Ine , Täze 2024-nji ýylam bosagamyzda "Şul gapyny açsa, menem girsem" diýip, garaşyp dur. Bizem oña, "Eger diýen zatlarymyzy eçilseñ-ä salarys" diýeris. Häliden bäri daşarda üşäp duran 2024-em biz bilen razylaşar.
Ilki bilen Täze ýylymyzyñ ähli adamzat nesli üçin saglykly ýyl bolmagyny diläris. Saglyk bolmasa, dünýädäki ähli lezzetleriñ manysyny ýitirýändigine düşünerçe bolduk. Soñam näme, bagtly bolmaga hiç kim ýok diýmese gerek. Aslynda, bagt diýlen närse pursatlaýyn dowam edýär. Şol pursadyñ kän gaýtalanmagy netijesinde adam özüne "Men bagtly!" diýip bilýär. Size-de ikirjiñlenmän "Men bagtly!" diýdirjek pursatlaryñyz kän bolsun! Täze ýyl ojaklara rysgal-döwlet eçilsin! Toýlar köpelsin! Umumy aýdylýan arzuwlardan başga-da her kesiñ ýüreginde besläp goýan özüne mahsus arzuwy bolýar. Ine, şeýle arzuwlaryñam hasyl boljak ýyly bolsun! Täze ýylyñyz gutly bolsun!
@Belki
Täze ýylyñyz gutly bolsun!
Sorag-jogap,
Belki
tarapyndan
31-12-2023, 07:20