Gülýäňmi? Bol ýene gülsene durmuş,
Iýenime senden gara damany.
Bolsaň bolupsyňda utan oýunda,
Gar kartyňy bol ýene-de oýnaly.
Utduran zatlarym bermänim üçin,
Siltele-de tut ýakamdan penjeläp.
Jeza diýip öňküler deý bagtymy,
Synlat maňa bärisinden penjiräň.
Başda düşünmändim seniň oýnuňa,
Gijeler agladym edip men namys.
Indi utulanymy alman boýnuma,
Bolupdyryn seniň ýaly binamys.
Binamyslygymy siňdirip bilmän,
Ençe ýara goýsaň-da sen synamda
Senem, ynsanlaram tanadym juda,
Jorabymyň ýyrtygyndan synlamda.
Ha-ha-haý men indi gülýärin durmuş,
Iýenime senden gara damany,
Oýundyr-da utarys, käte utularys,
Gar kartyňy bol ýene-de oýnaly.
T. Sapbyýew.
"Gara Dama"
Edebiýat,
Mrr
tarapyndan
5-11-2023, 20:58