Keselhanadan çykan günüm öýde golaý-goltumy çagyryp, pişme bişirdik. Ýadawlygym halys per beren däldir-dä, üýşmeleñden soñ ýanymda ýatan bäbejigimiñ eljagazlaryny sypalap, uklap galypdyryn. Gijäniñ birmahaly oýandym. Seretsem, ýanymda Gadam ýok. Ýüregim ýaryldy. Ýerimden nädip syçranymy bilemok. "Gadam" "Gadam" "Oglum nirede?" diýip, garañkynyñ içinde töweregimi elim bilen sermedim. Janhowluna çyrany ýakmagam kelläme gelenok. Sermenip ýörşüme eýwana çykdym. Birdenkä-de goñşy otagdan seniñ "Biz bärde" diýen sesiñi eşitdim. Görsene, sen eliñde jäjekler bilen oña "tomaşa" görkezýärsiñ. Gadamam zordan açylýan gözjagazlaryny tegeläp, saña seredýär.
" Oýandy welin seni turuzmasyn diýip goñşy otaga getirdim" diýip, pyşyrdadyñ. Onýança-da bir ýerlerden gyzlarymyz peýda bolup, seniñ edişiñ ýaly Gadama her tüýsli oýunlar görkezmäge durdular. Duran ýerimden butnaman ajaýyp görnüşi synladym.
Gadamyñ maşgalamyzy öñküsinden jebisleşdirendigi hakykatdy. Sen işden boldugyça ir gaýtjak bolup yhlas edýärdiñ. Gelibem sen-de ýok, mende ýok gundaglyja Gadamy eliñe alyp ýüzünden-gözünden ysgaşdyryp, ogşardyñ.
Bir gün Gadamy Aýşada tabşyryp adatdakylarym ýaly biş-düşüñ ugruna çykdym. Şonda körpe gyzymyz Altynaý eli telefonly ýanyma geldi.
- Eje seni soraýar.
Göwnüme hiç hili güman getirmämsoñ sesim parahat çykdy.
- Kim eken gyzym?
- Merdan ussa.
Eý Hudaý! Merdan! Ony unutmaga başlapdym. Belki, bu duýdansyz jañy bolmadyk bolanlygynda goýberen uly ýalñyşlygymam ýadymdan çykaryp, hiç zat bolmadyk ýaly ýaşap ýörerdim. Merdanyñ sesiniñ şadyýan, şol bir wagtyñ özünde-de hasap soraýjy äheñi bardy.
- Oglumyñ bolanyny näme üçin aýdañok maña?
Kim aýdypdyr, nädip aýdypdyr bilemok, ýöne gulagyna degipdir. "Oglum" diýip bolan boluşjygyna sered-ä. Hamala, maña ikilik eden özi däl ýaly.
- Ol seniñ ogluñ däl.
Sesimiñ ýeterlik derejede azmly hemem hökmürowan eşdilmegini isleýärdim. Tersine, gulagyma nalajedeýin, bialaç zenanyñ sesi bolup doldy. Merdan badyny gowşatmagyñ deregine has-da beleñ alýardy.
- Ýalan sözläp sypaýjak bolýansyñ. Äriñden ogul boljak bolsa buwada çenli bolardy.
Içimden ençe ýola "Binamys, binamys" diýip gaýtalaýardym. Özüm bilmezden daşymdan diýipdirin. Bu gezek Merdanyñ aýgytlylygynyñ ýatyşandygyny duýdum.
- Ýeri bolýa, wagt görkezer çagañ kimdendigini.
Telefonyñ goýlandygyny bildirýän ses eşdildi.
Merdanyñ aýdanyna şol pursat doly düşünmesemem, wagty gelende düşünipdim. Garaýagyzja ýüzi, kiçijik burny, irimçik gözleri bilen oglum Merdana şeýle bir meñzedi welin, Merdanyñ hossarlary görse onuñ ogludygyny añjaklarynyñ ujy iki däldi. Hatda, seniñem mundan şübhelenmegiñden öler ýaly gorkýardym. Bolsa-da, beýle güman barada dil ýarañokdyñ. Ogluñ haçandyr bir wagt gapymyzda işläp giden ussa meñzemegi pikriñe-oýuña geljek zat däl bolsa gerek.
Bir gün Gadamyñ gyzgyny galdy. Saña habar etmegi oýlasamam, aýal biçäreligini edip, azar bolasym gelmedi. Habar edemde-de bu günlerde başlygyñ rugsat bermezliginden zeýrenýärdiñ. Hut şonuñ üçin körpe gyzymyzyñ Harplyk dabarasyna gidip bilmändiñ.
Öýi uly gyzymyza tabşyryp ýola çykdym. Maşynlar ikibir-ikibir geçýärler. Durmaklary üçin saññyl-saññyl edýän elimi galdyrdym. Göwnüme, geçen her minut oglumyzy menden daşlaşdyryp, ajalyñ eline golaýlaşdyrýan ýalydy. Ahyry, zybrym geçýän maşynlaryñ biri deñimde togtady. Ugrumy aýtdym. Başyny atdy. Maşyna münenimden soñam ýüregimiñ howsalasy ýatyşmady.
- Aljyraññy görünýäñiz.
Sürüjiniñ sesine ziñkildäp gidipdirin. Oglumyñ ýarawsyzlygy hakda pikir edip daşky dünýäni unudan ekenim.
- Oglum gyzdyrýar. Gatyrak gidayin gayrat edip - diýibildim zordan.
Sürüji duýgudaşlyk bildirdimi ýa şeýle görünmek isledimi bilemok gaşyny çytdy. Esli salym sesini çykarman oturdy. Birdenem dil ýardy.
- Şul obada ýaşaýañyzmy?
"Howwa" diýen manyda başymy atdym. Onuñ bilen mesawy gürrüñ edip oturjak ahwalda däldim.
- Birinji çagañmy? Ýaş görünýäñ - diýip "sizden" "sene" geçdi.
Häzir bu zatlary sorap oturmagyñ wagtymy? Onsoñam, näme gerek oña bu zatlary bilmek?
Şeýle-de bolsa, kyn pursatymda ýagşylyk eden hemaýatkäre gödeklik edesim gelmedi.
- Ýok, bäşinjim.
Sürüji ýene birnäçe sowallar berdi. Mesawy gürrüñler etdi. Bir elim bilen Gadamy gujagymda saklap oturşyma, beýleki elim bilen onuñ gyzgynyny barlaýardym. Soraglary, gürrüñleri bir gulagymdan girip, beýlekimden çykýardy.
Ahyry etrap merkezindäki keselhana ýetdik. Düşjek bolanymda sürüji bir bölek kagyzy uzatdy.
- Belgimi ýazdym. Ýene maşyn gerek bolsa... Çagaly adamsyñ. Bildirmez.
- Tañryýalkasyn - diýip, ýol hakyny uzatdym. Almakdan boýun towlady.
Gadama sanjym edileninden bir ýarym sagat çemesi wagt geçeninden soñ ýagdaýy ganymatlaşdy. Lukman gorkara zadyñ ýokdugyny aýdanyndan soñ ýene ýola çykdym. Daşarynyñ çapgyn şemalyna oglumy üşedesim gelmedi. Içiñi ýakaýyn diýen ýaly ýeke maşynam saklanaýyn diýmeýärdi. Hälki sürüji ýadyma düşdi. Belgisi ýazylan kagyz kelläme geldi. Kagyz henizem berlişi ýaly saklanyp duran eken elimde. Aljyraññy ýagdaýym sebäpli bilmändirin. Tanyş maşyn kän garaşdyrman geldi.
- Seni ýene görmek nesibede bar eken-ow - diýip ýylgyrdy.
Ýylgyrşyny halamadym. Onda-da syr bildirmedim. Oglumy üşetmänjik öýe getirsem bolýa-da. Meñ göwnümiñ halap halamany hiç-le. Pikirlerimden bihabar sürüji durmuşy hakda gürrüñ berýärdi.
- Iki sany çagam bar. Aýalymam gowy welin...
Ýüzüme "Aýtsammykam, aýtmasammykam" diýýän ýaly garady. Sözleriniñ üstüni ýetirdi.
- Ikinji çagamyz bolanyndan soñ gaty semredi. Señ ýaly gyz figurasynda galsa bolmaýamy?
Bu öte geçmek bolýardy. Iliñ gelniniñ bedeni bilen näme işi bar bu sürüjiñ? Hakyñy töleseler işiñ bilen bolubermeli bolar-da.
Ýüzüne gaharly nazarymy aýladym.
- Meñ figuram bilen nä işiñ?
Sürüji sapajak-supajak edip aljyraññy gepledi.
- Ýo, ýalñyş düşünme, men seni ýüregim bilen haladym. Isleseñ señ ugruña aýalymdan geçmäge taýýar.
Şeýle boljagyny başdan añmalydym. Akmaklyk etdim. Saçy uzynyñ akly gysga diýip ýöne ýere diýýändirler öýdýäñmi diýsene. Zeleliñ ýaryndan gaýtsañam bir peýda diýip maşyndan düşdüm. Sürüjä ýeke agyz sözem aýtmadym. Diñe zarply çykan sesim bilen "Sakla" diýdim. Başga söz aýdara ýagdaýymam ýokdy. Bokurdagym dolupdy.
Käşgä, şol günki aýgytlylygymy Merdan bilen tanyşanymda-da görkezip bilsedim. Men juda bigaýrat, Garýagdy. Merdana sataşyp ömrümiñ iñ uly ýalñyşyny goýberdim. Seniñ öñüñdäki ähti-wepamy ýuwutdym. Düşünipdim. Ýöne wagtynda düşündimmikäm? Ýa indi gija galdymmykam? Berýän soragyñ näteñet diýsene. Biwepa zenan bolup namysyñy degirdeniñden soñ düşüneniñden ne peýda?
Şondan bolsa bir aý geçendir. Bir gün Gadamy ýatyrdym edip, öýüñ arassaçylygyna gümra boldum. Pollary ýuwuşdyryp, içerini süpürdim. Ownuk-uşak goşlaryñ tozanyny alyp durkam gapy açyldy. Işikde duran kişini görüp haýýatym göçdi.
- Lälezarym! - diýip, ol meni özüne imrindiren ilkinji sözüni gaýtalady.
Henizem özümi dürsäp bilemokdym. Bu şolmudy? Ýogsa, haýsydyr bir bezzadyñ maña oýnaýan oýnumydy?
Bolşumy geñlemedik Merdan ýanyma gelip gollarymdan tutup silterledi.
- Hany özüñe gelsene. Seni şeýle bir küýsedim.
Ýuwaş-ýuwaşdan açylyşdym. Açylyşdygymça-da Merdana bolan gaharym has möwjedi.
- Näme işleýäñ bärde? Hiç kim görmäkä owarra bol.
- Oglumy göresim gelýä. Oglumy görkez.
- Ol señ ogluñ däl diýdim-ä.
Merdan haýyma-maýyma bakman otaglary ýeke-ýeke gezdi. Olaryñ birinde sallançakda ýatan Gadamy görüp ýylgyrjaklady.
- Şuña "Meñ oglum däl" diýseñ kim ynanar. Oglumyñ ýüzünden-gözünden elleri bilen sypady. Şonda ünsümi çekdi. Elleriniñ henizem şol bir gabarçaklygydy.
-Mendenem beter kakam pahyra meñzeýär.
Ol ýüzüme köpmanyly garady-da duýman durkam meni bagryna basdy. Tanyş ysy burnuma doldy. Şol wagt düşündim ony neneñ küýsändigime. Belki, söýendirin. Belkem, bu ýanýoldaşyndan üns görmedik zenanyñ gysga wagtlyk başdan geçirmesidir? Bilmedim. Oýlarymy otagyñ işiginde duran erkek kişiniñ sesi bozdy.
- Lälezar!
Ýüregim ýerinden gopandyr öýtdüm. Allajanlarym! Bu kimkä? Ses gelen tarapa utançdan ýaña zordan garadym. Agam Sähetdi. Merdanyñ bedenini özümden daşlaşdyryp işige bakan süýşdüm.
Agam "Gelme" diýen manyda elini daldalatdy. Duran ýerimde durdum. Ol bolsa sesini çykarman, gapyny batly ýapyp çykyp gitdi.
Nädip aşak çökenimi bilemok. Tutuş süññüm saññyldaýardy. Agam - ýer ýüzündäki ejemden soñ iñ ýakyn hossarym men betbagtyñ neneñsi ygrarsyzdygyny bilipdi. Indi onuñ ýüzüne nädip gararkam? Wah, ondanam beteri ol meniñ ýüzüme gararmyka? Merdan elini uzadyp, meni oturan ýerimden galdyrjak boldy. Oña zordan "Git" diýdim. Geplemäge-de gurbatym ýokdy.
2-3 gün soñ öýlänler ejem jañ etdi. Saglyk-amanlyk soraşdy. Barybir sesinde bir näsazlygyñ bardygyny añdym. "Eý Hudaý. Agam aýdaýdymyka?" diýip oýladym.
- Eje, sesiñ gowy däl-le, oñatçylykmy? - diýip soradym.
- Gyzym, agaña bir jyn-a urupdyr. Hiç haýsymyz bilen gepleşmän, içini hümledip ýörmäni çykardy. Düýnem sen-de ýok, men-de ýok daşary ýurda gitjek diýýär.
Wah, agam jan. Jigisiniñ namyssyzlygyna ýere girip bilmän ýörmükä? Aýtsa maşgalam bozuljak, aýtmasa ynsabynyñ sesi gününe goýmaz. Onam iki jahan owarrasy edip goýaýdymmykam?
Agam diýenini gögertdi. Maşgalasynam alyp ötägitdi. Gitjek güni hoşlaşmaga gelsem, "Bamysyñam" diýmedi. Diñe maşynyna münjek bolup durka ýüzüme seredip, bir zatlar diýjek boldy-da hyrçyny dişledi.
Bir aý gowrak wagt geçeninden soñ Merdan ýene geldi. Bu gezek gaharlydy. Öýlenenine iki ýyl wagt geçenem bolsa perzendi bolmaýan eken. Aýalyny söýýändigini, goşuny aýyrasy gelmeýändigini aýtdy. Iñ soñunda-da meñ garaşmaýan hörpümden gopdy.
- Oglumy maña ber. Señ ol bolmanda-da dört sany çagañ bar. Meñ bolsa...
Bolan zatlar içime syganokdy. Kimdir birine aýdasym gelýärdi. Hossarlaryma aýtsam meni näletlärler, joram diýseñ maña ýalan sözledi. Garaz, derdinişere hiç kim ýadyma düşmedi. Birdenem, şo-ol keselhana düşüren sürüji ýadyma düşdi. Jañ etdim. Oña tutuş durmuşymy bir zarbada gürrüñ berdim. Ökünjimiñ, ahmyrymyñ çäksizdigini aýtdym. Diñledi. Arasynda duýgudaşlyk bildirmegem ýadyndan çykarmady.
- Señ dermanyñ men - diýdi.
- O näme diýdigiñ? - diýip soradym.
- Sen meñki bolmaly - diýip suñşurdy.
- Bihaýa - diýip sögenimi duýman galdym. Ol bolsa yza teserli däldi.
- Adamyña bolan zatlaryñ ýetmeginden gorkañokmy? Diýenim bolmasa hiç zatdan çekinmeýän .
...Ölmek babatda ilkinji ýola haçan oýlananym ýadyma düşenok. Belki, Merdan maña ikilik edeninde, belki-de agam gidenindedir. Ýöne hiç haýsynda-da beýle aýgytly hereket edip bilmändim. Düşen bialaçlygy neneñsi çuñ bolsa özüni ýoklamaga şonça-da batyrgaý çemeleşer ekeni ynsan. Öñler geñ görerdim özüni heläkleýänleri. "Adamy bu ýola näme iterip bilerkä? " diýip oýlaýardym. Indi welin bu maña añryýany bilen düşnükli. Özüñi heläklediñmi? Diýmek, başga ýol ýok.
Kiçijikkäm goñşumyzyñ ýañy ýigrimi ýaşan ogly özüni asypdy. Şonda atam töweregindäkilere " Bilip goýuñ, Hudaýyñ beren janyny diñe Hudaý alyp bilýändir. Öz janyña kast etmek günädir" diýipdi. Şol söz ulalanymdan soñam añymdan çykmady. Häzirem atamyñ sözleri gulagymda ýañlanýar. Men bolsa oña "Başga alajym ýok" diýip boýnumy burup jogap berýärin. Goý men munuñ üçin dowzahda ýanaýyn. Dowzahy men ondan has öñ gazanypdym-a. Goý, günäkär bedenim ataşlar içinde çabrasyn. Belki, şonda azajygam bolsa günälerimiñ azaby ýeñlär. Bu däli dünýäni terk edýänligim üçin gynanamok. Ýeke oýlanýan zadym yzymda perzentlerimiñ galjakdygy. Ýöne , kakasyna ikilik edip, namysyny aýak astyna alan ejäniñ bolanyndan bolmany gowy dälmi nä? Goý olaryñda ejeleri maşgalasyna wepaly zenan bolup ýaşasyn.
Garýagdy, men seni tanaýan. Gadamy öz ganyñdan bolmasa-da öz perzendiñ ýaly görjegiñe şübhäm ýok. Şonda-da aýtmasam hatym öz borjuny ýerine ýetirmejek ýaly.
Oglumy, gyzlarymyzdan kem saklama. Iýjegini-geýjegini ýetir. Atalyk mähriñi gysganma. Enelik mährinden ganmadyk oglum iñ bolmanda ata mährini bir ine-gana görsün. Bu saña ýeke-täk wesýetimdir.
Häzir sen işdesiñ. Garabaşynagaý bolup başlygyñ özüñe tabşyran ýumuşlaryny ýerine ýetirýänsiñ. Öýe gelmegiñe dört sagat bar. Diýmek, bu hat saña men amanadymy tabşyranymdan soñ gowşar. Şonda meniñ ähli etmişlerimi bilersiñ. Saña "Meni bagyşla" diýip biljek däl. Tersine, meni hiç haçan bagyşlama! Eden günälerimiñ azabyny çekeýin"
Garýagdynyñ okap oturan hatyndan ünsüni sowan zat şepagat uýasynyñ ýanyna gelip, özüni heläklejek bolan aýalynyñ essine gelendigini buşlamagy boldy...

19.09.2023 ý.

Mahym Nurgeldiýewa.







File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Belki tarapyndan 19-09-2023, 13:46

  • Azasdym.,? Azasdym.,? off № 1 19 сентября 2023 14:26
    Sag bolun yetireninize gaty gyzykly. Doredijiliginizde ustunlik.
    Jogap
  • Sabyrly Sabyrly off № 2 19 сентября 2023 14:27
    Ýaňy bir gowy jemläpsiň diýip içimden geçipdem welin yzyny ýene dowam etdirmeli ýagdaýda jemläpsiň,indi okanlaryň yzyny bilesi gelýändir. Haladym üstünlik
    Jogap
  • Sabyrly Sabyrly off № 3 19 сентября 2023 14:29
    Baryndan beter Garýagdyň şonça zatdan habar tapyp özüni nähili alyp barjagy.
    Jogap
  • Belki Belki off № 4 19 сентября 2023 15:02
    Sabyrly, yzy ýok. Mundan artyk dowam etmek gerek däl. Okyjyñ fantaziýasyna bagly galan zat.
    Jogap
  • Anil Kapur Anil Kapur off № 5 19 сентября 2023 17:16
    goz onune getirmegin ozi erbet.
    Jogap
  • Anil Kapur Anil Kapur off № 6 19 сентября 2023 17:18
    guler yuzli yigidin gyz uyasy bolmasyn. Gyz uyasy bolsada guler yuzi solmasyn
    Jogap
  • Belki Belki off № 7 19 сентября 2023 17:55
    Nämäni göz öñüne getirmegiñ?
    Jogap
  • Pakize Pakize off № 8 19 сентября 2023 22:29
    Ýamana ölüm ýok diýleni. Jezasyny şu dünýäde çekmäne juda mynasyp
    Jogap
  • FanB FanB off № 9 19 сентября 2023 23:16
    Nebir 4 sany gyzyñ enesi bolan zenany nädäyipsiň. Öz eliňde bolsa dagy beyle etmeli dala. Yone bashynda hakyky bolan waka dp yazypsyn welin cyndanam bolan wakamy
    Jogap
  • Belki Belki off № 10 20 сентября 2023 05:52
    Fan B, howwa. Dört gyzy bir ogly bar. Oglam şol ussadan. Ukus içdi. Diri galdy. Indem ýaşap ýör. Aslynda men bärden gaýtdym. Ussadan soñ kän kişi bilen gatnaşypdyr welinim ýazyp oturmaýyn diýdim.
    Jogap
  • Pegas Pegas off № 11 20 сентября 2023 07:39
    Sürüjä sögünip düşeninden soňam esli wagtdan soň jaň edip, oňa Merdan hakda "bir zarbada" aýdypdyr. Şeýdip maşynyndan düşen sürüjisiniň nomerini zyňman, saklapdyr. Ýeser eken-aý j...lep!
    Jogap
  • FanB FanB off № 12 20 сентября 2023 11:46
    Belki,
    Onda ol ayal bozuk bolyamy ya ýeñilkelle bolyamy

    Iki s** goren üçünjinem görer diyilyani çyn oytyan.
    Ayyp gorme welin shu bolup geçen wakañdaky ayal shony diydiryada
    Jogap
  • Anil Kapur Anil Kapur off № 13 20 сентября 2023 11:55
    Belki,

    Bashdada yazypdym shunun 1nji boluminde gelin soyga matac men diyip medenyetleshdiripdir diyip. Ussadan sonam bashga bn gezen bolsa taksisda jan eden bolsa onada durmushyny gurrun beren bolsa garaz konchinni jelep eken. Kunti bolsa arinden dashary dine biri bn gezyane kunti diyilya. Jelep bolsa kim owadan soz aydyp yrlyp beryana diyilya. Shutayda bir nakyl aytjak uyadam bolsa "Bir sk goren onar. iki sk goren ucinjini ozi gozlap tapar" Merdan ussa shustur eken herekedinden anan bolmaly yryljagyny yrylmajagyny. Gelnin yuzune seredip bolya arabysyny surup boljagyny ya bolmajagyny.
    Jogap
  • Anil Kapur Anil Kapur off № 14 20 сентября 2023 11:56
    gelnin yuzune seredip bilip bolya
    Jogap
  • Belki Belki off № 15 20 сентября 2023 12:32
    Üýşüp birini näletläñ ýa söwüñ diýip ýazmandym bu hekaýany. Şoñ üçin köp ýerlerinem aýtmadym. Sizem teswirlerde terbiýäñizi saklasañyz begenerin.
    Jogap
  • mrokas mrokas off № 16 20 сентября 2023 12:33
    Awtora minnetdarlyk bildirmek bilen, eser barada hiç zat ýazjak däl...
    Jogap
  • mrokas mrokas off № 17 20 сентября 2023 12:35
    Anil Kapur,
    Näme üçin siziň pikirlerňiz hemişe käbir serhetlerden çykyp gidiberýär, şol barada haçan pikirlenip görmekçi bolýaňyz...
    Jogap
  • Belki Belki off № 18 20 сентября 2023 12:36
    Fan B, ýeñilkelle diysek has dogry.
    Jogap
  • Belki Belki off № 19 20 сентября 2023 12:38
    Mrokas,tankyda açykdyryn. Arkaýyn aýdyber.
    Jogap
  • backsp backsp off № 20 20 сентября 2023 12:55
    sonunda kamaz kakya diylenokdymay name
    Jogap
  • mrokas mrokas off № 21 21 сентября 2023 06:53
    backsp,
    Kamaz zakaz etmäge awtoryň býutjey ýagdaýy ýetmändir şoňa uksus bilen oňmaly bolupdyr..))
    Jogap
  • mrokas mrokas off № 22 21 сентября 2023 06:54
    Belki,
    Tankydam etjek däl..
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler