Sensizlik niçiksi degýäle agyr,
Yşk ýüki gerdenim edensoň ýagyr,
Ylgaplar barjak men gerekläp çagyr,
Ýürek ýalňyzlykdan ezilip gitdi.

Ýüregimde söýýän diýenje andym,
Seni oýlap arzuw atyna mündüm,
Geçmesi kynlaşdy sekundyň mindiň,
Wagt kerwenniň yzy uzalyp gitdi.

Küýsemek duýgusy girensoň güýje,
Ukusyn terk etdi asuda gije,
Ýatlamajak bolup urundym nije,
Gözlerimden ýaşlar süzülip gitdi.

Ýalňyzlygam gurşap aldy goýnuna,
Men haýranam yşk söýgüniň oýnuna,
Jennet ysy gelen ap ak boýnuňa,
Ýyldyzlardan monjuk düzülip gitdi.

Ýarym gelip bir derdimden gutardyň,
Täze arzuw isleglere iterdiň,
Seniň bilen gol tutuşyp oturdym,
Dert ýumagy birden çözülip gitdi.

Sen bolsaň yşk dünýäm şeýle parahat,
Ýüregim ynjalyp uklaýan rahat,
Söýgi sözlerimde ýokdur hiç galat,
Tarypyňa namam ýazylyp gitdi.

Süleýman Tekäýew

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Sabyrly tarapyndan 18-09-2023, 11:13

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler