...
Aldan ekenim özümi,
“Derdime dermandyr” diýip.
Öçürjek bolýan közümi
“Ýürege armandyr” diýip.
Yhlasymy ýere gömen
Ýürege hem sançdy temen.
Ahmyrym bar, “Köňle daman
gözýaşym görmändir” diýip.
Süýrekläp ýaraly yşky,
Ýadamsoň, okaýan goşgy.
Gygym zäkgun, “Söýgiň köşgi
durşuna weýrandyr” diýip.
Aldatmasadyk ejemi...
Ahmyr gemirýär içimi
“Boýnuma oran saçyny
meň üçin örmändir” diýip.
Ahmyr-arman goýan derde,
Geçibermez bäri-bärde
““Täleý” diýen bu keç närse
ýakmakdan irmändir” diýip.
✏Sapa HOMMADOW
“Derdime dermandyr” diýip.
Öçürjek bolýan közümi
“Ýürege armandyr” diýip.
Yhlasymy ýere gömen
Ýürege hem sançdy temen.
Ahmyrym bar, “Köňle daman
gözýaşym görmändir” diýip.
Süýrekläp ýaraly yşky,
Ýadamsoň, okaýan goşgy.
Gygym zäkgun, “Söýgiň köşgi
durşuna weýrandyr” diýip.
Aldatmasadyk ejemi...
Ahmyr gemirýär içimi
“Boýnuma oran saçyny
meň üçin örmändir” diýip.
Ahmyr-arman goýan derde,
Geçibermez bäri-bärde
““Täleý” diýen bu keç närse
ýakmakdan irmändir” diýip.
✏Sapa HOMMADOW
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
Комментариев нет