AÝA BAKYP AGLAÝAN
Men gijeler Aýa bakyp aglaýan,
Tümlük bilen hümürdeşip, dertleşip.
Men gijeler oýa batyp aglaýan,
Gelýän süýji düýşlerimi mert kesip.
Aýdym diňläp atyrýaryn daňymy,
Demigip, darygyp, köşeşýän soňam.
Şygyr okap batyrýaryn günümi,
Şygyr ýazyp bilmän kösenýän soňam.
Men bir düňle, ýüregimem ejizdir,
Hiç dolanmajaga umyt baglaýan.
Maňa asman, ak ýyldyzlar ezizdir,
Men gijeler Aýa bakyp aglaýan.
22.12.2023ý.
Uzuk NOWRUZOWA
Tümlük bilen hümürdeşip, dertleşip.
Men gijeler oýa batyp aglaýan,
Gelýän süýji düýşlerimi mert kesip.
Aýdym diňläp atyrýaryn daňymy,
Demigip, darygyp, köşeşýän soňam.
Şygyr okap batyrýaryn günümi,
Şygyr ýazyp bilmän kösenýän soňam.
Men bir düňle, ýüregimem ejizdir,
Hiç dolanmajaga umyt baglaýan.
Maňa asman, ak ýyldyzlar ezizdir,
Men gijeler Aýa bakyp aglaýan.
22.12.2023ý.
Uzuk NOWRUZOWA
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
4 комментария