Ukladyňmy, dünýäm? Ýa henizem nem ýuwan gözleriňi bir nokada dikip, geçen günleri ölçerýäňmi? Gör, bu durmuş bizi nädäýdi! Otursak-tursak oýumyza gelmejek ýagdaýlara duçar edip, göwünlerimizi, göwrelerimizi bir-birekden juda alyslara zyňyp taşlaýdy. Säherler kimin täp-tämiz ýüregiňi bimähreme baglap goýaýdy.
Aýtmasaňam, bilýärdim, duýýardym saňa juda ýakyndygymy — meni özüňe ýakyn görýändigiňi. Haýran galýan! Sensiz göz öňüme getirip bilmedik günlerim aýlara, ýyllara, tutuş bir ömre öwrülip galdy. Agşam çyg düşen üzüm ýapraklary kimin negözel ýakymlydyň. Şapak deý gyzaranyňdaky ýaňaklaryň gözelligini men nämä deňäp bileýin ahyry! Kalbyň owadanlygy günäsiz çaganyň gözleri deý gözleriňde ap-aýdyň görnüp durmanmydy nä?!
Sen bagtyň hut özüdiň! Gaýmak ýaly göwnüň bardy. Üýtgeşik dünýäň, şahyrana ýüregiň bardy seniň. Meni birmahallar lezzetden püre-pür äleme ataran ol bakyşlaryň ömri şeýle gysga bolmalydymy?! Ýatlamda damagyma lokga daş direlen ýaly bolýan. Gorkýan, ol daşyň eräp, keç ykballara bolan agym bolup, didämden ýaş damjalary bolup paýramagyndan...
Barybir ýürek aglap dur. Diňdir-dä, diňdirip bilseň! Sen maňa özge kalplara düşünmegi öwretdiň. Biz iki bolup, özgäň hasratyna gyýyldyk, şatlygyna guwandyk. Sebäbi biziň derdimiz, lebzimiz, ynamymyz, ýüregimiz birdi. Iki bolup bir dünýä bakdyk, bir ykbaly küýsedik. Bir ojagyň oduny ölçerjekdik...
Men saňa düşünýän. Hut şonuň üçinem seni ýazgaramok. Barybir, hawa, barybir düýn düýnde galdy. Biz bu gün aýry-aýry durmuşly adamlar. Nirede, kim bilen, nähili ýaşasaňam, sag gez! Hiç haçan ýaňaklaryň şapak kimin gyzaryşlardan mahrum bolmasyn! Bu uzak ýollar näzikligiňe näziklik, ýakymyňa ýakym goşsun! Seniň bagt saçylyp duran didaryňy görýänçäm, hoş!
Gündüň, özge kalby çoýmaňy gördüm,
Güňdüm, özge ýigdi söýmäňi gördüm.
Wah, ot aldym — lowlap-lowlap ot aldym,
Ýaňy başyňdaky öýmäňi gördüm...
* * *
Ýene-de sen hakdaky oýlar bilen ikiçäk otyryn. Hemişekiler ýaly, ýene-de seniň bilen derdinişesim geldi...
Sen gideniňden soň men ýalňyzdygyma has beter göz ýetirdim. Bu gelen güýzde baglardan tänýän sary ýapraklar göýä mundan buýanky çolalygyň ýowuz buşlukçysy ýaly.Ýapraklaryndan jyda düşen çüw-ýalaňaç baglar meniň çolaran durmuşyma kybapdaş.
Birden-birden demligim gysylyp, ýüregimi bir gara güýç mynçgalaýan ýaly. Göýä depämden asman inip gelýän ýaly, ýygy-ýygydan hopugýan...
Bir-birege pikirler, bir-birege gatnaşyk, bir-birege garaýyşlar üýtgese-de, saňa bolan duýgym hiç üýtgemedi. Gan ýuwudyplar öldüresim geldi bu duýgyny. Bolmady...
Herhal, meni bir zat köşeşdirýär: Sen tanşan günümizden aýralyk gününe çenli meni öz aladalaryň bilen gurşap aldyň. Seniň aladalaryň astynda ýaşamak şeýle bir lezzetlidi. Şol lezzet indi gursagymda dowamly sanja öwrülip, müdimilik ýer etdi.
Henizem guşlar sen hakda saýraýar. Suwlar sen hakda pyşyrdaýar. Ýagyşlar seniň sesiň bolup şabyrdaýar. Güller seniň ysyňy ýatladyp bark urýar henizem. Güýz gijesinde çyg düşen ýapraklar seniň iň soňky duşuşykdaky ýaş damjalary ýol ýasan ýüzüňi ýatladýar...
Hawa, bu gün ýene-de, hemişekiler ýaly, seniň bilen derdinişesim geldi...
✏Sapa HOMMADOW
Sen hakdaky oýlar bilen ikiçäk
Edebiýat,
Pegas
tarapyndan
20-11-2023, 20:01