Ýitirdi
Seret, ellerim buz ýaly,
Gögerip, reňkin ýitirdi.
Ýüregim körän köz ýaly,
Ozalky durkun ýitirdi.
Galdym yzyňda elenip,
Uçjakdym, dökdüň ýelegim,
Çyn yşkdan geçip, kelebiň
Ujuny, gör, kim ýitirdi!
Bilseň, garybyň boý ogly,
Artdy-la ýüregmiň dowly.
Juwan gyz deýin, boýagly
Yşkymyz görkün ýitirdi.
Meniň bilen janyn ýakyp,
Saňa ýigrenç bilen bakyp,
Möňňüripler, syýa döküp,
Galamym erkin ýitirdi.
✏Uzuk NOWRUZOWA
Gögerip, reňkin ýitirdi.
Ýüregim körän köz ýaly,
Ozalky durkun ýitirdi.
Galdym yzyňda elenip,
Uçjakdym, dökdüň ýelegim,
Çyn yşkdan geçip, kelebiň
Ujuny, gör, kim ýitirdi!
Bilseň, garybyň boý ogly,
Artdy-la ýüregmiň dowly.
Juwan gyz deýin, boýagly
Yşkymyz görkün ýitirdi.
Meniň bilen janyn ýakyp,
Saňa ýigrenç bilen bakyp,
Möňňüripler, syýa döküp,
Galamym erkin ýitirdi.
✏Uzuk NOWRUZOWA
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
Комментариев нет