Gökde gazlar berip gitdi - bir buşlyk,
Emma bahar görmedi meň gözlerim.
Gulagymy deşip barýar dymyşlyk,
Bogýar meni aýdylmadyk sözlerim.

Ýasama bolansoň uzak durmadyk,
Gülküler hem ýylgyryşlar - laç
Çaga wagtym asla gadry bolmadyk,
Eý, meň ukym!
Nirä gaçsaň aýdyp gaç!

Flamingonyň aýagyna kybapdaş,
göwräm bar,
Uly dünýäýe sygmaýan.
Meni aldap bolaýjak bir sebäp goş,
Wulkan boljak, on müň asyr çogmaýan.

Ýitigimi hiç aňymdan ýitirmän,
Şoň ugrunda agtarýaryn tedbiri.
Men - durmuşda hiç bir peýda getirmän,
Arzuwlarda ýaşap ýören keç biri...


Ylham GURBANALYÝEW

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Venus23 tarapyndan 9-12-2023, 12:04

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler