Entek çagajykkam kakam maňa bir ýola hergiz ýadymdan çykmajak zady aýtdy:
— Oglum, sen doglanyňda aglapdyň, dünýe bolsa begenip, heşelle kakypdy. Ömrüňi bu panydan gitmeli bolanyňda, bu dünýe aglap, özüň bolsa begenip, heşelle kakyp gider ýaly derejede ýaşa.
Biz hemmeleriň ömrüň asyl manysyny unudan ýaly hala düşen zamanynda ýaşaýarys. Biz adamy Aýa ugratmagy başarýarys, emma täze goňşular bilen tanyşmak üçin köçeden geçmäge hiç het edip bilmeýäris. Biz çagalar bilen kitaphana gitmegi şertleşenimizden soň hem, nämüçindir, belleşilen wagty hemişe soňa süýşürýäris. Birek-birek bilen baglanyşygy ýitirmezlik üçin bizde elektron poçta, fakslar, mobil telefonlar bar, emma adamzat hiç haçan hem häzirkisi ýaly aýrybaşgalaşan halda bolan däldir.
Biz iň bir, iň bir esasy zady gözden saldyk.
Şeýle, häzir bu kitaby okamaga girişýärkäň, men saňa bir sowal bilen ýüzlenjek — muny gödeklik hasap etmäweri:
SENIŇ MAZARYŇ BAŞYNDA KIM AGLAR?
Bu planetamyzda ömür sürmek hormaty peşgeş berlen müddetde sen ýakyn ýaranlaryňdan näçe kişä ýardam etdiň? Seniň ömrüň geljekki nesillere nähili täsir ýetirdi? Iň soňky nepesiňi alanyňdan soň nähili miras galdyryp gidersiň? Öz ömrümden özleşdiren sapaklarymyň biri — öz ömrüň (durmuşyň) babatda bir alajyny tapmasaň, ömür (durmuş) sen babatda hökman bir alajyny tapar. Günler duýlar-duýulmaz halda hepdelere aýlanýar, hepdeler — aýlara, aýlar — ýyllara. Juda tiz wagtdan ähli zat tamam bolar — şonda sende ýarym ýaşalan ömür baradaky ahmyrlardan pürepür ýürekden başga hiç bir närse galmaz. Ölüm pellesinde ýatan Jorj Bernard Şoudan: «Ömri ýaňadan ýaşamagy başarsaňyz, siz näme ederdiňiz?» diýip sorapdyrlar. Ol oýa batypdyr, soňra bolsa uludan dem alyp, şeýle jogap beripdir: «Men bolup biljek hem bolsam, bolmadyk derejämdäki adam bolmak islärdim». Sen babatda şeýle ýagdaýyň hiç haçan bolmazlygy üçin men şu kitaby ýazdym.
Men professional orator, tutuş Demirgazyk Amerika boýunça konferensiýalarda özümiň dünýägaraýşymyň esaslaryny beýan etmek üçin köp wagtymy sarp edýärin — bir şäherden beýleki şähere uçup, biznesde we durmuşda liderlik baradaky düşünjelerimi dürli-dürli adamlar bilen paýlaşýaryn. Durmuşda her haýsysynyň öz ýoly bar hem bolsa, olar şol bir zat barada sowal berýärler: ömrüň has akylly-başly derejede bolmagyny nädip gazanmaly? Nädip öz işiň bilen jemgyýetiň durmuşynda uzak wagtlap saklanjak goşant goşmaly? Durmuşyňy nädip sadalaşdyrmaly hem-de giç bolmanka onuň akymyndan lezzet almagy nähili öwrenmeli?
Meniň jogaplarym elmydama birmeňzeş başlanýar: öz ýoluňy tap.
Hemmämizde-de gaýtalanmajak zehinli taraplarymyzyň bardygyna — olaryň özlerini mynasyp maksatlar üçin ulanmagymyza garaşýandyklaryna men ynanýaryn. Biziň her birimiziň hem özüniň täsin maksady bardyr, biz bu dünýä şonuň bilen bile gelendiris. Ol adama mahsus ähli mümkinçiliklerimizi açmakda — şonluk bilen hem ýakynlarymyzyň durmuşyny gowulaşdyrmakda ýardam eder. Öz ýoluňy tapmak üçin häzirki işiňi taşlamak asla zerurlyk däldir. Oňa has uly yhlas bilen, ýürek bilen ýapyşmak gerek, iň gowy başarýan işiňde ünsüňi jemlemek zerur. Ýetesiň gelýän özgerişlikleriňe daş-töwerekdäkiler ýetýänçä garaşmagy bes et. Mahatma Gandiniň aýdyşy ýaly: «Daşyňy gurşap alan dünýäde görmek isleýän özgerişlikleriňe öwrül». Şonda seniň durmuşyň hem bada-bat özgerer.
* * *
(Dowamy indiki bölümde)
Awtor: Robin Şarma
Taýarlan: Arslan Alaýew.
1. Öz ýoluňy tap
Edebiýat,
Arslan Alayew
tarapyndan
3-01-2024, 00:41