PULMY ÝA SÖÝGI?
Hemmämiziň bilşimiz ýaly şu soragalar adamlaryň jedelleşmegine sebäp bolýar.Puly saýlaýan gyzlaryň köpsünde şular ýaly düşünje bolýar "Oglanyň söýgisi bilen zat satyn alyp bolanok. Kim eklemeli bizi,kim iýdirip-geýdirmeli bizi" diýen düşünjeler döreýär.Şo dörän düşünjelerinem owadan edip aýdyp gyzlaryň köpüsinde ters düşünje döretýär.Bu owadan sözlerem öz pikirine görä hereket edip bilmeýän gyzlaň 80% ni özüne çekýärijede "pul" söýgiden üstün çykýar.Köp oglanlar söýgilisi tarapyndan özini pul üçin taşlap gidenligi sebäpli söýgä bolan ynançlary gaçyp başlaýar.Ýalandan söýmek bilen meşgullanyp başlaýaralar.Geliň indi bolsa söýigini we puly saýlan gyzlaryň durmuşynda bolup biläýjek wakalary mysal getirip göreliň.
PULY saýlan gyzlar.Ýokardaky aýdyp geçen düşünjäni eýerýän gyzlar size degişli.Puly saýlanyň bilen sen baý bolaňok, baý maşgalaň ýaşaýjysy bolýaň.Oglanyň, pulynyň bolany saňa peýdasy bolmaýar seni söýmese, saňa üns bermese.Dogry, gowja geýdirerim-iýdirerem ýöne olam çäkli bolar.Pula guluply bolup ýaşarsyň.Seni söýmeýän ýoldaşyň iň köp puluny we wagtyny saňa dälde keýip üçin sarp eder.Seni olardan pes görer.Sen näçe geýinseňem adamyň mähriniň ýyladyşy ýaly hiç zadam ýylatmaýar.Mähirede, söýgäde mätäç bolup ýaşarsyň.Eger seni söýýän oglan baý bolsa ol başga gürrüň.Bu diňe baý maşgala gelin bolup baranyňdan soň getirlen mysal.Gyz wagtyň oglanyň puluna gyzyp söýüşäýseň garantia ýokdyr.Käbir baý oglanlar oýunjak edip ulanýanlaram bar.Diňe baýyň adyny agzap geçmäýin umumy seni söýmeýän oglanlar etýär.
SÖÝGINI saýlan gyzlar size degişli.Seni çyn ýüregi bilen söýýän oglana barsaň seni baýlaryňky ýaly geýdirmeýärem-iýdirmeýärem.Ýöne seni çyny bilen soýýän oglan seni aç ýa eşiksizem goýmaýar.Elinden gelenini eder seň üçin.Özüňizden mysal alyp görüň siz söýgüliňiz üçin nämelerden geçip biljekdigiňizi.Çyny bilen söýýän oglanlaram şolar ýaly.Seň üçin hiç zadyny gaýgyrmaýar, gysganmaýar.Ol oglan saňa baý durmuşy görkezmesede baý mähir görkezýär, baý söýgi görkezýär.Ruhy taýdan güýç berip bilýär, seň çeken derdiňi deň çekişip bilýär.Siz biri-biriňize söýip, kömek edip dursaňyz pul gazanyp bilersiňiz.Ýöne pully bolup söýgi gazanyp bilmersiňiz.
Ine gyzlar menä size durmuşda bolaýjak zatlardan mysal getirip berdim.Galanam özüňize bagly, durmuş siziňki, isleg siziňki!
Wagt aýyryp okanyňyz üçin sag boluň!
Awtory:Merdan Nuranow
Sizde-de nähili pikiriňiz bar bolsa ýazyp bilersiňiz!
Pulmy ýa söýgi?
Edebiýat,
Bilemok
tarapyndan
26-12-2023, 18:04