Köpümiziň bilşimiz ýaly XVI-XIX asyr türkmen taryhy, özbek taryhy (Hywa, Buhara, Kokand) bilen baglanyşyklydyr.
Hywa hanlygy XVI asyryň başynda Şeýbany hanyň ölmegi (1510) bilen onuň häkimiýetinden çykyp dörän bir hanlykdyr. Özbekleriň arasynda hem syýasy taýdan birleşme bolmandygy üçin, hanlyklaryň dörän döwründen başlap tä Patyşa Russiýasy (we Hytaý) Türküstany basyp alýança ganly söweşler dowam edip durandyr. Esasanam dowamly bolan bu uruşlar hanlyklaryň iň güýçlüsi bolan Buharada däl-de, Hywada köp bolup geçýärdi (sebäbi Hywalylar erkin pikir edip bilýän adamlardy).
Hywanyň iň ösen döwürleriniň biri Abulgazy (Ebu’l Gâzî) döwründe bolup geçendir. Abulgazyny köp kişi az-owlak tanaýandyr. Abulgazynyň tagta geçen güni türkmenler üçin garaňky ýyllaryň başlaýan günidir. Sebäbi türkmenler Abulgazydan öňki han bolan we Abulgazynyň dogany bolan Isfendiýar döwründe özbeklere garşy alnyp barylýan syýasatyň goldawçysy bolandyrlar we Hywany sözüň doly manysynda ele geçiripdiler. Özbekler Hywany terk etmäge mejbur bolupdylar. Türkmenleriň Isfendiýar döwründe Hywada uly rol oýnamagynyň sebäbi, Isfendiýar logiki taýdan türkmenleriň üsti bilen han bolýar.
Şeýle-de Isfendiýaryň ölen ýyly (1642), Abulgazynyň Eýrandan gaçyp Türküstana gelmegi bilen deňeçerräk bolansoň, Abulgazy türkmenlere özüni han yglan etmegini talap etdi. Emma türkmenler muny kabul etmän öz agtygyny iberen Buhara hanynyň häkimiýetini kabul etmek islediler. Şeýlelik bilen Abulgazy Hywany basyp almaga girişýär. Han bolandan soň türkmenleri gyrmak, talamak syýasatyna başlaýar (aslynda maksady ar almak), öýlerini talap, çagalaryny gul edip satýarlar. Iň soňky çozuşy 1653-nji ýylda bolýar. Abulgazynyň özi bu uruşlarda 20 müň çemesi türkmeni öldürendigini, bularyň arasynda günälileriniň bolşy ýaly günäsizleriňem bardygyny aýdýar. Abulgazydan soň ogly Anuşa geçýär (1663), ol ölenden soňam onuň ogly Ereň (Erenk) han bolýar. Ereň hanyň ejesi, ýagny Anuşanyň aýaly türkmen. Edil şonuň bilen baglanyşykly hadysany gürrüň bermek isleýärin, bu zatlary ýazmagymyň sebäbi az-owlak ondan öňki wakalary bilmegiňiz. Köp kitaplarda belli bolşy ýaly jikme-jik gürrüň berlenok bolup geçen zatlar barada. Diňe gowy gözlegçi bolan ýörite taryhçylaryň kitaplaryny (ýa-da esasy çeşmeleri) okaýmasaň kän zat öwrenip bolanok. Men Ereň hanyň bir ýyl tagtda bolýandygyny soň ölýändigini bilýärdim.
Mahlasy, bu Ereň han ýaş bolansoň yşk oduna düşüp, bir gün atdan ýykylyp aradan çykýar, ejesem ölüm habary duýulmanka derrew ogluny gömdürip, öz obasyna (ýagny türkmenleriň ýanyna) çapar iberip, Ereň hana meňzeş we şonuň bilen ýaşy deň bolan ýegenini çagyrtdy, we tagta şony çykardyp, hamala Ereň han öz türkmen garyndaşlarynyň ýanyna gidip gelen ýaly myş-myş ýaýradýar. Şeýle mekirlik bilenem öz ýoldaşlaryny çagyryp, şäheri ele geçirýärler. Yzyndanam özbekleri yzarlap başlaýarlar. Şeýle-de Özbekleriň bir bölegi hakyky Ereň han döwründe Hywany terk edip Arala göçüpdiler, bular bu zatlary öwrenip şol ýerden bir goşun bilen gelýärler, we ýasama hany öldürýärler. Ejesi (Togta hanym) bolsa ölüm jezasyna sezewar edilýär. Diňe 100 çemesi türkmen halas bolup bilipdi. Bu waka 1694-95-de bolup geçýär.


W.W.Bartold, "Orta Asya Tarih ve Uygarlik", Selenge Yay, Istanbul 2010, s. 325-326.

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Seneca_13 tarapyndan 23-12-2023, 15:53

  • Uly Hojaýyn Uly Hojaýyn off № 1 24 декабря 2023 18:07
    Koroçe, politika, tagt üstünde uruş, postdakylaryň klony we ş.meňzeşleri her döwrem bolupdyr we häzirem bar diýjek bolduňmy?
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler