Men guşlary gowy gördüm,
Saýradylar öz dilinde,
Ili hakda, dili hakda
Ha diri, ha öli hakda.

Men guş dilin bilmeýärdim
Ýöne düşünjek bolup
Käte peçan, käte gizlin
Nagmalaryn diňleýärdim.

Kä begendim, käte bolsa
Olara örän gyýyldym
Soňam diýdim öz-özüme
Pähey-de bir , akmak kelle
Guşa däl-de, öz-özüňe gyýyl sen

Guşuň näme derdi bolsun
Nämä aglasyn olar?

Guşlar uçup bilýärler,
Islän wagty islän ýerne,
Bilelikde ýa-da ýeke
Göçüp bilýärler.
Ýerde ýa-da gökde bolsun,
Parhy ýok,
Duşmanyndan hile bilen
Ýa-da dogry göreş bilen
Ara açyp ýa-da gaçyp bilýärler.

Diňe adam aýagy
Ýer tutýandyr düşünseň,
Ýogsa şolam uçardy,
Guşlar ýaly başarsa.

Eýsem, adam guşlar ýaly
Gökde uçup bilýärmi?
Ýogsa, dil çykany bäri
Aýdyp gelýär uçasynyň gelýänni

Men guşlary gowy gördüm,
Galmadylar ýanymda
Olar ötegçi myhman
Men guşlaryň zarynda

Guş gidensoň, kalbyň nädip çökýänin
Ruhuň nädip çykýanyn
Bir guşuny ýitiren
Ahmal gidiren
Men deýin betbagt guşsöýer biler.

Men guşlary gowy gördüm.
Taşlap gitdi olar meni.

Bägül Ataýewa

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, MILALIKA tarapyndan 22-10-2023, 02:20

  • Nurgeldi_G Nurgeldi_G off № 1 22 октября 2023 03:44
    Onki Bagul Atayewa nigina nam boldy. Koduny bilenokmy
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler