Ine, onsoň uzak wagtlap arzuw eden maksadyňyza ýetdiňiz. Maşyn aldyňyz! Gymmat maşyndan. Bu hili maşyny adamlar öwüp-magtap arşa galdyrdyrypdy. Emma olar dälde siz eýe bolduňyz bu hili maşyna. Dost-ýar diýýänleriňiz hatar gurnap geldiler, gutladylar, öwdüler maşynam, sizäm.
Emma başga bir adamyň maksady sizi gutlamak däldi. Onuň maksady siziň başyňyza ýetmekdi. Sizi il içinde ýere urmakdy. Bu maşyn hem oňa bahana boldy.
Biraz wagt geçdi. Maşynyň howry düşdi. Adamlar gürrüň etmesini azaltdy. Bu aralykda başgada wakalar bolup geçdi we indi adamlaryň ünsi soňky bolan wakalara berildi.
Hiç zady göwnüňize getirmezden toýa bardyňyz. Dogry käbir adamlary halamaýardyňyz emma bu adamlar sizi häzirki bolup geçjek kyn ýagdaýa salar öýütmeýärdiňiz.
Toý gyzyp başlady. Bagşylar bir ýandan saz etdi, aşpezler bir ýandan garnyňyzy gyzdyrdy. Iýdiňiz içdiňiz. Mes bolduňyz. Bir salym dünýäni ýatdan çykardyňyz. Gaýgy-gam ýada düşmedi. Göwnüňize durmuş hemişe şunyň ýaly dowam edip gelýän ýaly boldy we baryndan beter bu toý gutaryp ýene aladaly günleriň geljegi ýada düşmedi. Emma asmanda otyran Eýämiň maksady başga hili gurnalandy. Hemmeler üçin. Şol sanda gürrüňini edýän ýigidimiz üçin hem.
Ine, onsoň içgiden kelläň aýlanan wagty, özüňi meniň bilen hiç kim bäsleşip bilmez diýýän wagtyň, halamaýan adamyň köpçüligiň içinde size şeýle diýýär. Özäm mylaýym söz bilen. Ol hem içgili edil seniň ýaly.
-Pylanjan maşyn alaýypsyň welin, menden maslahat soraýmansyň. Has gowy maşyny men tapyp beredim saňa.
Şu wagta çenli bu hili söze hiç kim aýytmandy size. Siz häzir al-asmanda. Hut çynlakaý garasaň bu aýdylan sözde öýkelär ýaly ullakan many ýok.
Ýöne indiki gezek diýip geçirip göýbermeli söz. Emma içgi ýaman. Ol siziň diliňizi şu hili gepletdi.
-Sen kim bolupsyň maňa maşyn alyp berer ýaly. Ilki bilen özüňe al.
Emma bu söz ony yzyna gaýtarmady. Jogap hökmünde şu eşiden sözüňizi size sugşyrdy.
-Ýanyp giden pullaryňa gynanýan dost jan. Seniň alan çaşgyldygyň hemme ýerde çaşyp ýatyr.
Yzyny dowam etdirmäne goýmadyňyz. Derrew gaharyňyz geldi. Hemme adamlar meni gutlady, öwdi. Bu bolsa maňa göwüniýetmezçilik edýär. Özäm köpçüligiň içinde. Bu ýerdäki adamlar indi başga gürrüňi goýup siz ikinizi diňläp başlady. Jedel gitdi. Kim ýeňer?
Adamlaryň içinde gep eşitmek hemmesinden ýaman. Siz indi ony ýeňmeli ýogsa öz ýanyňyzdan oýlaýaňyz abraýyňyz peseler. Iýmek-içmek, wagalaň-şagalaň sizi indi şu hili gepletdi.
-Sen bahyl. Görüp bileňak. Özüňde ýok maşyn. Şu hili sözler siziň pikiriňizçe ony sem etmelidi emma ol hem öwjüne galdy we şu sözleri orta pat etdirdi. Bu hili sözleri eşitmek siziň düýşüňize hem girmändi.
-Aslynda bu maşyna puly nireden aldyň. Şunça puly. Mal bakypmy, ekin ekipmi ýada gurluşykdä işläpmi. Sen bu pullary adamlary tünäp aldyň. Men seniň ýaly haram pul tapmaýaryn. Şonuň üçin maşynym hem ýok.
Otyran adamlar gözüni petretdi. Size haýpy gelýän hökmünde seretdiler. Käbirleri bolsa turşy ýylgyrdylar. Olaryň ýüzünden siz okadyňyz.
-Onuň aýydýany hak. Şunça puly nireden we näme edip tapdyňyz. Adamlar size hormat goýar ýaly.
Köpçüligiň müýnli gözleri sizi aýňaldyp başlady. Içginiň täsiri peseldi. Dury pikirler gelip-gidip ugrady. Özüňiz boýnuňyza almasaňyzda kelleňizde biri siziň ornyňyza siziň edenlerinizi boýun alyp başlady. Näçe adamlaryň hakyny bermaniňiz. Aldanyňyz. Pul üçin ýallaklanyňyz.
Birden özüňizi aklajak bolduňyz.
-Ýeke men däl. Hemmeler şeýidýär.
Emma seniň bu sözleriň adamlaryň gulagyna ilmedi. Näme üçindigi belli däl. Ony diňlediler. Onuň sözüni dogry tapdylar. Ýöne seni däl. Oturanlar ýene öz ýoluna başladylar. Hiç kim saňa seretmedi. Birwagtky gutlanlar hem bar bu ýerde. Olar hem özara gümra. Kelläňe başga bir pikir gelýär.
-Sen bu ýerde artykmaç ýaly. Hemmeler ol adamyň tarapynda ýaly. Gowusy turyp gideýin.
Gaýytdyň. Ýola düşdüň. Agyr pikrler basmarlaýar. Indi näme etmeli. Diňe bir ýol galýar. Özüňi aklamaly. Başga alaç ýok. Gadymkylar aýdypdyrlar.
-Bihaýalykdan ölen ýok. Diýse diýipdir ol adam. Puly haram tapýaň diýip. Kim häli halal tapýar. Ýeke men däl. Durmuş şeýle.
Başga-da köp delillere ýüz urýaň. Özüňi aklajak bolup. Wagt bolsa geçip dur. Käwagtlar yza süýşüp dogry ýola düşeýin diýýäň. Emma ýene şol ýol. Täze ýoly gurmana sende ysgyn ýok. Şeýdip ýaşaýyşy dowam edýäň we ýenede bir gün başga biri seni haramlykda aýyplaýar. Indi sen öwrenişen. Bu hili sözleri eşitmäne. Seniň üçin parhy ýok. Harammy ýada halalmy tapýan pulyň. Indi sende ýol-ýörelge hem bar.
-Esasy zat bu pul tapsam bolany!

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Kelleagyryk tarapyndan 25-10-2023, 10:21

  • Sabyrly Sabyrly off № 1 25 октября 2023 13:43
    Hekaýa gowy bolupdyr berekella baş gahryman döwrümizdäki adamlaň edäýjek hereketi janlandyrlypdyr üstünlik
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler