17) Uklap ýatyrkam, gije 00:23-de tanyşym jaň edip ukumy pozdy. Şonda-da telefony almadym. Ir bilen 04:37-de jaň edip, ondan soň "näme işiň bardy?" diýdim.
18) Oglan: Salam, gowymy? Gelýäňmi?
Gyz: Howa, çalt barýan, bir sagatlardan.
Oglan: Blýa, bir sagatdan- bu çalt däl!
Gyz: Howa, çalt barmaryn. Bir sagatlardan bararyn.
Oglan: Gülkünç däl, çaltyrak gelmäne synanş.
Gyz: Bolýar, çaltyrak gelmäne synanşaryn, ýöne bir sagatlardan bararyn.
19) Aýtmaklaryna görä, gara pişik ýoluňy kesip geçse, işiň oňuna bolanokmyş. Mende bolsa tersine: Anyralkamtýa ärög, arag kişip yňuloý pisek esçeg, ňişi anuňo şymkonalob. Ednem aslob enisret.
20) Mende gowy endik bar. Şkafa eşiklerimi goýýan, olar yzyna dökülüp düşmänke gapyny ýapyp ýetişýän :)
21) Ýoluňyzy kesip geçýän gara pişik özüniň garagöz çagalarynyň ýanyna barýar, ýedi ädim yza ýöräp oz-özüňizi gynamaň...
22) Ukudan oýananyňda : -_-, о_-, о_о, О_о, О_О....
23) Men ejemden we kakamdan aýry ýaşap başlamsoň, olar gaty gynandylar. Hatda öýüň gulpynyda çalşypdyrlar.
24) Bolýar şeýle ýagdaý, sen bir adam üçin ähli zatdan geçýäň. Ol bolsa ähli zat üçin senden geçýär. (Ana)
25) Iki okuwçynyň ejesi gürleşýär:-Sen ogluň matematikadan öý işini işläp berdiňmi?
-Howa.
-Göçürmäne bersene onda.
26) Hudaýjan, durmuşdaky erbet hereketlerim üçin maňa temmi ber. Maňa ullakan aýlyk ber, goý ol aýlygy nirä sowjagymy bilmän kösenip ýaýdanyp gezeýin. (Hemişeki ýaly ýakynlaryňam kömege gelmesin)
27) Aýaly adamsyna:-Biz indi aýrylşýas. Maşyny ikä böleris. Lexus maňa, kir maşyn saňa.
28) Institut maňa kän zat berdi: men aldamany öwrendim, indi aýtýan zatlaryma özümem ynanýan ;)
29)Iň romantiki sms-ler:"Men sen hakda pikir etýän...", "Seni söýýän", " Sizin hasabynyz 10.00 manat kopeldi. Hasabynyz 10.02 manat."
30) Köpüsi ýazýar: "men ejemjanyň guwanjy", "men kakamyň buýsanjy". Men bolsa çynym bilen aýtýan, men olar üçin "kelle agyry" ?
31) Hytaýyň türmesinden bir jenaýatçy gaçypdyr. Surat fotorobotdan çen salyp, 140 obanyň adamlaryny tussag etdiler
32) Ýaňy ýüregim gysyp 1kg tüwini sanap çykdym. 9273483 sany däne çykdy. Ýene birazyrakdan şekerem sanap aýtjak.
Dişlerini güjeňläp gülýän smaýlik...;)
Edebiýat,
Garlawaç
tarapyndan
20-09-2023, 09:08