2024-nji ýyl Antarktida we Demirgazyk polýusundaky buzlar eremegini dowam edýärdi. Bu ýagdaý dünýäni suw basmak howpuny döredýärdi.Käbir kiçi adalary suw basýardy, suw basan adanyň ýaşaýjylary Ýewraziýa,Amerika , Awstraliýa ýaly materiklere göçürilýärdi.Dünýäni suw basansoň adamlar nirede ýaşamaly diýen pikir döreýärdi.Başga planetalardan ýaşaýyş gözlemäge başladylar ýöne netijesi bolanokdy.Dünýäni suw basmak howpy abanýan bu döwürde, uly kuwwata eýe bolan döwletler biri-biri bilen dawalaşmagyny dowam edýärdiler.Olaryň dawalary barha güýjeýärdi,bu ýagdaý başga döwletlere hem täsirini ýetirýärdi.Kiçi döwletler hem goňşy döwletleri bilen dawalaşýardy.Dünýwni suw basmak howpy hiç bir döwletiň pygynada däldi.2027-nji uly döwletleriň arasynda uruş başlandy, kiçi döwletler hem dek oturman özleriçe uly döwletlere hüjüm edýärdi.Bu ýagdaý bolsa dünýäni köpçülikleýin hapalanmgyna we howanyň öňküsinden beter gyzyp.Buzlaryň eremegini has hem çaltlaşdyrdy.
Ýadro ýaraglary hem uruşda ulanylmaga başlady.Ýadro ýaragynyň ulanylmagy bilen adamlar köpçülikleýin gyryldy. Uruşýan döwletleriň hem uruşar ýaly ýagdaýy galmady.Uruşaýyn diýsede uruşar ýaly döwlet ýada sebäp hem galmady.Ýer ýüzi erbet ýagdaýa geçipdi.Uruşdan soň galan döwletleri hem döwlet diýer ýaly däldi.Hemme döwletler hem ysgyndan gaçypdy.Aman galan adamlar topar bolup ýygnanyşyp gezmäge başladylar.Ýere agaç ekmäge başladylar.Ýöne ýer ýüzüni suw basmagy uruşdan soň has hem çalt eremäge başlady.Dünýä ilatynyň 10/1 diri galypdy.Adamlar ýer ýüzüni biraz bolsada arassaladylar.Ýer ýüzüniň adamlaryny jemläp bir döwlet döretdiler.Bu döwletde uruşdan öň bolan ähli zatlary gaýtadan dikeltdiler.Indi bolsa esasy mesele dünýäni suw bassa näme etmeli soragy ýene-de dowam edýärdi.Bu mesele günsaýyn ulalýardy , adalary bolsa tutuş suw basypdy.Indi suw materiklere hem göterilmäge başlady.1 aýdan soň ýer ýüzüniň diňe çöllük ýerlerini suw basmandy.Adamlar çöllük ýerlere göçüpdiler.Indi adamlaryň diňe birje umydy bardy ol hem kosmosdan bir güýç gelip bizi halas eder umydydy.Gije-gündiz asmana seredip oturan adamlar asmana tarap ymtylýardy.Ýeri suw basmagynyň üstesine howa hem sowamaga başlady .Bu ýagdaý bolsa adamlary has hem howsala salýardy.Adamlar asmana şeýlebir sreedýärdiler welin asmandan kömek geläýjek-geläýjek ýalydy.Howanyň sowamagyny bolsa ýadro urşy sebäpli diýip oýlaýardylar.Günleriň birinde garaşylýan pursat hem ýetip gelipdi.Asmandan başga planetalylar geldi we adamlara kömek etmek maksady bilen gelendiklerini adýardylar.Başga planetalylar robotlara meňzeýärdi.Adamlar başga planetalylar bilen gitmäge jan diýip razy boldular.Başga eläçleri hem ýokdy.Başga planetalylar adamlary äkitmek üçin topar -topar howa gamilerini ýere getirdiler.Adamlary gämä mündürenlerinde olary uklatdylar we kapsula ýerlediler.Bu bolsa adamlaryň saglygyny goramak üçin şeýle edilýärdi. Adamlar başga planeta göçürildiler . Adamlar ol planetada gözlerini açyp gämiden daşary çykdylar.Asmana seretseler asmanda şol hemişeki gün ýagty saçyp durdy iň gyzykly ýeri bolsa asmanda ýerdäki ýaly aý hem bardy.Adamlar ilki başda özlerini ýerde diýip oýladylar.Soňra oýlanyşyp ýeriň howasynyň sowukduguny we dünýäni suw basandygy barada pikirlendiler.Bu ýeriň ýer däldigini aňdylar. Adamlar başga planetalylardan bu ýeriň haýsy planetadygyny soradylar.Olar bu planetany mars diýip jogap berdiler
Dowamy ertir birgün bolar Hudaý ýetirse.
Sypaýy©
Marsa göcen adamlar
Edebiýat,
Sypayy
tarapyndan
27-11-2023, 21:27