AFK-nyň Çempionlar ligasynyň bijesiniň netijelerine türkmen janköýerleri  sabyrsyzlyk bilen garaşdylar. Türkmen futbolynyň muşdaklary bassyr ikinji ýyl Aziýanyň iň abraýly klub ýaryşynyň toparçadaky ýaryşyna gatnaşýan «Ahal» toparynyň Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» topary bilen duşuşmagyna garaşdylar. Sebäbi «Al-Nassrda» portugaliýaly meşhur hüjümçi Kriştianu Ronaldu çykyş edýär.  Emma bijäniň netijelerine görä, «Al-Nassr» başga bir toparça düşdi. Şonda-da portugaliýaly hüjümçiniň Türkmenistana gelmek mümkinçiliginiň bardygyny aýtmak gerek. Munuň üçin «Ahal» we «Al-Nassr» ýaryşyň pleý-off  tapgyryna çykmaly we bu iki klubuň ýaryşyň şol böleginde duşuşmagyna garaşmaly. Ronaldunyň «Altyn top» baýragyna birnäçe gezek eýe bolandygy mälimdir. «Al-Nassr» topary «Ahal» bilen duşuşmasa-da, türkmen futbolçylarynyň ozal «Altyn top» baýragynyň eýesi bolan oýunçylar bilen bäsleşendigini ýatlatmak isledik. Geliň, olar bilen bilelikde tanşalyň!

Oleg Blohin, 1975-nji ýylda «Altyn top» baýragynyň eýesi boldy.

1977-nji ýylyň 5-nji iýulynda Gazagystanyň Almaty şäherinde ýerli «Kaýrat» topary ozalky soýuzyň çempionatynyň (ýokary ligada) çäginde Kiýewiň «Dinamasyny» kabul edipdir. 1:1 hasabynda deňlikde tamamlanan oýnuň biz üçin ähmiýetli tarapy ýer eýeleriniň düzüminde çykyş eden ildeşimiz Gurban Berdiýew bilen baglanyşykly. Ildeşimiz Gurban Berdiýew şol gün «Dinamonyň» düzüminde oýnaýan «Altyn top» baýragynyň eýesi Oleg Blohin bilen ýüzbe-ýüz boldy. Şeýlelikde, biziň hasabymyza görä, 2004-nji ýylda Portugaliýada geçirilen Ýewropanyň kubogynda ýer eýelerini utup yklymyň kubogyna mynasyp bolan Nunu Gomeşiň laýyk bir ýaşan güni türkmen futbolçysy «Altyn top» baýragynyň eýesine, ýagny Oleg Blohina garşy meýdança çykypdyr. Portugaliýadaky däp-dessurlary içgin bilemok welin, milli ýörelgelerimizden ugur alyp pikirlensek, daýysy kiçijek Nununyň saçyny dabara bilen kesýän wagty, belki-de, meşhur Blohiniň türkmen ýarymgoragçysy Gurban Berdiýewiň goragyndan geçip bilmän kösenýän wagtyna gabat gelendir.

Andreý Şewçenko, 2002-nji ýylda «Altyn top» baýragynyň eýesi boldy.

Gurban Berdiýewiň şol taryhy oýnundan 21 ýyl geçirip, ýagny 1998-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda türkmen futbolçylary ýene-de bir gezek «Altyn top» baýragynyň eýesine garşy meýdança çykdylar. Şol gün Moskwada geçirilýän GDA ýurtlarynyň çempionlarynyň kubogy ugrundaky ýaryşyň ýarym finalynda Aşgabadyň «Köpetdagy» Kiýewiň «Dinamasy» bilen duşuşdy. Ukraina wekilçilik edýän toparyň peýdasyna tamamlanan şol oýunda dünýä belli ýyldyz Andreý Şewçenkony «zyýansyzlandyrmak» goragçymyz Jumadurdy Meredowa ynanylypdyr. Ildeşlerimiz üçin ýarym finalda jemlenen şol ýaryşyň gahrymany Şewçenko bolsa aradan kän wagt geçmänkä Italiýanyň «A» seriýasyna, has dogrusy «Milana» sary ýola düşüpdi. Şeýlelikde, 31-nji ýanwary köpçülik dünýä belli tebip Wanganyň doglan güni (Wangeliýa Pandewa Guşterowa 1911-1996) hökmünde ýatlasa, men Şewçenkonyň gatnaşmagyndaky duşuşyk sebäpli ýatda saklaýaryn.

Hristo Stoiçkow, 1994-nji ýylda «Altyn top» baýragynyň eýesi boldy.

Şondan 3 aý geçenden soň janköýerler ýene bir «Altyn top» baýragynyň eýesiniň türkmen futbolçysyna garşy oýnuna şaýat boldular. Dogry, bu agzalýan oýun, dereje babatda beýlekilerden ähmiýetli hasaplanýar. 1998-nji ýyldaky Aziýanyň kubok eýeleriniň kubogynyň ýaryşy. Bir oýundan ybarat ýarym final duşuşygynda paýtagtymyzyň «Köpetdagy» Saud Arabystanynyň «Al-Nassr» toparyna (häzirki wagtda şol klubda Kriştianu Ronaldu çykyş edýär) garşy meýdança çykdy. Arap topary «Köpetdagy» ýeňmek üçin şol wagt «Barselonanyň» düzüminde çykyş eden bolgariýaly meşhur futbolçy Hristo Stoiçkowy 2 oýun üçin kärendesine alypdy. Şeýlelikde, «Barselonanyň» ýyldyzy ildeşlerimize garşy 90 minut jan aýaman der dökdi. Diňe bir Stoiçkowy goramak däl, eýsem tutuş oýunda esasy ýük ynanylan Berdimyrat Nurmyradowyň bu oýundaky hereketlerini aýratyn nygtamak gerek. Ýene-de bir bellemeli zat oýnuň eýýäm 4-nji minutynda ildeşlerimiziň derwezesine 11 metrlik urgy bellenildi. Stoiçkowyň urgusyny türkmenistanly derwezeçi Ýewgeniý Naboýçenko gaýtarmagy başardy. Häzirki wagtda Gazagystanyň «Tobol» toparynda derwezeçilere tälim berýän ildeşimiz Ýewgeniý Naboýçenkonyň şol üstünligi 1998-nji ýylda dünýäniň habar beriş serişdelerinde uly seslenme döredipdi.

Lionel Messi, «Altyn top» baýragynyň 7 gezek eýesi (2009, 2010, 2011, 2012, 015, 2019, 2021)

«Goçguly Goçgulyýewiň türkmen futbolyndaky orny uly» diýip arkaýyn aýdyp bolar. Daşkendiň «Pahtakory» bilen Aziýanyň çempionlar ligasynda ýarym finala çykan goragçymyz bu halkara ýaryşda iň ýokary netije gazanan türkmenistanly futbolçy bolmagynda galýar. Goçgulyýewiň gatnaşmagyndaky taryhy oýunlaryň biri-de «Barselona» bilen geçirilen ýoldaşlyk oýnudyr. 2009-njy ýylyň 9-njy ýanwarynda «Barselona» öz meýdançasynda «Binýodkor» bilen 1:1 hasabynda deň oýnady. Bu oýunda ildeşimiz Goçguly Goçgulyýewe gönüden-göni Lionel Messini «zyýansyzlandyrmak» tabşyrylýar. Türkmenistanly futbolçy wezipesini aňryýany bilen ýerine ýetirip, Messi şol oýunda gol salyp bilmedi. Oýundan soň žurnalistler G.Goçgulyýewden: «Siz Messini mynasyp goradyňyz, esasan köpçüligiň nazary Messi ikiňizde boldy. Özüňi nähili duýýarsyňyz? Messi bilen eşik alyş-çalyş etdiňizmi?» diýip soranlarynda ol: «Men «Barselonanyň» merkezi goragçysy Karles Puýol bilen köýnekçämi çalyşdym» diýdi. Goragçy-da… Men başga zady aýdasym gelýär. Bardy-geldi Ispaniýa ýoluňyz düşse, hökman Puýolyň öýündäki futbol köýnekçelerine üns beriň! Ol ýerde dünýä ýyldyzlaryna degişli zatlaryň hatarynda türkmenistanly goragçynyň köýnekçesiniň hem bolmagy mümkindir.

Riwaldo, 1999-njy ýylda «Altyn topuň» eýesi boldy

2009-njy ýylyň 21-nji iýunynda kubok oýunlarynyň çäginde, Daşkendiň «Bunýodkor» topary Namanganyň «Nowbahory» bilen duşuşýar. Şol oýunda «Bunýodkoryň» esasy hüjümçisi «Altyn top» baýragynyň eýesi braziliýaly meşhur Riwaldo bolsa, «Nowbahoryň» esasy hüjümçisi türkmenistanly Mämmedaly Garadanow bolupdy. Şeýlelikde, Riwaldo taryhda türkmen futbolçysyna garşy çykyş eden 5-nji futbolçy hökmünde hasaba alyndy. Emma bärde ýene-de bir gowy maglumat bar. Riwaldo türkmen futbolçylaryna garşy meýdança çykan 5-nji «Altyn toply» futbolçy bolsa-da, türkmen futbolçysy G.Goçgulyýew bilen bir toparda («Bunýodkor») oýnan ilkinji «Altyn toply» futbolçy bolmagynda galýar. Kubok ugrundaky oýunda «Nowbahoryň» derwezesini Baýramnyýaz Berdiýew gorapdy.



Merdan BAÝADOW, sport synçysy.

File engine/modules/thanks.php not found.

Sport, Pegas tarapyndan 8-10-2023, 06:22

  • Khanture Khanture off № 1 8 октября 2023 09:39
    Goçguly aga ökde gorogçy. Hüjümçiler şony görse sandyraýardy. Pahtakor bilen Bunýodkoryň oýnunda görüpdim birinji gezek. Messi bilen garşy garşy oýnanyny bilemokdym.
    Jogap
  • Гость Гость off № 3 8 октября 2023 22:55
    Meesi bilen Ronaldo ýa-da Ronaldo bilen Messi, şul ikisi Özbegistana gelipdiler ir döwür. Şolar näme üçin geldilerka şonda ?
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler