Durmuş üýütgeşik bir zat. Bu durmuşda hemme üçin orun bar. Ýaltalar
üçinem, aldagçylar üçinem. Şol sanda janypkeşler üçinem we gije-gündiz
namaz okap Hudaýa sejde edýänler üçinem. Hatda Hudaýa ynanmaýanada
orun bar. Olar hem aç-ýalaňaç däl. Gije-gündiz tans oýnap
aýdym aýydýanlary hem ýazgaryp duran ýok. Umuman hemmä orun bar
şol sanda jandarlara hem. Mysal üçin, sygyr molap özüniň otyny-iýmini,
gölesini sorap bilýar. Ýylan ýeriň teýinden çykyp güneşläp bilýär.
Ýaşamak gadagan däl. Eger biri ynjytsa öz hukugyňy talap edip
bolýar.Gördüňmi durmuşymyzda birje kemis ýerimiz ýok. Emma özümiz
nähili. Ýüregimizde, aňymyzda başga üçin orun ýok. Özümiz durmuşyň ähli
lezzetlerinden peýdalanýarys, emma elimizden gelse özge birini kemsidip
derrew onuň ornuny eýelejek bolýarys. Ýöne bu halatda köp adam
düşünmeýär. Özgäniň ornuny eýeläp bolmaýar. Durmuş bu zatlary
ýörite bişiren. Ol öz bişiren zadyny özgä bermeýär.
Men bu sözleri näme üçin aýydýaryn. Üns berişime görä şu saýytda hem
özgäniň ornuny eýeläp ýalan abraýa eýe boljak bolýan biri bar.
Bu sözi aýydanym şol welin, bu sözler kime degişli bolsa meni okap,
şolbada ýüregi gürs-gürs uryp:-
-Bu sözleri maňa aýdypdyr diýer. Başgada bir topar sözleri aýdar emma
meniň üçin bu adam we beýleki şu adama meňzeşler meniň deňim däl.
Men biriniň merhemetine zar adam däl. Hemme zadym ýeterlik. Onsoň men
ýene bu saýtdan özüme dost ýada tanyş tapmak islämok.
Meniň dostum we tanyşym ýeterlik. Olaryň kimdigini bilmek siziň üçin
hökman däl.
Şeýleikde meniň üçin islenen. ru saýty hökman zat däl we bu
saýtyň agzalary hem. Öň aýdyşym ýaly men durmuşda öz ornuny tapan adam.
Bu ornum öz-özünden meniňki.

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Kelleagyryk tarapyndan 23-12-2023, 09:23

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler