Adama öwünmek bolmaýar, çünki adam häli öwünmek derejesine ýeter ýaly
kämil zady ýaratmady. Onuň guran zatlary ýykylýar, ot alýar, wagta
çydaman ýok bolýar.
Onuň özi bolsa keselleýär, kemis bolýar, aň tarapdan yza galak
bolýar,uzak gitmän ölýäýr.
Göz öňüne getiriň. Sähelçe wagtdan dünýäden ýok bolup gitjek adamyň ähli
bitiren işleri bilen guma öwrüljegine.Bu barada Magtymguly köp aýydaýr.
Durmuşy, ýaşayşy bitewi görmäýän gözli kör adamlar öwünýärler.
Öwünmäniň ornuna biz ömrümiziň gaty gysgadygyna we ýenede bir
topar ýetmeýän zatlar üçin gynanmalydyrys.
Adamlara meňzäp ýurtlaryň hem öwünýändiklerini görýäris.
Dogry bu ýerde bir zady seljermek gerek.Ýurdyň adamdan
parhy bar. Ine,şu parh hem ýurtlara özleri barada habar
ýaýratmana hukuk berýär. Emma öwünmän. Mysal üçin, gelýän turistleriň
sanyny köpeltmek üçin ýurtlar özleri barada ýalan sözlemän agyz
dolduryp geplese bolar. Özleriniň myhmanlara gowy hyzmatlary barada.
Ýöne özüniň ýasan ýaragyny öwýän ýurda näme diýip bolar. Elbetde,
köp zat diýip bolar, ýogsa oňa hiç zat diýmän goýsaň, ol has beterini
eder. Ýaragyny seniň depäňde synap görmek islär. Şu ýagdaýyň boljagyna
göz ýetirmeýän başga ýurdyň raýtlary öz ýaragyny magtaýan ýurda
goşulýarlar we hamala bu ýarag olaryň hem mertebesini köpeldýän ýaly
bu ýaragy birlikde magtaýarlar.
Bu halatda özüňi aňla. Sen bu ýaragy ýasan ýurdyň raýaty däl.
Özge ýurtlarda ýasalan ýaraglar bolsa saňa dost bolan
ýurtlara taşlanmagy mümkin ýada seniň öz
depäňden inmeginiň mümkindigini ýatdan çykarma.
Gysgaça şu.
Depäňden inäýmesin
Täzelikler,
Kelleagyryk
tarapyndan
2-01-2024, 07:58