermäge durdy:
-Daýza, munuň içinde on sany towuk bar. Alyň, ine!
Ýerde ýatan haltanyň agzyny galdyryp, ony eneme tutdyrmakçy bolan “Garynja” görgülini enem nazary bilen erbet dalap goýberdi:
-Utanmadyňmy, meniň zadyma el urmaga?!
Şol ikarada ak haltanyň içindäki towuklar boglup barýandyr diýen oý bilen haltanyň agzyna el urdum.
-Çekil!
Men ýalpa yzyma sereden bolsamam, çekilmek hyýalym ýokdy.
-Ene, towuklary boşadaýaly-la. Howa ýetenokdyr olara...
“Garynja” mendenem beter ýalbaryjy görnüşde seretdi:
-Daýza, Hudaýyň haky üçin towuklary alyň!
Enem diýýämiňem diýmän ak halta seretmegini dowam etdi. Biziň bu bolup durşumyzyň üstüne enemiň kiçi ogly geldi. Ol “Garynja” bilen sowuk-sala
salamlaşansoň, henizem ak haltadan gözüni aýyrman duran eneme sorag berdi:
-Eje, näme bolýar-aý?
Eneme derek “Garynja” jogap berdi:
-Meret jan, al inim, towuklary.
Meret kakam hiç zada düşünmän, gözüni gyrpyldatdy.
Men jany bilen ýalbaryp duran “Garynjanyň” teklibini hiç biriniň kabul edip bilmän durşuna janym ýandy. “Öň-ä alaýdyňyz ýöne şol towuklar diýip, indi nämä mysapyrsyraýaňyz-aý. Şu ululara düşüner ýaly däl-ow. Ýeri, eneme näme diýjek!? Towuklary yzyna getirlensoňam dur-a indi dikil gazyk bolup. Yzyna-da berip goýberer şuny häzir”
Dymyşlygy Meret kakamyň özi bozdy:
-Eje, näme edeli?
Enem egnini gysyp, uludan demini aldy:
-Bar, ketegine bir goýber olary!
Meret kakam “haý” diýmän haltany göterip,towuk ketege tarap ýöneldi. “Garynjanyň” egninden uly ýük aýrylan ýaly boldy. Onuň ýüzündäki çalaja ýylgyyryş meniň ýüzümdäki ernime ýetip duran ýylgyryş bilen enemiň henizem çytylyp duran gaşlarynyň aşagyndaky gasyn atan ýüzünde ýitip gitdi. Birhaýukdan Meret kakam ýüzüni ak tam ýaly edip geldi. Ol “Garynja”ýetip-ýetmänkä, howsalaly sorag berdi:
-Şol towuklar biziňkimi?
“Garynja”bende ýene aljyrady. Ellerini ýüreginiň üstünde goýup, janyndan syzdyryp jogap berdi:
-Jan, inim, al indi şolary...
Meret kakam “Garynjanyň” ýakasyndan ebşitläp tutdy:
-Biziňkimi diýip soraýan-eý?
“Garynja” Meret kakamyň elleriniň üstünden tutup durşuna çalt-çalt gürledi:
-Ýok, how Meret! Men siziň towuklaryňyzy alamog-a...
Barymyzyň üstümizden gaýnag suw guýlan ýaly boldy.
-Alamok??-Meret kakamyň gözleri hanasyndan çykara geldi-Onda olar kimiňki, hä, jogap ber!
“Garynja” Meret kakamyň barha bokurdagyny gysýan ellerini aýyrjak boldy.
-Ogurladym!Ogurladym, how, Meret jan... Men..
Ol aýtjak bolýan sözleriniň yzyny aýdyp bilmän, aglap goýberdi. Erkek adamyň aglaýşyny şonda birinji gezek gördüm. Ol beýan edişlerindenem beter agyr zat ekeni. Göýä, ýüregiňe agyr daşlar bilen urulýan ýaly. Meret kakamyň elleri biygtyýar “Garynjanyň” köýnegini öz erkine goýberýärdi. Ol muňa ünsem bermän, agy gatyşykly sözleri bilen enem tarapa seretdi:
-Daýza, men almadym seniň towuklaryňy, ýöne şolara derek şu towuklary alyň-da, menden ýüz öwürmäň.
“Garynja”gözýaşyny köýneginiň ýakasy bilen süpürdi.
-Menden razy boluň!
Bu jümläni ölmezinden öň aýdýanlaryny çaga bolsamam bilýärdim. Hakykatdanam, şol pursatda biz üçin “Garynja” lakamly bir nebsagrynç bende ölen ýalydy. Onuň ýerine täze bir Adam emele gelipdi. Eger boýun almaly bolsa, biz onuň hemme görnüşlerinden razydyk! Ha-ha-ha!
Enem uludan demini aldy-da, meniň başymy sypalap goýberdi. Onuň ahyrsoňy köşeşendigi aglan gözlerinden bildirip durdy.
-Waý, gümüne gitsin-le, şol towuklar, oglum! Esasy zat-saglyk bolsa bor...
Enemiň merdemsi äheňdäki sözleri hemmämizi ruhlandyrdy. Men onuň başymy sypalap duran elleriniň astynda ýene bir gezek hakyky mertligiň nämedigine düşündim. Men şol pursaty ömrümboýy unutmasam gerek. Enem kyn günde galan adama gerek bolan goldawyň ýoklugynda döreýän betbagt bendä esasy zadyň saglykdygyny aýtdy. Ol adamyň bu jümläni ýüzünji ýa müňünji gezek eşidendiginiň parhy ýok, barybyir ony birinji aýdan adamyň meniň öz enem bolmagynda galjakdygyny bilýärin. Sözler nirede ýatda galýan bolsa, şol ýerde hem aýdylýandyr! Enem şeýtmek bilen ýol ýitiren adama “Ýaşa!” diýýärdi. Hemmeleriň özem bilmezden mahrum eden ýaşaýşyny gaýdyp berýärdi...
“A towuklara näme boldy?” diýýäňizmi?! Soň ol towuklary ýarygije “Garynja” alan ketegine taşlap gaýdypdyr. Towuk eýeleri örän begenen bolsalar gerek. Umuman, bu başga gürrüň. Ýöne şol ogurlyk “Garynjanyň” iň soňky hem iň täsin ogurlygy bolup galdy. Sebäbi şondan soň, haýsydyr bir sebäbe görä, “Garynjany” türmä basdylar. Ol şol ýerdäki oglanlara-da gaýdyp hiç haçan ogurlyk etmejekdigini, biziň towuklarymyz bilen bolan wakanyň oňa gowy sapak bolandygyny we eneme örän minnetdardygyny gürrüň beripdir. “Ine, bar günämi ýuwanymdan soň, täze ýaşaýşa başlajak “ diýipdir. Onuň indi başga ýaşaýşam bar!
Ýöne enemiň towuklar-a tapylmady. Olar “Garynja “ üçin aýdylan gurbanlyga döndüler. Aý, tapylman geçsin. Barybir indi Aziza gelneje içimizi gysdyranok. Ýene-de bir zady aýdaýyn, her gezek bir ajaýyp günleriň birinde towuklaryny ogurladan, soňam şol ajaýyp günüň ertesi towuklaryna gowşan bendäniň ahwaly göz öňüme gelende gülmän saklanyp bilemok... Sizde-de şeýlemi?
Bägül ATAÝEWA
Garynja
Edebiýat,
MILALIKA
tarapyndan
17-09-2023, 14:17