1) Şu gün buzly köşge gitdim. Başda konkide typdym, soň dyzymda typdym, soň ýüzüm bilen typdym
2) Normal adamlar düşegine geçenden göni uklaýaralar. Men bolsa ýüz gezek çepe-saga aýlanaryn, üstüme ýorgany ýaparyn, soň açaryn, ýorgany gyra atyp uraryn. Internede birzatlar okaryn. Soň ýene ýatjak bolaryn. Ýerimden turup makareno tansyny oýnaryn. Ondan soň düşeksiz ýassyksyz uklap galaryn
3) -Lukman, men sagalarynmy?! -Menide şol sorag gyzyklandyrýar
4) Käwagty adama seredip "Sen kellesaň" diýip üstünden gülüp otyrýaň. Olam sen oýun etýänsiň diýip gülkiňe goşulup gülüp otyrýar
5) Gyzlar şeýle etýärler:"Boldy, indi gaýdyp maňa jaň etme, sms ýazma "... soň jaňa garaşyp otyrandyrlar
6) Ol gyz ak atly şazada duşjagyna gaty ynanýardy. Karoçe gaty gyz bolan men ýaly...
7) Pişigiň ýoluny kesip geçdim. Ol pahyr egnine üç gezek tüýkürip, 10 ädimem yzyna ädimläp soň ýoluny dowam etdi, şundan başga ölüm gerekmi aýt
8) Abonentiň telefony öçürilendir ýa-da adamçylykdan çykyp köp karz sorandyr, dogrymyzy aýtsak walla doýduk şu müşderiden
9) Merjen: Men bu bolşum bn taksikoz geçirmäge gorkýan. Belki ananas ýa-da kakos iýesim geler. Maşyn ýagyny içesim geler. Ýa-da Bolgariýany basyp alasym geler
10) Aýal maşgalany däliretmegiň usuly: Eline kän pul berip, dükanlary we bazarlary ýapmaly
11)Hakyky dost gynçylykda tanalar.Gahryman söweşde.Aýalyň garyplykda.Äriňem dikrete çykanyňda tanarsyň.
12) Bir oglan ýaşapdyr. Jadygöý aýal ony jadylapdyr, ýagny ol ýylda bir söz aýdyp bilýän eken. Ol 6 ýyl garaşyp, Merjeniň ýanyna baryp "men seni söýýän, maňa durmuşa çyk" diýipdir. Gyzam gulagyndan nauşnigi çykaryp:-Näme diýdiň?
13) Adamy ir bilen ukusundan oýandyrmagyň iň gowy yzgiderligi şulardan ybarat:
1. gapyny açýaň
2. köwüşlerňi taýýarlapjyk goýýan
3. bu gyzgynjak kofe alýan
4. ýatan adamyň ýüzüne dökýäň
5. We ýokary tizlikde gaçýaň
14) Öýdäki musory döküp gelmäne öwrenşipdirin welin, požar bolanda her kim gymmat bahaly zatlary çykarsa, men musory alyp çykarmykam diýýän.
15)Pul topladym, Aşgabatda elitny domdan kwartira almak isleýärdim. Pulum ýetmedi, soň şol puluma Ispaniýada deňiziň boýunda iki etažly willa satyn aldym.
Alyn dişi döwük bolansoň gülüp bilmän duran smaýlik;)
Edebiýat,
Garlawaç
tarapyndan
18-09-2023, 12:59