ABZUDAKY ILKINJI IŞÇILER SÜMER DIÝARYNA ÇAGYRYLÝAR
Anu ýany bilen altynly Nibiruwa tarap süýnüp uçup gitdi. Utu täze wezipedäki işine uly höwes bilen girişdi. Ninurta bolsa Bad-Tibiranyň serkerdeligindedi. Marduk Lahmuwa dolanyp barmady, kakasy bilen Abzuwa hem gitmedi. Onuň hyýal-arzuwy bütin diýarlaryň üstünde aýlanmakdan ybaratdy. Gök gämisine münüp Ýeri öwrenmekçi bolýardy.
Käbiri Lahmuda käbiri Ýerde bolan Igigileriň serkerdeligine Utu taýyn edilipdi. Anu Nibiruwa gideninden soň Ýerdäki galan baştutanlaryň diýseň uly umytlary bardy.
Anunnakileriň täzeden kuwwatly işlemäge başlajakdyklaryny, altyny çaltlyk bilen öýe ugradylmagyna garaşdylar. Heýhat, bu beýle däldi. Abzudaky Anunnakiler bolsa kyn işi dowam etdirmegi däl-de rahat dynç almaklyga garaşýardylar.
''Ýerdäkiler barha köpelmäge başladylar, işi indi olar etsinler'' diýýärdi Abzudaky Anunnakiler. Edindäki bellenen wezipeler has uludy. Has köp öý, goş-golam gerekdi.
Edindäki gahrymanlar diňe Abzuda ýerleşdirilen ilkinji işçileri goýbermeklerini soradylar.
Edindäki gahrymanlar ''Kyrk şarlap rahatlyk diňe Abzuwa nesip etdi'' diýip gygyryşýardylar.
NINURTA ABZUDAN ÝERLILERI EDINE GIZLIN ALYP GAÝDÝAR
...Işimiz hasam beter artdy, bize-de indi işçi gerek. Enlil bilen Enki munuň çäresini tapmak üçin pikir alyşdylar. Ninurta meseläni özbaşyna çözmek isledi.
Elli gahrymanlar bilen bilelikde Abzuwa tarap ýörüş edip ýaraglandylar.
Abzunyň tokaýlygynda we sähralygynda Ýerlileri gözläp başladylar. Gözläp tapan ýerlerinde erkek-zenan diýmän Edine getirdiler. Miwelik baglygynda we şäherlerde her dürli işi etmekleri üçin olary okadyp öwretdiler.
Bu işlere Enkiniň gahary geldi; Enlil gazap atyna mündi. Adamu we Ti-Amaty kow diýipdim etmediň!'' diýdi Enlil Ninurta! Abzuda bolup geçen gozgalaň, Edinde hem başlamasyn diýdi Ninurta Enlile. Ýerliler Edine gelseler gahrymanlar köşeşerler. Bir näçe şar geçsin, kynçylyk çözüler!-diýdi Ninurta, Enlile.
EDINDE ÝERLILER KÖPELÝÄR. IÝMIT ÝETMEÝÄR
Enlil köşeşer ýaly däldi, hüňňürdäp-igenip ''bolýar'' diýdi ogluna. Altyn tiz toplansyn, hemmämiz iň gysga wagtyň içinde Nibiruwa dolanalyň. Edinde Anunnakiler Ýerlileri haýran galmak bilen synlaýardylar: Olar düşünjelidiler, buýrulan buýruklara düşünýärdiler. Her dürli görnüşden ýokary düşünjelidiler. Işlerini ýalaňaç ýerine ýetirýärler. Erkek we zenanlar öz aralarynda dowamly birleşip, dowamly köpelýärdiler. Bir şaryň dowamynda kä wagtlar dört, käte has köp nesil dünýä gelýärdi. Ýerlileriň sany köpeldigiçe Anunnakileriň işçileri Anunnakileriň berýän iýmitleri ýetmezlik edip başlady.
Şäherlerde we miwe bakjalarynda, düz ýerli mekanlarda we depelerde Ýerliler dowamly diýen ýaly iýmitiň gözlegindediler. Ol wagtlar dänelik we ekinlik ýokdy. Urkaçy goýun, guzy dogulmandy. Bu mesele sebäplem Enlil Enkä igenýärdi: ''Seniň eden işleriň sebäpli döredi bu problemmalar, munuň çäresinem sen gözle!''
ENKI SIWILIZASIYALY ADAMY DÖRETMEGI PLANLAŞDYRÝAR
Indi bu bolsa siwilizasion ynsanyň orta çykyşynyň we Edinde Adapa we Titiniň Enkiniň gizlin syrlarynyň kömegi bilen nädip dogýandygy hakynda bolar.
Ýerlileriň köpelýändigine Enki begenýärdi, Enlil bolsa alada batýardy. Anunnakileriň agyr ýükleri ýeňlän ýaly boldy, birahatlykdan aýryldylar.
Olar köpeldikleriçe Anunnakiler agyr işlerden gaçýardylar, işçiler topraga bagly gullar ýalydylar.
Ýedi şar içinde Anunnakileriň paýyna düşen iş aňsatlaşypdy. Ýene-de üç şar geçeninde balyklar we guşlar azalyp başlady. Öz-özünden ýetişýän zatlar Anunnakilere we Ýerlilere ýetmez boldy. Enki başga bir çykalga tapmak üçin pikirlenýärdi.
Topraga ekiljek tohumlar olar tarapyndan ýetişdirilip, goýunlara hem seredip çopançylyk edip ýetişdirip biljekdiler. Ýöne muny nädip başarmalydygy hakynda pikir etdi. Bu esasy plan üçin Abzudaky ilkinji işçileri gözledi. Edindäki Ýerlileri şäherlerde we miwe bakjalarynda gözden geçirdi. Bulary nädip şol işlerde belläp bolar? Intek birleşmedik haýsy janly ýaşaýyş suwuklygy bilen amala aşyrmaly?
ANUNNAKI TOHUMY SIWILIZASIÝA YNSANYNYŇ DÖREDILMEGI ÜÇIN GEREKLI. ENKI IKI ÝERLI ZENANY DÖLLENDIRÝÄR.
Ýerlileriň çagalaryna syn etdi we örän erbet bir zat gördi: Aralarynda jübütleşe-jübütleşe bular ilkinji atalarynyň ýagdaýyna düşüpdiler.
Enki gamyşlyklarda aýlanyp gördi, derýalarda ýelken açyp gözleşdirdi. Ýanyna diňe syr saklaýan weiri Isimudy aldy. Derýanyň kenarynda hezil edip suwa düşýän Ýerliler onuň ünsüni çekdi. Aralarynda wagşy owadanlyklary bilen iki zenan onuň gözüne ildi.
Olary gören Enki begendi. Enki Isimuda ýüzlenip: ''Bu ýaşlary ogşasammykam'' diýdi.
Isimut gämini kenara tarap öwürdi. Enki gämiden düşdi. Ol ýaşlaryň birini ýanyna çagyrdy. Ýaş gyz Enki üçin bagdan miwe ýoldy. Enki egilip ony gujaklady. Ýaş ýerli gyzy bildi. Jübütleşip, ýatgysyna tohum goýberdi. Ýaş gyz mukaddes tohumdan hamyla boldy. Enki beýleki gyzy hem ýanyna çagyrdy, ýaş gyz oňa üzüm ýolup berdi. Enki ony hem egilip gujaklady. Ýaş gyzy bildi. Jübütleşip mukaddes tohumy ýatgysyna goýberdi. Jenap Enkiniň tohumy bilen hamyla boldy. Weziri Isimuda bolsa şeýle tabşyryk berdi: ''Bu ýaş gyzlar bilen bile bol, göwreli bolup-bolmandygyndan habarly bol'' diýdi. Isimud ýaş gyzlaryň ýanynda galdy; dördünji sanyň içinde göwreleri tegelendi.
ÝERLI ZENANLAR DOGURÝARLAR
Onunjy sanda dokuzynjy tamamlanypdy; birinji zenan çommalyp bir oglan bänejigi dünýä getirdi, ikinji zenan çommalyp bir gyz bäbejigi dünýä getirdi.
Şol günüň wagtyny bellige alanyňda gün dogup gün batýança dogurdylar. Şol günden bäri ''Zarifler Şapak we Agşam'' diýlip rowaýatlarda aýdylyp gelindi. Kakalary Enki bolan bu ikisi togsan üçünji şarda 334.800 ýyl) Edinde doguldylar.
Isimud olaryň dogulandygyny Enkä habar berdi. Enki bu habary eşidip begendi.
Enki Wezir Isimuda şeýle diýdi: ''Bu syr biziň aramyzda galsyn! Eneleri olary emdirsin. Soň olary meniň öýüme getir...''
ENKI TÄZE DOGULANLARY ÖÝÜNE ALYP GELÝÄR
''...Bu perzentleri gamyşdan örülen sebediň içinde hasyroty saz çalýan gamyşlyklaryň arasyndan tapdym...'' diýip hemmelere şeýle diýip aýtgyn. Ninki terk edilip taşlanyp gidilen çagalary gowy görüp söýdi. Olary öz ogullary ýaly ulaldyp ýetişdirdi.
Oglanjygyň adyna Adapa diýip at goýdy. Gyza bolsa Titi diýip dakdy, durmuşda dogulan diýen manyda. Bu ikisi beýleki Ýerli çagalara hiç meňzänokdy.
Beýleki Ýerlilerden giç ulalýardylar, düşünjeleri olaryňkydan tiz özleşýärdi. Ökdediler, gürleýişleri düşnüklidi. Gyz owadandy. Elleri hünärlidi. Enkiniň aýaly Ninkiniň gyzgyn mähri Titini gurşap alypdy. Oňa her dürli el hünärini öwredýärdi. Enki bolsa Adapany okadýardy. Ýazgylary ýitmez ýaly nähili bellemelidigini, saklamalydygyny öwredýärdi. Enki bu başaran işini buýsanmak bilen görkezýärdi weziri Isimuda. Oňa Siwilizasiýa ynsanyny ýaratdym diýýärdi.
NIBIRUDAN HAÝWAN WE DERMAN TOHUMLARY GETIRILÝÄR
Tohumymdan täze bir Ýerli tüýs peýda boldy. Ol meniň öz keşbinde we maňa meňzeş! Derman tohumlaryndan besin ýetişdirerler, guzylary süri-süri edip ýetişdirerler! Mundan beýläk Anunnakiler we Ýerliler aç galmazlar. Jigsi Enlile habar ýollady; Enlil Nibrukiden çykyp Eridu şäherine geldi. Ýabany çaýyrlarda täze bir Ýerli tüýs emele gelipdir diýdi Enki Enlile. Ýatkeşlikleri güýçli, aýdylan zada örän çalt düşünýärler, olara ylym-bilim öwretseň boljak.
Rugsat ber Nibirudan eker ýaly tohumlar getireliň, rugsat ber Nibirudan Ýere goýun getirip, köpeldeliň, Anunnakiler we Ýerliler aç galmasyn'' diýdi Enki Enlile.
Olar köp tarapdan alanyňda bize Anunnakilere meňzeýärler - diýdi Enlil doganyna. Ýöne olaryň çaýyrlykda tapylmagy bolsa haýran galdyryjy. Isimud çagyryldy: ''Olary gamyşdan örülen sebetleriň içinde tapdym'' diýdi.
Enlil bu meseläni çynlakaý çözmek üçin çemeleşdi, gam-gussa batdy, kellesini ýaýkady. ''...Ýerde täze siwilizasiýa döreýär, Ýerde öz-özünden siwilizasiýa orta çykýar, oňa ekerançylyk we çopanlyk, el işleri öwredilmeli, hakykatdanam geň, ynanar ýaly däl!...''
ADAPA WE TITINIŇ PERZENTLERI BOLÝAR
Enlil Enkä şeýle diýdi: ''Bu täze görnüşi Anuwa habar bereli! Täze görnüşe degişli maglumatlar Anuwa ugradyldy. ''...Rugsat berseň Ýerde ekmek üçin tohum gerekli boljak, goýun-guzy hem bakmak, köpeltmek we oňňut etmekde ýagdaýlar şeýle. Anunnakiler we Ýerliler täze dörän siwilizasiýa tarapyndan seredilsin, olara iýmit berip dok etsin...'' Anu bu sözleri eşidip şok boldy: ''Janly suwuklygyň başga bir görnüşe öwrülmegi bu görlüp-eşidilen zat däldir'' diýip olara jogap ýollady.
Ýerde Adamudan siwilizasiýa gaty tizlikde geçmeklik eşidilen zat däldir. Tohum ekip, tikin dikmek, çopançylyk etmek üçin integem gaty köpelmekleri gerek; bu barlyklar köpelmeýän bolaýmasynlar? Nibirudaky alymlar bu hakda pikir edýärkäler, Eriduda esasy wakalar bolup geçdi. Adapa Titi bilen jübütleşip ony bildi; onuň ýatgysyna tohum goýberdi. Hamyla bolanyndan soň ony dogurdy.
ANU ADAPANY NIBIRUWA ÇAGYRÝAR
Titi ekiz-ekizden dogurdy. Bu habar Anuwa ýetirildi. Bu ikili dörew bilen olary köpeldip bolar. Rugsat berseň Ýerde tohumlar ekilsin, goýunlar köpelsin! Rugsat berseň Ýerde hojalyk döresin we çopanlyk edilsin, rugsat ber hemmämize iýmit ýetsin!'' diýip Enki we Enlil Nibirudaky Anuwdan haýyş etdiler.
Soňra Anu olara şu jogaby berdi: ''Titi Eriduda galsyn, täze dogulanlary emdirsin, Ýerli Adapa bolsa Nibiruwa getirilsin..!''
Zakariýa SEJIN
Terjime: @Jeksparrodan
7-nji Sümer plitasynyň soňy
Edebiýat,
Jekwarabey
tarapyndan
25-10-2023, 10:19