Şäheriň kaşaň toý mekanlarynyň birinde, toý dabarasanyň barha gyzyşýan pursatlarynda, men daşarynyň arassa hem hoştap howasyndan biraz dem alaýyn diýip, zalyň haşamlanyp oňarlan ullakan gapysyna tarap ýöneldim. Edil şol wagtam gapydan çykanja yeriňde dürli reňli şarlary satyp duran aýal maşgala gözüm düşdi. Dogrusy, onuň üsti-başyna gözüm düşende biraz ýüregim gyýyldy. Horaşaja geýnilen, ýüzi gülgüne ýaglyk bilen berk saralgy bu aýal maňa geçen günlerimden wakalary ýatlatdy...
7-8 ýaşlarymdaky oglanjyk wagtlarymdy. Okuwdan soň, ejem bilen dükanlara aýlanyp, öýde bişirlen kökelermizi satardyk. Arasynda-da adamlaryň köpräk geçýän ýerinde ejem gowrulan çigit, ýönekeýje çaga oýnawaçlaryny satardy. Köplenç ejeme men kömekleşerdim. Kakamyň gazanjy erbedem däldi, emma ol içegenräk bolansoň, esasy gazanjyny içgä bererdi. Şol döwürler toý zallarynyňam ýaňybir açylyp başlan wagtlarydy. Agşamlaryna ejem bilen toý mekanlarynyň agzynda oturyp, dürli reňkli ululy-kicili şarlary satardyk. Söwdamyzyn bolan güni diýseň begenerdim, bolmadyk güni lapykeç bolup oturardym. Şonda ejem maňa näşükür bolmaly däldigini, islendik kyncylygyň ýa zähmetiň aňyrsynda gowy günleriň gelyändigini düşündirerdi. Bu öwüt maňa bütin geljegim üçin ýolgörkeziji bolup gezdi. Hakykatdanam soňra elimiz giňäp başlady, kakam içgisini azaldyp, öýmüze üns berip başlady, özbaşymyza kiçijek dükan açdyk, söwdamyzyň gerimi giňedi, ugrugyp gitdik...
Şeýle pikirlere gümra bolup, gözlerimi bir nokada dikip durşuma, biraz wagt doňdurlan ýaly bolup durupdyryn. Birdenem gapdalymdan cykan sese tisginip gitdim.
-Oglum, şar aljakmy? Öýe baraňda, çagajyklaryňa begenerdi.
-Getir, gelneje!
Geçen günler ýadyma düşendenmi, nämemi damagym dolan eken. Sesim biraz agy gatyşykly çykdy:
-Köpräk ber, gelneje, her reňkinden beriň.
Şar satýan aýal oňan söwdasyndan göwnühoş bolup, elimi şardan dolduryp goýberdi.
-Söwdaňyz bolsun, gelneje!
-Aýdanyň gelsin, oglum!
Elimdäkileri maşyna goýmak niýeti bilen bärräk gaýtdym. Yzyma gaňrylyp, ýene bir gezek ýanky aýala seretdim. Aňymda çagalygmy oýaran bu ayal gözüme perişde bolup göründi. Ol bolsa özüne seredilýänden bihabar, gabadyndan geçip barýan adamlara ýüzlenýärdi:
-Oglum, şar aljakmy?
-Gyzym, şar aljakmy?...

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Medetli tarapyndan 12-11-2023, 00:25

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler