Biz daş töweregi garaňky bolan hyýaly dünýädäki kiçiräk jaýda ýaşaýardyk.Bu jaýy bize hyýaly dünýäde jaý gurujy ussa gurup beripdi.Jaý gurlan wagty ussanyň özi hem bu jaýda ýaşaýardy.Soňra özüne başga jaý edindide. Jaýy bize goýup gitdi we her wagt gelip bizi görüp gidýärdi.Jaýa bolsa Goragçy adam goýup gidipdi .Goragçy adamyň hem öz işleri özüne ýetikdi.Goragçy adamyň wezipesi bizi daşardaky adam iýgiçlerden (užus)goramalydy.
Biziň ýaşaýan jaýymyz garaňkylyňkyda ýerleşen soň ähli adam iýijiler iýmäge zat tapman biziň jaýymyza hüjüm edýärdiler.Biziň jaýymyzyň içi ýagtydy.Jaýymyz şeýle ýagty bolansoň daşardaky garaňkyda gezip ýören adam iýgiçler ýagtylyga tarap hereket edip jaýymyza girjek bolýarlar.Bu adam iýgiçleriň biziň jaýymyza hüjüm etmeginiň sebäbi.
Ilki başda hyýaly dünýä döredilende hemme ýer ýagtydy .Soňra wagtyň geçmegi bilen.Hyýaly dünýädäki jaýlary gulplamaga başladylar.Gulply jaýlardan çykýan ýagtylyklary hem görüp bolanokdy.Gulply jaýlara diňe açary bar adamlar dik uçarlar arkaly gelip içeri girip ýaşaýardylar.Soňra açarsyz adamlar daşarda ýaşamaly boldylar.Olar biri-biri bilen uruşyp pyçaklaşyp garaz adamçylykdan çykyp biri-birini iýmäge başladylar.Ýöne Olar biziň jaýymyza girip bizi iýjek bolýardylar.Biziň jaýymyzyň gapysynda gulp ýokdy.Şol sebäpden jaýymyzyň ýagtylygy daşarky adam iýgiçlere görnüp durýardy.Biziň hem jaýymyzy iki sapar gulpladylar.Jaýy guran ussa gelip jaýyň gapysyny çalşyp gitdi.Şonuň üçin biziň jaýymyzda gulp ýok.Biziň jaýymyzda gulp ýoklugynyň sebäbi.
Jaýymyza užus bolmadyk akylly adamlary girizmekdi.Günleriň birinde biziň jaýymyza Adam iýgiç girdi.Biziň jaýymyzyň ýaşaýjysy Dosmämmet we başgalar adam iýgiji jaýdan çykarmak üçin hereket edýärdiler . Dosmämmet entek doly güýjünde hereket edenokdy.Kung Fu usullaryny bilýärdi.Ýöne näme sebäpdendigini bilemok Kung Fu usullaryny entäk ulananokdy.
Awtor: Sypaýy_S
Hyyaly dünyädäki gulpsyz jay
Edebiýat,
Sypayy
tarapyndan
20-10-2023, 15:10