Ýagşylykdan dür saçyp
Ýöremogam şu günler.
Kitaplañ gatyn açyp
Döremogam şu günler.

Edip arzuw-hyýaly
Kän gazandyk zyýany.
Ele alyp syýamy
Ýazamogam şu günler.

Uçdy umydym galgap
Köne ýaramy daglap.
Içim durka gan aglap
Gülemogam şu günler.

Degnam degipdir daşa
Gussa çekemsoñ a:şa.
Ýogsa, ýassygmy ýaşa
Ezemogam şu günler.

Göýä akylsyz biri
Ýaly, gezýärin ili!
Men ölümi, ýa diri?
Bilemogam şu günler.
Awtor:Nurekowa Gülnäz

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, GlnzNurekowa tarapyndan 22-11-2023, 14:22

  • Pegas Pegas off № 1 22 ноября 2023 21:22
    Awtoryň özümi siz?
    Jogap
  • Menem_biri Menem_biri off № 3 23 ноября 2023 15:39
    Gaty gowy goşgy eken ??????????gülüm
    Jogap
  • GlnzNurekowa GlnzNurekowa off № 4 23 ноября 2023 15:46
    Menem_biri,
    Minnetdar sag bolun[b][/b]
    Jogap
  • Gerceknazar Gerceknazar off № 5 23 ноября 2023 16:58
    Menem şeýle şu günler. Gowy goşgy, haladym.
    Jogap
  • Uly Hojaýyn Uly Hojaýyn off № 7 23 ноября 2023 19:29
    Menem_biri,
    Meniň nikimi ogurlaýypsyňmaý!?
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler