@Kelleagyryk Korrupsiýany düşündirjek bolup köp zady garym-gatym edip ýazypdyr:
''Türkmen dilinde şeýle söz bar. Ýarama duz sepme. Massimus korrupsiýa
barada ýazyp akyl iş edendirin, wajyp bir meseläni orta goýandyryn
diýýän bolsa ullakan bir ýalňyşlyk goýberýär. Şunyň bilen birlikde
Massimusy okap ony goldanlar hem ýalňyşýan adamlar.
Ilki bilen korrupsiýa sözüniň asyl manysynyň näme aňladýandygyny
bilmek gerek. Bu söz türkmen dilinden däl. Korrupsiýa sözüni
biziň dile geçirseň parahorlugy aňladýan ýaly Massimus üçin.
Eger gürrüň pul almak barada gidýän bolsa bu eýýäm korrupsiýa däl.
Çünki daşary ýurtlarda bu söz jenaýatyň köp görnüşini utgaşdyryp
galp baýlygy toplaýan adamlara aýdylýar üstesine bu adamlar hatda
halkara jenaýat ediş guramalryny hem döredýär.Korrupsiýa gurmasyna
narkobaronlar, ýarag söwdasyny edýänler, adam söwdasyny edýänler,
aýal-gyzlary ulanýanlar, banklar, firmalar, adwokaturalar ýaly
ençeme birlikler girip bitewileşýärler.
Bu hili ullakan bitewi jenaýat guramasy bizde ýok. Elbetde
geljekde döremese, çünki korrupsiýa giňelmek we köpelmek ukybyna eýe.
Bizde bar bolan pul almaklyga halk dilinde parahorluk diýilýär.
Bu korrupsiýa däl. Emma korrupsiýanyň başlangyç alamaty bolmagy
mümkin. Pul alýanlaryňam towygyna toh diýmeseň uzagyndan
ençeme pul toplap jenaýatyň başga görnüşlerini etmegi mümkin. Emma
gorkup otyrasy iş ýok.
Telewideniýede görensiňiz öte köp galp pul ýygnanlary hukuk
goraýjy edaralarymyz wagtynda ganatyny gyrkyp dur.
Indi bolsa parahorluk sözüne ähmiýet bereliň. Iki sözden durýar.
Sözüň düýp manysy paralamak sözi. Ýagny böleklemik.Bu söze
dogry düşünseň puly alýan aýypdar däl. Berýän aýypdar. Çünki berýän
bu ýerde paralaýar ýagny bölekleýär.Has takygy alýan alaçsyz alýar.
Onuň almak maksady ýok. Emma berýän boýnuny burýar. Şu puly alda
işimi bitir.
Eger pul alynmasa ara tanyş düşýär. Ol berýäniň tarapynda duryp
onuň adyndan almalydan haýyş edýär. Şu puly alda şu işi bitir.
Tanyş ýalbaryp duransaň puly almaýan adam alaçsyz galýarda
adama ýagşylyk hökmünde puly almaly bolýar. Bu entek korrupsia däl.
Ýenede düşündireýinmi. Mysal üçin, gadymy döwürde patyşalar
özara uruş bolmaz ýaly biri-birine dürli sowgatlary şol sanda
altyn-kümüş ugradypdylar. Eger siz körrupsiýa sözüniň manysyndan
ugur alsaňyz parahatçylygy ýola goýmak üçin ymtylan bu
patyşalary hem parahor diýmegiňiz mümkin.
Indi bolsa täzeden oýlanyň. Sizi sylap çaý-çörek beren adama
hem parahor diýmegiňiz mümkin. Ýada eden zähmetiňize hak tölän adama
hem parahor diýmegiňiz ähtimal.
Gadymdan gelýän däp-dessurlarymyň aglabasynda adamyň elini boş
goýmazlyk bar. Mysal üçin, biz kiçijik wagtymyzda şol döwüriň uly
ýaşly aýallaryň jübüsinde süýji bolardy we olar öňünden çykan çagalaryň
eline tutdyrardy.
Parahorluk barada söz gidende ägä boluň. Biziň bu sözümizden bize
dost bolmadyk adamlar bizi agzyala etjek bolup ulanyp bilmesinler.
Olar bize haýpy gelýän ýaly edip özleini alyp barsalarada ertir biziň
elimize çörek tutdyrjak dällerden. Ol gury söz bilen biziň garnymyzy
doýyryp, egnimizi bitin etjeklerden.
Netije öz ýurdymyzdan, halkymyzdan we prezidentimizden bar. Öz ýurdyňyzy
gorasaňyz, aýasaňyz, oňa ak ýürekden hyzmat etseňiz maýda-çüýde zatlar
öz-özünden ýok bolup gider.''
@kelleagyryk, seniň bu temaňa düşünmeli bolsak, pul berip adam öldürmekligem, pul berip biriniň işini kynlaşdyrmagam, pul berip jenaýat işleriniň üstüni örtmekligem seň aýdanlaryňa girýär... Korrupsiýa girýär.
''Tanyş ýalbaryp duransaň puly almaýan adam alaçsyz galýarda adama ýagşylyk hökmünde puly almaly bolýar. Bu entek korrupsia däl.''
Şu aýdanyňa akuratnyja aýdylan korrupsiýa bolýar. O nähili adama ýagşylyk hökmünde puly almaly bolýaraý ol? Ýagşylyk üçin puly almanda bolanokmy ol pul hödürlenen gahrymana!?
''Gadymy döwür patyşalaryň taryhyndan alyp gaýtjak bolýaň meseläni...
Patyşalar biri-birlerine altyn baýlyk beripdirler, sowgatlar ugradypdyrlar. Ýeňilen ýa-da ejiz ýurduň patyşasy dagam üstünde hökümüni ýöredip biljeklere altyn baýlyk ugradarda. Oňa parahorluk diýilmeýänini mekdep ýaşdaky çagalaram bilýändir. Muňa sözüň doly manysynda ''Salgyt'' (jizýe - diýip @hemedany, eşidendir) diýilýär. Basylan tarap basana salgyt berýär. Bermese ýurdy elden gidýär. Düsündirip bildimmi? Ýagşylyk üçin berilen ''Hak - heşdek'' däl ol!
Ýokarda ýene bir zady garym-gatym edipsiň: ''Gadymdan gelýän däp-dessurlarymyzyň aglabasynda adamyň elini boş
goýmazlyk bar. Mysal üçin, biz kiçijik wagtymyzda şol döwüriň uly
ýaşly aýallaryň jübüsinde süýji bolardy we olar öňünden çykan çagalaryň
eline tutdyrardy.''
Şu ýokarky getireniňem biderek mysal. Pul berip işiňi bitirtmek bir başga, köçede öňünden çykanlara süýji tutdyrmak bir başga. Näme garrylar çagalara işini bitirtmek üçin süýji berýärmaý? Çagalary gowy göreni üçin bererdä marlylaryň dili bilen aýdanymyzda jübi doly kemputjyk...
@kelleagyryk, Şulary okasa!
Sorag-jogap,
JackSparro
tarapyndan
31-12-2023, 07:15