Bagta ýetdirmez.

Maksadyň arzuwdan dörän bolmasa,
Boş hyýalyň seni bagta ýetdirmez.
Beýik Allam saňa ýaran bolmasa,
Öz islegiň, güýjüň tagta ýetdirmez.

Ýagşylar her eden haýryn ýanalmaz¹,
Namart kişi hiç bir zada gynanmaz,
Ýeňles adam gadry bolmaz, sylanmaz,
Çyn ärler gadyryn mugta ýetdirmez,

Öz durmuşyn özi ezip ýörenleň,
Bir-birin arasyn, üzüp ýörenleň,
Sabyr-kanagatsyz gezip ýörenleň,
Hoşa alar, akja pagta ýetdirmez.

Ömür gysga indi, niräni gätjek?
(Menä sogap işler etmäge ätjek),
Kalby garalar kän dünýäde nätjek?
Olar hijem Onda magta² ýetdirmez.

Dünýe geňdir ahyr çekdir jezasyn,
Ýatlamarsyň geçen günleň mazasyn,
Imanly bendeler, kylar kazasyn,
Aý, ýyl ýa-da geljek wagta ýetdirmez.

Ýanalmak¹ — gapdalynda goýmak.
Magtalmak² — öwülmek, taryplanmak.

Awtory: Dawut Hojageldiýew.

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Päkize kalbym tarapyndan 27-11-2023, 08:02

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler