Ýewgeniý Çerişko
ÖÝ RUHUNYÑ GÜNDELIGI.

terjime eden: Berdimyrat BÄŞIMOW
elektron görnüşini taýýarlan: Allanur BATHYZ


***

10-njy iýul.

Gündelik ýazyp başladym. Soňky 150 ýylda bolan zatlar ýadymda welin, ondan öñ näme bolanlary ýatdan çykyp barýar. Depderi öý bikesinden çildim. Bilmezlaý.

11-nji iýul.

Gap-gaçlaryñy ýuwmadyñmy? Gulak halkañ bilen hoşlaşaý. Adamjyklar gaty arkaýnlaşýalaraý.

12-nji iýul.

Gaty içgysgynçdy. Uzak gije pişik bilen öýüñ içinde kowalaşyp oýnadyk. Bike turdy, pişigi depdi-de kladowka gabap goýdy. Pişik üçin galan diş pastany musura döküp ar aldym. Ol menden öýkeli. "Hemme zady bile edýäs, taýak diñe maña degýär" diýýä, görgüli.

14-nji iýul.

Gije edere iş tapman gap-gaçlary şakyrdatdym, aýaklarymy tapyrdatdym. Bikäm ýorganyna gizlendi, ýorgan ony gorar diýip pikir edýämikä? Gülkünçjelaý meñ şu bikäm.

15-nji iýul.

Çişik ruhany geldi. Ýüzärligi bilen tutuş öýi porsatdy. Bikä hemme zat gowy bolar diýdi. A ine, bela size. Meni ýüzärligiñ bilen kowup bilmersiñ.

17-nji iýul.

Tagaşyksyzrak aýlanyp wazany döwäýipdirin. Ýene taýak pişige degdi. Indi ol meñ bilen gepleşenok, gyrada diñe mölerip ýatyr. Birhiliräk boldy öz-ä...

18-nji iýul.

Bike öýi pylesoslady. Krowadyñ aşagynda pişik bilen ýarym sagat oturdyk, jähennemiñ maşyny. Ýöne pişik bilen-ä ýaraşdym.

21-nji iýul.

Uzak wagt ýazmadym. Bike öýi ýygnandan soň gündeligi gözläp gezdim. Üýtgeşik bolan zat ýok. Oñ ýanyna gül alyp bir erkek geldi, ýatmaga galdy bizde. Pişikden onuň köwşüne buşuk diýip haýyş etdim. Uzak wagt ör-gökden gelip durdy. Krowadyñ aşagyndaky topuñy alyp berjek diýdim, gidip buşukdy. Ýene taýak iýdi, pahyr. Indi mana "sen haram" diýýär.

22-nji iýul.

Köne endigime görä gije bikämi bogdum. Indi ol erkek her gün bizde ýatýar. Bikämi goraýamyş, Rembomyş.

23-nji iýul.

Bu gün oglany bogdum. Dogru-da, yürege düşdi, jynym jyñkyrşmady şonuñ bilen.

24-nji iýul.

Öýi ýygnadym. Bikäm altyn zynjyryny tapyp bilenok. Häzir zynjyry pişigiñ ýalagyna zyñaýsammy diýip durun.

27-nji iýul.

Bitwa ekstrasensdan geldiler. Hersine azyndan bir gezeg-ä aýtdym güm bolun diýip. Birem jogap bermedi. Maňa bikämiñ ölen babasynyñ ruhy diýdiler. lar! Onuň göçenine iki ýyl boldy eýýam.

29-njy iýul.

Bike her gün agşam pejiñ aşagynda maña süýt goýýar. Men şol ýerde ýatýandyryn öýdýär, . Men onuň ýanynda, krowatda ýatýan-a. Ýogsa-da, ol oglan indi gelenok, gatyrak bogupdyryn öýdýän.

30-njy iýul.

Bike öýe bir topar ikonalary getirip asdy. Gezmeledim, görüşdirdim... Öñ suraty has gowy çekýärdiler.

2-nji awgust.

Harby howa güýçlerine şöhrat!

Uraaaaa!!!

3-nji awgust.

Wah, düýn köp düşüpdir, aýran içdik.

4-nji awgust.

Bikämiz uzakly gün öýüñ içinde ylgap pişigi gözledi. Gaçandyr diydi. A biz şkafda otyrdyk. Hezil etdik gülüp.

6-njy awgust.

Gatyrak gorkuzaýdym öýdýän. Bikäm magazine saç kraska almaga gitdi.

9-njy awgust.

Pişik bilen aýdym aýtdyk. Bike weterinara jañ etdi. Janawer titräp otyr, şarikleri üçin gorkýa.

12-njy awgust.

Satd-ow bi kwartirasyny. Dereksiz. Bu gun göçüp barýarlar. Pişik bilen kepderiler arkaly hat alyşyp habarlaşyp durmagy wadalaşdyk. Gitmänkä peçiñ aşagyna meydan edip gidipdir pişik. Haramzada!

14-nji awgust.

Täze maşgala göçüp geldi... Görüberdik...

***


20-nji awgust.

Pişigi göresim gelýär. Ol maňa göresim gelenok diýip ýazýar, entek şarikli gürrüň ýapylmandyr öýdýän. Ýalan sözleýär, haram!

21-nji awgust.

Olaryň öý ruhy bilen gürleşdim. Ol ýerleri çalyşmaga garşy däl. A näme, bärde 3 komnat bar, olarda bolsa 2. Kepderiler bilen göçmek üçin kontrakt baglaşdym. 2 kg çörek owuntygyny tölemeli diýdiler. Halys çenden çykdylaraý. Gymmat diýsem dollary bahana etdiler. Razylaşdym.

22-nji awgust.

Goşlarymy ýygnadym. Kepderilere garaşýan.

24-nji awgust.

Ura! Göçdüm! Pişik görüp begenmediksirän boldy. Soň penjireden daşary seredip oturaly diýdi. Ahyr aýtdy, içiniň gysanyny. Gujaklaşdyk.

25-nji awgust.

Pişige ýüz görülýän aýnada arwah ýaşaýar diýdim. Titräp aýlanyp ýör.

26-njy awgust.

Pişigiň ýalagyndan süýt içdim. Günäni siňeklere ýükledim. Häzir pişik möý bilen gepleşip otyr, tutan siňeklerini getrip berer ýaly.

27-nji awgust.

Wannada taýyp ýykyldym. Ýeňsäm degdi. Bikäm söýgüli zakolkasyndan mahrum boldy. Dogru-da, wagtl-wagtynda ýuwmaly wannany.

28-nji awgust.

Bikämiň ýanyna täze söýgülisi gatnap başlady. Pişigiň köwüşe buşugasy gelenok. Top alyp berjek diýsemem indi kömek edenok. Eger bizde ýatmaga galsa – agşam bogaryn.

29-njy awgust.

Bikämiň söýgülisi wannada ýykyldy taýyp. Ýeňsesi degdi. Pişik bilen umywalnigiň aşagnda gülüp hezil etdik. Bikäme zakolkasyny gaýtaryp berdim.

30-njy awgust.

Pişik bilen gizlen peçek oýnadyk. Ony gözlän bolýan. Biraz rahatlyk isledim. Men bilýän-ä, ol şkafda otyr.

31-nji awgust.

Pişik ony tapmadygym üçin öýkeledi. Gün uzyn stiralkada oturypdyr, pahyr. Men bolsa onda fantaziýa ýokmuka diýýädim...

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Garlawaç tarapyndan 28-10-2023, 00:36

  • Sahedowa Sahedowa off № 1 28 октября 2023 01:05
    ee 1-nji awgustda dek gezipdiray o ruh men doglan gunumde
    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 2 28 октября 2023 06:14
    Sahedowa,
    Ýok dowamy bar :))
    Jogap
  • Enegul Enegul off № 3 28 октября 2023 10:08
    gulup hezil etdimda , yzynam goyay ba bolsa
    Jogap
  • Azasdym. Azasdym. off № 4 28 октября 2023 11:48
    Gaty gyzykly gulip oldum sabyrsyzlyk bln garasyan.
    Jogap
  • Diamante_G Diamante_G off № 6 28 октября 2023 12:39
    Bora şunyaly blog gaty gowy eken hem gülüp hemem howes bilen okadym dowamyna garaşyan
    Jogap
  • Şemsimar Şemsimar off № 7 28 октября 2023 18:01
    Dowamy dowamynam goýadaaa ?
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler