Atdaş bolmagam oňat zat örän,
Oýladygym bir zat düşýär ýadyma.
Ýüregmiň urgusy bir saňa görä,
Gara gözleň ýetişerdi dadyma.

Men ýanýardym ilki söýgin oduna,
Milt edip bilmändim kalbym açara.
Howlugýardym iň ilkinji ädime,
Seni görsem ýer tapamok gaçara.

Başymdan gowgaly güni geçirip,
Yzyňda sergezdan geda bolupdum.
Saňa kalpda barja duýgym eçilip,
Söýýän sözleriňe pida bolupdym.

Sen ähli erkimi elden alypdyň,
Karar tapman saňa söýýän diýmäge.
Yşgyň girdabyna sözsüz salypdyň,
Mejbur etdiň hijran oda köýmäge.

Seniň bilen bile bagty duýmaga,
Arzuwlaram aldy akyl huşlarym.
Saňa söýgim aýdyp bilmän ýenede,
Adyň sözläp geçdi gitdi düýşlerim.

Bir gün oňdy et jek bolan işlerim,
Hatym öýüňizde goýup gaýtdym men.
Şol golaýda işläp ýördüň näz bilen,
Hatym tapyp okarsyňla öýtdüm men.

Emma arzuwyma gowşurmadyň sen,
Sen dälde hatymy Ejeň okady.
Hälem oň ýanynda hiç kimem ýokdy,
Bagtymyza Ejeňjanam ýekedi.

Kakaň köne hatjagazy öýtdi ol,
Adym durdy oň adyna kybapdaş.
Hem içinden öwgi sözün aýtdy ol,
Söýýanligiň çyn ekenow klasdaş!

Süleýman Tekäýew

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Sabyrly tarapyndan 18-09-2023, 09:42

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler