Bir topar täze adamlar gelipdir. Tanyşmak üçin birnäçe mowzuk ýazaýyn.
Olaryň nämeler ýazandygyna göz gezdireýin. Belki bu täze gelenler bilen jynym
gowy alyşar, ýogsa köne dostlarym menden bizar boldy öýüdýän.
-Şeýlelikde maksadyň näme diýip soramagyňyz mümkin. Jogap:- Ullakan
maksat ýok. Garpyşmasak bolany. Edil şu wagt ýokanok. Birine bir zady subut etmek.
Her kimiň öz ýoly. Ýollary men saýlamaýan. Tersine meniň üçin gyzykly. Özbaşdak
ýol saýlanlaryň bu ýoldan gidip baryşyna syn etmek. Dogry adamlaryň halyna
gynanýan eger olar öz ýolynda kynçylyga duş gelse. Şundan artygyna güýjüm
ýetmeýär.Gynanmakdan aňyry geçip bilmeýän. Mümkinçilik ýok. Pul bereýin diýsem
özümden artmaýar. Akyl bereýin diýsem akylym hiç kime gerek däl. Onsoňam öz
ýoluny özi saýlana akyl bermek gerek däl diýip oýlaýan. Özi gelip maňa
aKyl ber diýmese?
Indi bolsa meniň bu sözlerimi okap ýanyp-bişip köýüp ýören adam diýip oýlarsyňyz.
Bu pikiriňiz ýalňyş. Hiç kim üçin we hiç zat üçin ýanmaýan. Öz durmuş ýolumy
saýlap aldym. Bu ýol aldamady. Şu ýol bilen gidip otyryn. Soramagyňyz mümkin. Aýdyp
ber. Saýlap alan ýoluň barada diýip. Jogap:- Üýütgeşik ýol däl. Bir wagtlar Isa
pygamber şeýle diýen ekeni.
-Senden tamakinleriň paýyny özüne garaşyk ber diýip. Şu ýoly saýlap aldym.
Iknji bir düşündirme. Eşidensiňiz şeýle nakyly. Pus nakyly.
-Möjekler hem dok goýunlar hem bütin.Manysy çylşyrymly nakyl şeýle dälmi? Bu nakyly
ýakyndan bäri ulanýan.
Bolanokmy meniň diýýänlerim. Onda ýazyň. Adam nähili ýaşamalydygy barada.
Hoş wagtyňyz!
Tanyşlyk täzeler bilen
Täzelikler,
Kelleagyryk
tarapyndan
16-10-2023, 12:57