“Maňa seniň gözleriňden gitme ýok...”
Gurbannazar Ezizow
Göwne güýz gussasy dolan çagynda,
Kalba sygman, duýgularym aganda,
Agşam çigreginde, daňyň çygynda
Öňki-soňky ýatlamamy tükelläp,
Saňa meniň gözlerimden gitme ýok,
Saňa meniň sözlerimden gitme ýok.
Köze dönüp, tyllasaç Gün doganda
Keşbiň görýän, melegim, gündogarda.
Ýeriň bagryn ezip ýagyş ýaganda
Damjalardan seniň sesiň eşdilýär.
Şoňa meniň gulagymdan gitme ýok,
Saňa meniň ýüregimden gitme ýok.
Özge gözler gözlerimi eretmez,
Senden başga söýgi maňa gerekmez!
Başyny ýaýkanda akja derekler
Tüm saçlaryň ysy gelýär ýel bilen.
Şoňa meniň hyýalymdan gitme ýok,
Saňa meniň hyýalymdan gitme ýok.
Erikler güllände, joşanda bahar
Didelem ýene-de ýoluňa bakar.
Sen hakda hiňlenýär şowhunly şäher,
Asman, zemin — bar zat diňe sen hakda!
Maňa senli pikirlemden gitme ýok,
Maňa gamly pikirlemden gitme ýok.
Sypaýaňok düýşlerimiň birinden,
Medet diläp söýgiň zabun pirinden,
Keşbiň gözläp günüň giji-irinden,
Düňle boldum!
Eý, düşmezim halyma!
Maňa seniň ykbalyňdan gitme ýok,
Saňa meniň ykbalymdan gitme ýok!
✏Sapa HOMMADOW
“Saňa meniň ykbalymdan gitme ýok...”
Edebiýat,
Pegas
tarapyndan
15-10-2023, 09:35