Hindistanyň paýtagtynyň häkimiýeti şeýle meýilnamany eýýäm 10-njy noýabrda gyssagly çäre görmegi tabşyran Ýokary kazyýete hödürlemekçi bolýar diýip, MIR 24 habar berýär.
Soňky hepdede tüsse zerarly şäherdäki adamlar demigip başladylar. Howada zyýanly maddalaryň düzümi 10 esse ýokarydyr. Onuň hil görkezijisi bolsa 450-den geçýär. Şeýle ýagdaýda ol howply derejede hapalanan hasaplanýar. Güýz paslynda bu yzygiderli bolup geçýär, sebäbi hasyl ýygnalandan soň 20 million tonnadan gowrak sypal galýar we ony gadagan edilendigine garamazdan, fermerler göni ekin meýdanlarynda ýakýarlar. Netijede, ähli tüsse Deliniň ýerleşýän ýerine gelýär.
Şeýle dumanda ýurduň esasy gözellikleriniň biri bolan Täç-Mahal hem “ýitdi”. Şeýle tüsseden dem almak – bu günde 50 çilimi çeken ýalydyr diýip, hindi alymlary belleýär. Howanyň hapalanmagy adamlaryň ömrüni tas 12 ýyl azaldýar diýlip hasaplanýar.
TMCars
Delide howply duman bilen göreşmek üçin emeli ýagyş ýagdyrmak isleýärler.
Täzelikler,
PerhatSabirov
tarapyndan
10-11-2023, 01:34