Bir gezek şeýlebir bagtly boldum,
Şol gün utanmadym daşymdan gepläp,
Maňa bakan nazarlardan sowuldym,
Ýa-da käbirini güldüm itekläp.
Şol gün söýgim bilen bile oturyp,
Gürrüň berdim oňa hekaýam hakda.
Uzak bolan gijeleri getirip,
Ýakyn gijeleri goýduk uzakda.
Soňam ýagyş ýagdy, menem üşedim,
Ýapraklar deregin tutmady eliň,
Arzuwly kagyzym ýola düşedim,
Bulutlar agraldy, sallandy egin.
Gidenleriň gelmeýänin aýdýandyr,
Umytlaryň üstün barha basdy suw,
Belkem, sensiz ýaşamarys öýdýändir,
A biz ýaşap ýörüs-men hem-de arzuw.
Bägül Ataýewa
Arzuw
Edebiýat,
MILALIKA
tarapyndan
23-11-2023, 20:38