Ýola düşdüler. Edil şol ýurda dälde, bu ýurda goňşy bolan ýurda uçýan uçara jem bolup mündiler. Bäş sagatdan olar gyza bir ýurt ýakyn bardylar. Indi bu ýurdyň özüne girmeli. Bildirmän. Bu işleri edýän adamlary tapdylar. Olaryň satgyn bolmagy mümkin. Olara ullakan ynam bildirmän gyzyň saklanýan ýerine ýol aldylar. Birnäçe sagatdan bu iş hem oňdy. Indi gyzyň durýän ýerine ýakyn geldiler. Ýöne gyz gizlin saklanýar. Üstesine ýaragly adamlar tarapyndan güýçli goralýar.
Agşamyň düşmegine garaşmagy makul bildiler. Gyzy halas etmegi gizlin aşyrmaly. Ýenede terroristleri gapyl galdyrmaly. Ýogsa san taýdan olar örän agdyk.
Bu wagt bolsa eli-aýagy güýülgi gyz sorag edilip başlady. Kellesi takyr adam geldi. Gyzyň ýanyna. Ol gülümjiräp gyza gepledi.
-Örän owadan ekeniň. Beýle owadan gyz bilen diňe meniň aýalym bäsleşip biler. Gyz hiç zat diýmedi.
-Hawa , näme üçin bu ýerde eli-aýagy güýülgi otyrsyň. Bilýäňmi özi. Biziň bilen oýun etmek bolanok. Biz proffesional.
Gyz oňa ýüzlendi:
-Seniň beýle etmäne hakyň ýok. Meniň hökümetim senden hasap sorar. Şonda kyn bolar saňa.
Gyzyň bu sözi täkyr kelläni beter etdi. Onuň ýüi gamaşdy. Ol tersine sözledi:
- Hökümetim diýýäňmi? Ýöne biz hem özümizi hökümet ýaly duýýarys. Eger sen meniň bilen dost bolanyňda appartamentlerimi görerdiň we meniň dogrydygyma göz ýetirerdiň.
-Seniň appartamentleriň gözýaşlara ýugurlan.
Gyzyň bu sözi takyr kelläniň bütünleý gaharyny getirdi. Ol gazaba mündi.
-Hawa, men saňa ýagşylyk edeýin diýdim. Sen bolsa hyzmatdaşlyk etmek islemeýäň. Şeýle dälmi? Onda seret. Özüňe kyn boljagyny. Takyr kelle şu ýerde bar bolan komputeri işletdi. Komputerden bolsa onuň oglan bilen birinji gepleşen minudyndan başlap ähli ýazgylar oňa görkezilip başlandy. Görýäňmi diýdi ol. Onsoň ikinji bir komputeri işletdi . Bu komputer bolsa oňa oglanyň we onuň komandasynyň şu ýerde ýakyndadygyny görkezdi. Indi gyza kyn boldy. Ony alaçsyzlyk basmarlady.
Ol özüne:
-Biz şeýle bir sada diýdi. Birden takyr kelleden aman soraýyn diýdi. Emma asmandan gelen ak bulut ýaly bolup oglana bolan ynam onuň kalbyny eýeledi. Ol takyr kellä:
-Ol bu ýere geler we seni hökmän öldürer.
Takyr kelle gyza:
-Saňa bir sagat möhlet. Onsoň bilbil ýaly biziň peýdamyza saýrarsyň. Görýäňmi bu dermänlary. Bu dermanlar synagdan geçen. Gowusy ylalaş. Ynha saňa dünýäde iň güýçli komputer. Ähli bilýän maglumatlaryňy şu komputere ýerle. Munyň üçin men saňa örän köp pul bereýin. Onsoň ýurdyňa aşyraýyn.
-Ýok diýdi gyz. Men bu ýigidi söýýän. Oňa durmuşa çykmakçy. Eger men seniň aýdanyňy etsem söýýän ýigidimden aýrylaryn.
-Oho diýdi takyr kelle. Häli bu ýere söýgi aralaşdy diýsene. Söýgi bilen oýun edip bolanok. Men muny bilýän. Emma mende bar bolan mümkinçilik iň bolmanda söýgüni gümdan eder.
Edil şu wagt takyr kelläniň ýigidi görüp otyryşy ýaly oglanyň komputeri hem takyr kelläniň aragatnaşyk ulgamyna girip gyz bilen takyr kelläni komputer arkaly görüp otyrdylar. Takyr kelläniň maksadyny aňdylar. Onuň ahyrky maksady gyzy bu ýerden alyp gitmek belki ýene bir ýurtlara. Bu iň agyr ýagdaý. Gyzy terroristlere berip göýberip bolmaz. Kellämizi şu ýerde goýsagam gyzy alyp galmaly. Oglan ýigitlerine buýurdy. Bize harby dik uçar gerek. Hemme mümkinçilikleri we ätiýaçlyklary bolan. Eger olar gyzy bu ýerden alyp gitjek bolsa biz dik uçar arklay olara hüjüm ederis. Derrew öz ilçihanamyz bilen gepleşik alyp baryňda harby dik uçar soraň. Dik uçary özümiz süreris. Buýrugy ýerine ýetiriň. Bir sagada ýetmän harby dik uçar olaryň golastynda boldy.
Edil şu wagt bolsa takyr kelle gyzyň gaşyna geldi.
- Gynansakda biz bu ýerden gidýäs. Örän gowy ýerdi bu ýer. Gitmek agyr egýär maňa. Elbetde sen ylalaşan bolaňda biz bu ýerde waglardyk. Bolupdyr. Hany taýynlygyňy gör. Seniň söýgüli ýigidiň bize köp kynçylyklary döredýär. Ol örän kelleli eken. Edil şu wagt ol biziň aragatnaşyk ulgamymyzy partlatdy we özüniň nirededigini gizledi. Megerem çyksa ol eýýäm şu ýerlerde.
Gyzy süýräp ugradylar. Meýdan çykardylarda raketa urgysyna çydamly bronemaşina mündürdiler we näbelli tarapa ugur aldylar. Olaryň gyzy alyp çykyp gidip barýanyny görüp duran oglan bolsa harby dikuçaryň dolandyryşyna girip asmana galdy we bronemaşýyny yzarlap başlady. Salym geçmän bronemaşyna ýakyn geldiler. Elbetde bronemaşyn bir topar ýaragly maşynlar bilen mäkäm goraglydy. Ilkinji raketalar zarby iki tarapdanam uruldy. Bronemaşyn bolsa hiç zada seretmän gaçyp başlady. Oglana gyz gerekdi. Eger gyzy uruşman beren bolsalar ol bu ýerden hiç kime degmän gitsede giderdi. Emma bolmady. Terroristler dik uçary urup düşürjek bolup azara galdylar.
Onda oglan buýruk berdi. Birini goýman ýok etmeli. Harby dikuçaryň ähli ýaraglary herekete geldi. Raketalar göýberildi. Ulu göwrümli pulemetler işledi. Salyma ýetmän terroristleriň ýaragly maşynlary guma garyldy. Dikuçar bolsa bronemaşyny yzarlady. Oňa ýakyn geldi. Ýörite tor aşak zyňyldy. Bu torlar arkaly oglanyň komandasy aşak düşüp, gidip barýan maşyny ýörite tor bilen orady. Özleri bolsa dürli tarapdan maşynyň içine kürsäp girdiler. Maşynda bolsa takyr kelle gorkunjyndan sandyrap otyrdy. Gyz bolsa özüniň azat edilýänine mes bolup gülýärdi. Üsteine öz söýgüli ýigidine gowuşjagyna.
-Men aýytdyma diýdi ol takyr kellä. Seniň oýunyň deň gelmez meniň ýigidim bilen. Onsoň ol ýigidi gözledi.
-Hany ol. Didaryndan doýaýyn seredip. Biz eýýäm bir näçe aý bäri tanyş emma onuň ýüzüni doly görmedim. Ol hemişe ýüzi örtülgi. Oglan bolsa bronemaşyny içindäkiler bilen asmana göteripdi. Bu ýerlerde durmak mümkin däldi. Bu ýer terroristler mekanydy. Islendik wagt täze bir terroristler guramsy tarapyndan oka tutylmagyň mümkindi.
Dikuçaryň öz gonmaly ýeri bardy. Ýigit şol tarapa ýol aldy. Gyz bolsa böküp-böküp düşdi.
- Men öz söýügülimiň ýanyna barjak. Meni ýokary galdyryň. Bu ýigrenji takyr kelläniň ýanynda bir sekundam galjak däl.
Bolmady. Gyzlar aýdanyny etdirýärler. Esgerleriň biri gyzy ýokary alyp çykmany boýnuna aldy. Ol gyzy egnine alyp tor arkally ýokary dyrmaşdy. Oglan gyzyň özüne tarap ýokary galýanyny görüp dikuçary awtomata geçirip özi gyzy garşylady. Olaryň ikisäm gülüşýärdiler bu wagt. Olar bagtlydylar bu wagt. Ýene ýarym sagatdan dikuçar ýere gondy. Halkara terrorizmine göreş guramasynyň adamlary dikuçary gurşap aldylar. Olar üçin takyr kelle gyzyklydy. Köp wagtdan bäri tutylman gaçyp ýören bu terrorist ullakan oljady. Bu oljany biziň ýurdymyzyň ýigidi özüniň batyrlygy we ugurtapyjylygy bilen tutdy. Hemde öz söýgüli gyzyny terroristleriň elinden halas etdi. Dünýäniň habar beriş serişdeleri ýaň saldylar. Türkmen ýigidiniň germeniýaly gyzy halas edendigi barada. Bu bolsa biziň ýurdymyzyň abraýynyň dünýä arenasynda ýene bir gez artmagyna getirdi.
Indi näme etmeli. Elbetde, gyzy öz ýurdyna hemde ata-enesine gowşurmaly. Oglan komanda syna öz ýurdymyza gaýytmagy buýryp, özi Agata bilen Germäniýa uçdy. Ýene bäş sagatadan gyz öz ýaşaýan öýüne tarap ylgady. Onuň ýekeje garry ejesi bar eken. Ol gapyny açanda ejesiniň ýüzi agydan dolydy. Gyzynyň gapyda gülüp duran ene ýene aglap göýberdi. Agata... Gyzym... Zordan özüne geldi. Örän gaýgy eden eken ene çagasyny.
Oglany görüp bu kim diýdi. Agata:
-Ene bu meniň durmuşa çykmakçy bolýan ýigdim.
Ene oglana seredip, sen biziň milletimizden däl bolsaň gerek diýdi. Agata enesiniň gepine gülüp:
- Ýok ene ol türkmen.
- Birinji gezek eşidýän bu hili milletiň bardyyny. Bolsada ýüzüň nurana ekeni. Haýsy milletden bolsaňda.
Bir salymdan enäniň ýüzüne hem bagt çaýyldy. Olar dürli geplerin tapyp üç bolup uzak wagtlap gülüşip otyrdylar.
Bir gije myhman bolup oglan öz ýurdyna gaýytmaly boldy. Gaýytmazynyň öň ýany Agata bilen oglan kompaniýany täzeden diklemegi maksat edindiler.
-Men hem saňa kömek ederin diýdi ol gyza.
Hoşlaşmaly wagt geldi.
Biz gepleşip durarys gerek diýdi oglan gyza.
Agata hökman diýdi.
Olaryň toýy ýene dört ýyldan boldy. Durmuş olary şeýle hereket etmäne mejbur etdi. Olary uzak wagt synady.
Toý Aşgabatda türkmen toýlaryna mahsus sypatda bolup geçdi. Bu toýa örän köp germäniýaly adamlar geldi.
Şeýdip bu ikisi öz maksadyna ýetdiler. Ýene bir ýyldan olaryň perzentleri boldy. Agata bilen ýigidi Aşgabadyň köçelerinde eli kiçijik çagaly bileje gidip barýanyny görmek bolýar.
Agata 2
Edebiýat,
Kelleagyryk
tarapyndan
18-10-2023, 13:56