?-nji hat. Sentýabr

Ýaşamaga güýjüm galmady, dostum. Sen ýaşa… Ýöne hergün ir-säher, otagyň her boşlugyny Gün şöhlesi bilen doldurmagy unutma! Tutularam tans etsin ýeliň sazyna. Ýolugra bir sazyň täsiri bilen hiňlenip ugra sen işiňe bakan. Men saňa üýtgeşik aýdym goýmadym, bilýän. Sen saýla bir serçäni, goşulyber şonuň heňine.
Depderiň bir çetine Gün suratyn çekmegi, ähli saralyp-solan gülleri jaýlamagy we her agşamara, dostum, aglamagy unutma! Men henizem ýaşaýandyr öýtsün otagym.
Ýaşaýarkaň, ýaşamagy unutma! Ýadasaň eger, akymyna goşul mawy asfaltyň, ýöräber ýoluň soňuna deňiç. Ýollar uzak, ädimlerem gysga… Soňuny saýma, ýürek urşuňa deňläber ädimleriňi.
Men gidemsoň asmana gowy seret, dostum. Göwnüňi birinde galdyraýsaňam, hergiz umydyňy ýitirmejek bol. Saňa ykbal gam çekdirse, ony çilim tüssesi deý sowur goýber gursagyňdan. Öz hasratyň özüňe artyk ge:r, dostum.
Aýnada özüňe syn edýäňmi bir?! Agyr dälmi gözleňdäki betonlar? Utanma, agla!
Arasynda ýöriteläp saçyňy dara. Şemalam halaýar bezemenleri. Gözellik diýip aşa kösenme ýöne. Ýylgyryp goýber.
…Ölüler mazarda üşemeýän eken. Şol pikir maňa köp ejir çekdirdi. Ötenlem üçin. Emma itler, pişikler üşeýär, dostum. Olaryň ganaty ýog-a, uçup gidäýer ýaly.
Kebelekleň nesli tükenmez entäk, ony gaýgy etme. Sen tebigaty arz et Ýaradana. Mümkin bolsa, ýene bir-iki aý goşup bersin bahara. Gyşdan kemse bolar, halys bolmasa. Onsuzam dokuzymyz üçe ýetenok. Hemem, güýzi unutma, dostum. Dekabr aslynda güýzüň kapyýasy.
Onsoňam… Sen göwnüňi giň tut. Şol ýerde bir gysylyp galmaýyn, dostum.

Begençgeldi Orazow

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Garlawaç tarapyndan 28-09-2023, 00:59

  • Garlawaç Garlawaç off № 1 28 сентября 2023 01:12
    Dünýä jebir çekýär. Erbet adamlaryň gazabyndan däl. Gowy adamlaryň
    sessizliginden.
    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 2 28 сентября 2023 01:13
    Seniň üçin ölmek bolsa ykbalym
    Ykbalymyň ellerinden ogşaryn

    Awtoryny bilemok. Bilýäniňiz barmy şu goşgyny
    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 3 28 сентября 2023 01:14
    Söýülmek umydy bilen söýmek ynsanlara mahsusdyr, emma garşylyksyz söýmek diňe enelere hem-de perişdelere mahsusdyr
    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 4 28 сентября 2023 01:16
    Eger birini söýýän bolsaňyz, diýmek siz ony gowy tanaýan dälsiňiz.
    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 5 28 сентября 2023 01:17
    Dünýäniň bar meselesi akylly adamlaryň aladada gezip ýören wagty, akmaklaryň hondanbärsi bolup ýörmeklerindedir.
    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 6 28 сентября 2023 01:19
    Ol gyz meni şeýle bir söýdi welin, maňa garşy uruş yglan etdi. Bilýäňizmi näme üçin?! Maňa ýesir düşmek üçin!
    (Şekspir)
    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 7 28 сентября 2023 01:20
    Teatr. Konsert. Atageldi Garýagdyýew.
    Gözlerini berk ýumup, duýgularyna berlip
    oturan gyzjagaz.
    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 8 28 сентября 2023 01:26
    Gözümi ýumýan, niredigini özümem bilmeýän ýerime syýahat edýärin.
    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 9 28 сентября 2023 01:26
    Çagalygyma dolanmak isleýärin. Geliň goşulsaňyz!
    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 10 28 сентября 2023 01:28
    GÖWÜNLIK
    Howany garaldyp, gamlanmasana...
    Seniň kemiň däldir, bahar dälligiň.
    Diýselerem «sowuk, gara gyş» saňa,
    Men welin, keseden bakan däldirin...

    Maňa-ha yssydan sowuk ganymat.
    Bu sowuk nepesim durlajak ýaly.
    Adamlar has mährem bolsady, senem
    beýdip, sowuk bolup durmajak ýaly...

    Aýgül Garaýewa
    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 11 28 сентября 2023 01:34
    SABRA
    Göwni ýykyk kanagatym
    Näz eden bolup ýör saňa.
    Sabrym, sabrym, garabagtym,
    Nämeler bolup ýör saňa?!

    Durkuňa, durşuňa dönsem,
    Dagymsyň sen, yranmajak!
    «Sen barkaň men bagtly» diýsem,
    Kimmiş maňa ynanmajak?!

    Gel, egnime goý başyňy,
    Başym başyňa gurbandyr.
    Bu bir saňa duzakdyr, wah,
    Rakyplaň biri gurnandyr.

    Menden ynjan bolsaň aýdaý,
    «Ham-hyýala göwün berip,
    Meni unutdy» diýýäňmi?
    Kanagaty höwür berip.

    Ýok- ýok, gadyrdanym, ýok-ýok!
    Sensiz ömri unamaýan.
    Dilim-dilim duýgularym,
    Sen ýelpeseň guramaýar.

    Uzat eliň, görme gaty,
    Sabyr gitse, takat barmy?!
    Hiýh... Bu nämäň alamaty,
    Goşaryňda sagat barmy?!

    Aýgül Garaýewa
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 12 28 сентября 2023 01:48
    Ýatsana ziom. Ne öziň ýatýaň ne-de bizi ýatyrýaň
    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 13 28 сентября 2023 02:06
    Khanture,
    Gatyrak gürläýdimmi ýa )
    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 14 28 сентября 2023 02:08
    Khanture,
    Maňa şü ýüzüne çykýan reklamalary nädip ýok etmelidigini öwretsene, arada bir ýerde ýazypdyň wln şogün başagaý bolup sorap bilmedim).
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 15 28 сентября 2023 02:38
    Garlawaç,
    Play marketdan Vivaldi browser atly programmany alýaňyz we galkan şekilli belgini basýaňyz. Soňra iň aşakdaka ptiçka basmaly.
    Jogap
  • Ak-sary Ak-sary off № 16 28 сентября 2023 15:32
    Sag bol
    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 17 29 сентября 2023 12:18
    Khanture,
    Boldy, başardym, sagbol)
    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 18 29 сентября 2023 12:27
    Khanture,
    Şahsy çady nädip ulanyp bilýäňiz?
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 19 29 сентября 2023 14:02
    Garlawaç,
    Şahsy çata girmeýäňiz. Maňa jogap bermek isleseňiz islendik teswirimdäki nikime [Khanture] basyň şonda meniň anketam açylýa "sahypasy" we "şahsy hat" diýen ýazgy çykýar. Şahsy hata basyp ýazyp bilersiňiz. Bu usul bşga agzalardada bolýar. Ýöne nikinde okalmaýan simwolly agzalaryňkyda bolanok
    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 20 29 сентября 2023 14:54
    Khanture,
    Yhym, düşündim, okalmaýan simwol şular ýalylarmy ,,#@&$"*_;:!)
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 21 29 сентября 2023 14:55
    Garlawaç,
    Hawa ?
    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 22 29 сентября 2023 14:56
    Khanture,
    Birzat ýazdym bardymy :/?
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 23 29 сентября 2023 14:59
    Garlawaç,
    Görhany :)
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler