Kaka bildirmez saňa öz söýgisin,
Ol gülse-de bildirmez öz görgisin,
Özüni unudar sen diýip ylgar,
Aglasaň unudar ol öz gülkisin.
***
Ilden kem etmez, bolmazam kemçilik,
Saňa hiç haçan ýanaşmaz kynçylyk,
Kakaň barka gujakla, güldür ony,
Şondan başga gerekdälem dostçylyk.
***
Kakaň bagtyňdyr, şatlygyň, gülkiňdir,
Oglum söziniň özi bir söýgidir,
Seň üçin ýadaýar, agarýar saçy,
Sen bilmersiň içi doly görgidir.

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Ýusup Gurbansähedov tarapyndan 27-10-2023, 22:44

  • Pegas Pegas off № 1 27 октября 2023 22:55
    Kimler edebiýata ýazyp peýda edýär, kimler ýazman...
    Gününe goýuň edebiýaty!)
    Jogap
  • Гость Гость off № 2 28 октября 2023 00:20
    Pegas
    Kimler edebiýata ýazyp peýda edýär, kimler ýazman...
    Gününe goýuň edebiýaty!)

    " Gou bolpdr, üssünlük, berekella" diýip ýazandyrlar öýdüp girdimda şuwat )


    Şuňňaly goşgylaň aşagynda şoňňaly teswirleri okaýan weli, birhili özümi goşga düşünmeýän biri hasaplaýan. Tagama düşünemok weli )
    Jogap
  • Diamante_G Diamante_G off № 3 28 октября 2023 13:31
    Pegas
    Kimler edebiýata ýazyp peýda edýär, kimler ýazman...
    Gününe goýuň edebiýaty!)

    Edebiyadyňa zat diyenoklar yöne goşgy goyyalar Täzelikdä zat yok edebiyada bir blog goysunlarda
    Jogap
  • Sabyrly Sabyrly off № 4 28 октября 2023 16:27
    Çagada ýykylyp sürçüp bir zada ýapyşyp elini aýagyny ganada ganada ýöremäni öwrenýär
    Jogap
  • Abat Abat off № 5 28 октября 2023 20:42
    Dostlar salam. Kaka hakynda minnetdarlyk äheňinde makala ýa-da goşgy bilýän bolsaňyz elektron poçtama ugradyp ýada saýdyň adresini berseňiz minnetdar bolardym))
    Jogap
  • My life My life off № 6 29 октября 2023 00:43
    Höweslenip okajak boldym, bolmady.?‍♀️
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler