Säher. Oba.
Gije ýagyş ýagypdyr,
Batypdyr gap-gaty daşlar palçyga.
Köçäň kenarynda böreň-böreň suw,
Penjiräme çekipdir bug çarçuwa.

Ýalaňaç agaçlar suwa düşüpdir,
Olaryň aýby ýok utanar ýaly.
Ýatlamalar yşka derman diýýäler,
Yşk barmy dermanly gutular ýaly.

Obaň haňlap ýatan ýazky kluby,
Näm-çündir, her säher düşýär ýadyma.
Oýanyp, oýlanyp meňzäp otyryn,
Awtorlyk surata düşýän adama.

Ho-ol, daşlaram galsa gerek ýadymda,
Hakydalam hakykatyň aw tory.
Daş başly bendäňem ýatlap durawer,
On sekiz müň älemleriň awtory.

Wagt ömri gemirýär, ölümler ölümi,
Dünýäň ýyrtan gözün ýamap ýumaryn.
Ýatlap ýekän-ýekän sarar ýataryn,
Çöşläp giden günlerimiň ýumagyn.

Hiç kim özüniňki däl-ä, ahbetin,
Näme aljak bu dünýäden olja edip.
Alan zadyň tabşyrmaly yzyna,
Perişdeleň ýazanlarna gol çekip.

Eşiklermi çykarşym deý hammamda,
Hamy, teni ýylan ýaly düşräge,
Ýazgydyma awtor bolup giderin,
Suwa däl-de, bagt kölüne düşmäne

Bilýäňmi?!

Bilýäňmi, men ýene ýanyp başladym,
Howr alýan bu agzym belaň körügi.
Ýene ýüzin ýatyp ýazyp başladym,
Dabanyňdan teý binesip törümi,
Dolduryp düýrlenen mynjyk kagyzdan,
Durmuşym deý bulaşdyryp saçymy.
Habar alyp bilmän ynjyk halyňdan,
Ýazmadyk goşgulam ýyrtýar içimi.

Ýeri, indi nämä tutaşyp ýörün?!
Tutmadyk toýumyz sowuldy bir çak.
Serwandymda uçup bilmän Pegas dur.
Garnyna basaňda saz çalýan gurjak,
Gözlerin alardyp doňup galypdyr,
Ol ölüp galypdyr özi meýletin.
Senem bagtly bolsaň, bolup galypdyr.
Nirden tapdyň, sen, beýle yşk, beýle din?!

Sygynanym ýazgydyma sygmady,
Melegem mätäçkäň gelmese nämä?!
Başyma ýapma-da beýle kysmaty,
Tapan bagtyň bilen ýelme depäme!

Edil häzir jan girse, ho-ol, Pegasa,
Seni özüme çen alyp gaçsadym.
Ýeri, indi nämä tutaşyp ýörün...
Bilýäňmi, men ýene ýanyp başladym.

Mart duýgulary

Şygry bilen gelýär martyň howasy,
Goşgyň bogny pyntyk bolup ýarylýar.
Ýürek gürsüldände wagtyň owazy,
Sagadyň sesi deý howa garylýar.

Goşgularmy aldym ýazyň joşundan,
Yşnagymy yşka daglap nije men.
Ine, ýene zyba gyzlaň gaşynda,
Söýgi sözlerinden baglaýan çemen.

Gözýetimde älemgoşar hal atar,
Hal atar gyzlaryň ýaňagna çenli.
Iň agras ýigde-de özün haladar,
Ýogsa-da kim duýýar serden geçenni,
Kim söýmeýär kellesini sämedip?!
(Aşygyň işini Alla oňarsyn!)
Göz bir penjiredir,
ondan äňedip,
Bahar eljirese neneň oňarsyň?!

Düýşe girýär perileri uçmahyň,
Ýazyň ýüpek ýakymyna baksana.
Martyň howasynda yşka uçradym,
Näme boldy, ne döw çaldy aklyma?!

Garlawaçlaň gaşa meňzeş näzini,
Kalbym goşgy üçin bahana bildi.
Ýaş oglan deý aşyk häli-häzirem,
Türkmeniň al-elwan baharydyr bi.

Öz-özüm oýlanýan başymy atyp,
Neneň kämil bu duýgynyň gurluşy.
Her ýazda topraga artýar hormatym,
Her ýazda täzeden söýýän durmuşy.

Men diýerin, „Seni söýýän!“ diýerin,
Ýaza aşyk bolan gizlemez syryn.
Ömrüni poeziýa baglanlar deýin,
Menem öz ömrümiň şahyrydyryn.

Ýaz möwsümi tebigatyň zehini,
Her bir pasyl berekedin getirýär.
Beýik Galkynyşyň baharydyr bi,
Ýurduny söýeni bagta ýetirýär.

Ýarty Aý gutaba meňzän gijesi

Ýarty Aý gutaba çalym edýärdi,
Hatda men şol gije şamymam iýmän,
Ýolboýy Aý synlap teatra bardym,
Yşk buran boýnuma şarfymy iltäp.

Teatr, teý ahyr, ýene sataşdyň,
Ýere degrip gök köýnegiň etegin.
Süýt reňkli gijede elde galgadyp,
Sygryň dili ýaly oýnuň petegin,
Seň duşuňdan geçip gitdim tolgunyp.
Sahnada Leýli gyz, göz öňümde sen,
(Söýseňem söz gatyp bolmaýan eken,
Çekinjeň ýürege dözebilmeseň).

Sahnaň perdesi deý çala buýraly,
Saçlaryňy goýberipsiň daraklap.
Ähli ýigitleriň nazary sende,
A men, gözlerimi derde ýaratman,
Ýüzüm sallap, ses-sellemsiz örtendim.
Örtendim men äşgär owadanlyga.
Aglaýjak-aglaýjak bolan günlemem,
Ýasda-da mertligi oňaran owa,
Erkimden egsilip, bagtdan basylyp,
Artykmaç görküňden kemsinip galdy.
Iki owurdymdan agyr ýuwdunyp,
Aýtmadyk sözlerim kemşerip galdy.

Düşünýän,
Üýtgedip bolmajak zatlar,
Gynananňa jinnek ýalam degmeýär.
Ýöne şol gijede meniň ünsümi,
Başga bir zat, başga bir zat egleýär.

Gutaba meňzeýän Aýam däl ol zat,
Sahnada däl, Mežnunam däl, Leýlem däl.
Gözleňem däl ogryn-dogryn garaýan,
Saňa bolan höwesem däl, meýlem däl.

Henizem ýadymda şu günki ýaly:
Süýt reňkli gijedi, daşary aýdyň,
Sowukdy, bu-da hiç,
ýöne barybir,
Şol gije näm üçin saçyňy ýaýdyň?!

Sebäbine meň özümem düşünmän,
Seni söz gatmasyz keseki saýdym.
Diňe bir ullakan sorag ýadymda,
Ak ýüzüňi ýarty Aýa meňzedip,
Näm üçin,
näm üçin saçyňy ýaýdyň?!

Söýgi bagyşlaýar

Şeýle bolmalymy yşkyň ýazgydy,
Heý, bolmazmy, gijem bolsa düzedip?!
Ni-çün Taňrym, seni maňa ýazmady,
Duşuryp, söýdürip, soňam göz edip
Uçran umydymy goýdy uçmaha?!
Ysyňdan mes bolup öň uçan aşyk
Kyýamata çenli gaýdyp uçmasa,
Gujagyňda ýortup, gijäni aşyp,
Lebi açylmadyk gunçaň guçmasa,
Seň bile içmese şekerli suwdan,
Söýgi odam, içim ýakyp, öçmese...
Eger şeýle bolsa, bar zady ýuwdup,
Näm ederin nesip etseň kesekä?!
Düşünýän, barybir bilmen unudyp,
Öwrülemsoň gyzyl otly kesewä
Dowzah söner, külem görüner ownuk.

Posa diňlän şol çolaja baglyga,
Gijelerne ýekesiräp köp gelýän.
Göz öňümde göz süzüşiň, ýadymam,
Diňe seniň ýylgyrşyňa seplenýär.

Boş günleri, ownuk-irisi bilen,
Deňimden geçirýän, ötýän duşundan.
Ýöne aňymdaky wirusy bilen,
Durmuşyma çykman bir gyz huşumdan,
Şyňňyrdadyp gyzlygynyň şelpesin,
Syrymy özüne aýan edinýär.
Söýenmiň yzynda köp ýyl selpedim,
I:l söýse söýmese aýal edinýär.

Seni söýenimi özüň bagyşla,
Seni bagyşlasyn meni söýenler.
Ilden gizlin gyltyz-gyltyz da:la:nym,
Menem söýüp ýörün seni bagyşlap.

Pygyl

Telefony galdyrmasaň galdyrma,
Sms ýollasam alajyň näme?!
Ýer deý aýlanýan seriňden parhlyrak,
Toý hakynda pikir gelýär kelläme.

Bolşum Kaýsa meňzeýändir, ýogsa nä,
Mämmetweliň içmegi deý kysmatym,
Ýama-ýama bagt-belaga mahsusmy?!
Bir posada garrap, dargap, men dünýäň
Amanadyn ýele sowran mahlugy.

Posaň tagamy bar ýylgyryşyňda,
Sen gülmeseň gezim edip „hümm“-leýän.
Sen gülmeseň aglaýmagym ähtimal,
Sen gürleseň hezil edip diňleýän.

Kofäň tagamy bar posalaryňda,
Dadan günüm dabanlarym uçgunly.
Şol gün maňa bu dünýede ýatuw ýok,
Müň çözýän men telefonyň uçgurny.

Dodagyňda uklan ýigdiň uçarman,
Nota salyp bilýär heser sesini.
Durmuş daşymyzda küşdini depip,
Deprek edinse-de heşellesini.

Üstüne, ho-ol, asman düňderlen jahan,
Boşatsyn başymda bela sagdagyn.
Meniň kimdigimi bir Taňry bilýär,
Hem bir Mežnun biler meniň sagdygym.

Hanha, şapak şapbat ýaly gyzardy,
Tamman ýaly aşak düşdi ikindi;
Ýeriň oky dömüp, hudaý tarapyn,
Çep beýnimiň kyblasynda dikildi.

Ynsan düwünçeklikden garrap başlaýar,
A biz eýýäm, lakamy köp dünýäde,
gowşup bilmän, ýaşap ýörüs aýratyn.
Ýogsa-da, näme üçin gowşup bilmeýäs,
Aýry arzuwly däl, däl ýa aýry din.

Sen öz lälikligňi, men däliligmi
Tersa telefona sürtmedik bolsak,
Ikibaşdan bir ýassyga ýeterdik.
Meni artyk örtäp syrymy açma,
Doglamda açylan syrym ýeterlik.

Ynan!

Sen menden kä zady gaty görmegin,
Sen menden kän zady gaty görmegin.
Asla ýokdur giperbola, toslama.
Saňa ýaramaýan teleke işi
eder öýdüp oslama
we şulary bil:

Ýetmezňe urnaň bolmasam,
Bagtyňa gurban bolmasam,
Toýuňda porhan bolmasam,
Bolasym gelmeýändir öýtme!

Sataşsaň tirkäp baldyzyň,
Baş atyp diýeňde „Barmysyň?!“,
Beren salamyň almasam,
Alasym gelmeýändir öýtme!

Çekip bildim „ah“-baryny,
Teý, tapmadym ahmalyňy,
Soramasam ahwalyňy,
Bilesim gelmeýändir öýtme!

Janym dilim deý gijände,
Yşk tene sygmaz gijämde,
Rahatlyk jandan süýjände,
Ölesim gelmeýändir öýtme!

Deň bile gülüp bilmesem,
Nädeýin, ölüp bilmesem,
Ölemsoň gelip bilmesem,
Gelesim gelmeýändir öýtme!

Açyş

Şäheriň durmuşy, ritmi owadan,
Şähere ýetende agarýar agşam.
Sabyr-kanagatly trolleýbuslaň
Gol uzadyp tokdan aslyşyp barşam,
Dükanlaň ullakan penjiresinden
Adamlara garap duran eşikler,
Baglaň saýawan deý penjelerinde
Asmana ýyrtylan sansyz deşikden,
Güýzüň dury ýagyşlary damanda,
Okuwyna haýdaşanda talyplar –
Pikir kömelek deý güberçekleýär,
Gözüm ümezleýär, geçip tarypdan.

Bu şäher yşkymyň bagtyna gowşan,
Yhlasymyň myrat guçan şäheri.
Kitaply-depderli talyp gollarmyň
Ganata öwrülip uçan şäheri.

Adam düşünmegi açyşdyr öýdýär,
Düşünilse bolýar, edilsin „açyş“.
Aýan duýdum, maňa birentek zatlaň
Aýan däldigini pikirde açyp.

Şäherli agaçlaň ýygyrt atan budy,
Meňzeş maňlaýyna garry kakamyň.
Otyr swetafor, howlukýanyma,
Garaman, ejem deý synap takadym.

Juda sada zatlar abstrakt,
Seredip-seredip ýetenok aklyň.
Janyň syzanynda çyndyr hakykat,
Arassa abstrakt ynsanyň aslam.

Ätiýaç

Zeleli ýok artyk ätiýaçlygyň,
Seň saglygňa bulgurma meý guýýaryn.
Lermontowyň ömrüne deň ýaşymyň,
Kalba salýan agramynam duýýaryn.

Ullakan arzuwlam sygman döşüme,
Ýüregmi ýukaldyp düýbün deşipdir.
Durmuşdan pelsepe çöpläp ýörşüme,
Gussalam azajyk artyk düşüpdir.

Saňa däl, kitaba döşümi oýkap,
Dodagyňa derek galam dişleýän.
Her sözüň üstünde başymy ýaýkap,
Gijelerne şahyrlarça işleýän.

Sözleriň başyny çatýan başymy,
Bu gije seň bilen çatyp bilmerin.
Hem on gezek hasap edip ýaşymy,
Ýene-de bir gije ýatyp bilmerin.

Men seň otagyňdan çykyp gaýdaryn,
Ugradarsyň, sen öýkeli bakyşda.
Gijeleň öwezni öt, mähribanym,
Şahyr çykmasamam meni bagyşla!

Güýz pelsepesi

Pikiriň çuňlaşsa başyň egiljek,
Amanat ýapraklaň üýtgände ömri.
Düşünmeseň gussa goýar ýeňiljek,
Güýzde tebigatyň şeýledir emri.

Güýzahyr. Noýabr, agralýar howa,
Ýygy-ýygy ýere degýär buludam.
Arzuwy ýukalan argyn gursaga,
Ynam gelýär, umyt gelýär uludan.

Guşlar bir-birine gysmyljyraşýar,
Unudyp öýkesin, kine-göreşin.
Gündüziň gabagy basym tapyşýar,
Az-kem ýorka örtdi Günüň görejin.

Güýzde piker jybarlaýar, begenjem
Damja deý buldurap ezýär owaňy.
Bir çümmüjek şatlyk tapyp begenseň,
Güýz bagta boýaýar bütin howany.

Güýz – bu serhoş bolan mes bahar däldir,
Dury akyl bilen düşüner ýaly.
Ýapraklar sebäpsiz, keýpine tänmez,
Aýagyň astyna düşener ýaly.

Irkilen tebigat düýş örüp ýatyr,
Düýşünde pyntyjak görünip gidýär.
Ene baglar dişin gysyp, mert otyr,
Şemalam ýapraklaň göbegin kesýär.

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Hasratly ýürek tarapyndan 3-01-2024, 17:45

  • Belki Belki off № 1 3 января 2024 18:46
    Köp tañryýalkasyn!
    Jogap
  • Abdylla85 Abdylla85 off № 2 4 января 2024 08:21
    Говы гошгылар
    Jogap
  • Byzmyk Byzmyk off № 3 9 января 2024 03:42
    Belki
    Köp tañryýalkasyn!

    Menem goşulyan.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler