1-nji noýabr.

Hellouin. Prinsipe gidip bellämok. Biziň baýramymyz däl ol. A bikäm bolsa boýnundan çesnok baryny asypdyr, elinde-de krest bar, nirede oturjagyny bilenok, pahyr. Ýa men balalaýkany gatyrak çalaýdymmykam agşam?

2-nji noýabr.

Gije pişik daşary çykdy... nähili çykdy? Süýrenip süýşüp çykdy. Öýüň içinde haýaljykdan hereket edýär. Maňa - howlugýan ýerim ýok, uborkany ýaňyja dyndym gaty ýadadym - diýen bolýar. Düşnükli. Gorkýar.

3-nji noýabr.

Ahyry olar duşuşdylar. Beýle ylgaw tizligini men diňe bir gezek görüpdim, olam girdenegiň naharyna pişik bilen iç sürüji derman salanymyzda unitaza tarap süýnüpdi. Ýöne hiç bilip bilmedim, olaryň haýsy has gatyrak gorkduka?

4-nji noýabr.

Koridorda taýyp ýykyldym. Indi bilýän kimiň güýçlüräk gorkanyny. Gorky diýen zat gaty taýgançak bolýan eken, özündenem itiň täretiniň ysy gelýär.

5-nji noýabr.

Olary “gürrüňdeşlik stolunda” oturtdym. Ýygnagyň başlanyna 5 minut geçmänkä bike olaryň ikisinem kowup goýberdi stoldan. Gürrüňdeşlik stolunyň metaforalygyny men nireden bileýin?! Ýygnagy aýyň altysyna geçirdik. Kladowka üýşeris.

6-njy noýabr.

Pişik razwedçigiň gününi belledi. Gizlenipdir. Ses-üýn ýok. Ýygnagy ertire süýşürdik.

7-nji noýabr.

Ahyry başlady ýygnak. Halk özüniň hiç-hili territorial dawalarynyň ýoklugyny, bar isleginiň bolsa ölýänça rahat ýaşamaklygyny beýan etdi. Pişik öz talaplarynyň sanawyny okady. Gözümi ýumup diňläp gördüm weli, edil Žirinowskiýni diňläp oturan ýaly.

8-nji noýabr.

Pişik kwartirada dembel ýaly gezýär. Güjikowiç hem oňa Starşinasy ýaly seredýär. Pişik ona sylag hökmünde mesge berýär.

9-njy noýabr.

Güjikowiçe pişik çybyn öldürýän hlopuşkadan gorkýar diýdim. Jogabyny eşidip tas özümden gidipdim. – durmuş – bu bizi öňi-soňy belli bir ölüme getirjek biri-biri bilen belli bir usulda generirlenen tötänleýin hadysalaryň nobatlaýyn gelişi – diýdi Halk. Pişige waleriankany gowja bukmagy tabşyrdym.

10-njy noýabr.

Halk girdenegiň aýagyndan dişledi. Ol bolsa peşşe çakandyr öýdüp şarpyldadyp goýberdi güjügi. Kladowkada oturyp ar almagyň meýilnamasyny düzdük. Polkalaryň birinden “Eýjejik öý pişikleri” žurnalyny tapdym. Pişik meňki däl diýdi, ýöne zyňmazlygymy haýyş etdi.

13-nji noýabr.

Züwwetdin girdenengiň köwüşiniň bagjygyny çeýnäp ýoldy. Seneden görnüşi ýaly bu operasiýa az wagt almady. Günä elbetde pişige ýüklendi. Güjikowiç uzak gije otžimaniýa edip çykdy.

14-nji noýabr.

Halkyň zatlarynyň içinden Makiawelliniň kitabyny tapdyk. Pişik bilen köp jedelleşdik we ahyry gapyny düşündirişli sözlük bilen beklemeli diýen netijä geldik, agyrrak-da ol nämede bolsa.

15-nji noýabr.

Ýene-de santehnik geldi. Geçen gezekden soň içmäni goýdum diýdi. Gaty begendim. Çyn ýürekden gutladym we elini gysdym. Indi iýmänem taşlaýmasa...

17-nji noýabr.

Halk gapydan daşarda nähili gyzykly zatlaryň barlygyny aýdyp berdi. Men entäk bir gezegem daşarda aýlanyp görmedim. Pişigem şeýle. Ol hat-da özünden başga pişikleriň baryna-da ynananok.

18-nji noýabr.

Bikämiz dynç alyşa barýar. Züwwetdini ýanynda alyp gidýär, pişik bolsa öýde galmaly. Goňşymyzdan oňa seredip bermegi haýyş etdi. Maňa haýyş etse bolmaýamy diýsene? A... Hawa... Bolýan däldir-ow.

19-njy noýabr.

Bikeden kwartiranyň ätiýaç açaryny çildim. Ertir pohoda gidýäs. Häzir bolsa – otboý!


***




20-nji noýabr.

Çykyp barýas. Gündeligi ýanyma aldym, her hili zat bolmagy mümkin. Pişigiň göreçleriniň beýle giňelenini birinji gezek gördüm. Töweregi has gowy synlar ýaly diýýä öz-ä. Meň pikirimçe-hä ýöne gorky bar munda. Basgançakdan düşüp barýarkak pişik üç gezek ütügi öçürdikmi diýip sorady. Yzymyza gaýtmaly bolduk barlamak üçin. Gelenimizden soň pişik – eýýam giç boldy – diýdi-de irkilip ugrady.

21-nji noýabr.

Birinji gezek domofon gördük. Jähennemiň guraly diýse. Biri gelip daşary çykýança garaşmaly bolduk. Goňşymyz çykyp barýan eken. Pişigi tutdu-da kwartira äkitdi. Ýene-de yza gaýtmaly boldy. Pişik özüniň erkinligi we nirä gitmelidigini özüniň çözüp bilýänligi barada bir topar zatlar aýtdy. Goňşynyňam dolmadyk ýerini goýmady. Arman, admlar düşünmeýä-dä pişikleriň diline.

22-nji noýabr.

Köçä çykdyk. Bäý-bä! Dünýäň ululygyny! Bu dünýäde bikämiziň syrtyndan ulurak zatlaryňam bardygyna göz ýetirdik ikimizem.

23-nji noýabr.

Köçede ýatymlyk galmaly diýen netijä geldik. Ýoluň gyrasyndaky skameýkada ýatdyk. Pişik uzakly gije düýşünde ulgap, aýaklaryny kelemenledip geçdi. Ýatyp bilmedim. Köçeden öýleriň penjirelerini seredip oturdym. Bir mama gördi meni. “Nemesler şähere giripdir!” diýip gygyrdy-da kartoşka atyp saldy maňa.

24-nji noýabr.

Köçe pişiklerine sataşdyk. Haýsy raýondanlygymyzy we ýanymyzda näme baryny soradylar. Hiç zadam ýok diýdik-de gaýtdyk. Pişig-ä aman sypdyk diýýä.

25-nji noýabr.

Pişik myňňyldap başlady. Öz buşugýan latogy bolmasa oňup bilmeýänini aýtdy. Intelgent maşgaladan-da! Yzymyza gaýtmaly bolduk. Agşam öýde galdyk. Edere iş tapman batareýleri urup oýnadym.

26-njy noýabr.

Pişige ýene aýlanyp gelmegi teklip etdim. Ol ökjesindäki agyryny bahana etdi. Ýene öýde galdyk. Gaty içgysgynç. Batareýleri urup geçirdim gijäni.

27-nji noýabr.

Stop! Pişikde ökje nireden bolsun-aý? Haý büreli mahluk! Ýogsa-da, hakykatdanam büreläpdir şu. Dust gözledim weli gutalin tapdym. Ýatyrka gutalin çalyp çykdym pişige. Indi ol ýöne pişik däl – ol Nelson Mandelanyň pişigi. Öňümden çykanda baş egýän we şlýapam çykarýan. Pişik maňa – sen – diýýär.

28-nji noýabr.

Goňşymyz geldi. Pişigi suwa düşürdi.

29-njy noýabr.

Telewizor gördük. Pişik “Domaşnyý” kanaly göresi gelenok, “Dom-2” geçirýär. Gije sagat 3-e çenli dawa edip çykdyk.

Dowamy bar...

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Garlawaç tarapyndan 1-11-2023, 09:05

  • Гость Гость off № 1 1 ноября 2023 13:01
    Hemmesini goýup bolaryňa garaşyp otyrynda. Entäk köpmi dowamy? Hemmesini goýaňsoň okap başlajak. Ýogsam gyzykly bolsa we arasy bölünse bolmaýanski ). Şoň üçin serialam göremokda daže )
    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 2 1 ноября 2023 15:04
    Гость,
    Howwa köp, bolýar indikisinde hemmesini goýaýaryn harp limit ýok bolsa))
    Jogap
  • Gulai_ Gulai_ off № 3 3 ноября 2023 09:15
    Dowamyny goyayyn ?
    Jogap
  • Gulai_ Gulai_ off № 4 6 ноября 2023 22:12
    Garlawaç,
    Yzyny hacan goyjaga goyayyn hayys gunde su sayta sunun yzy un giryan welin yogaaa?
    Jogap
  • JackSparro JackSparro off № 8 23 февраля 2024 21:55

    Dowam ediber şular ýaly mowzuklara? 😔

    Jogap
  • Garlawaç Garlawaç off № 9 24 февраля 2024 01:50

    bolýar, içi üýtgäni höwes getirdi birhili, owadan görnüş).

    Post nädip paýlaşyp bilýän indi. Kömelekleşip goýberseňiz)

    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler