"Beýle kimkä diýip pikirlenerdim,
Şo-ol kakamyñ öwýän "iliñ çagasy".
Bäş wagtyna namaz okaýan eken,
Goñşymyz Myradyñ naskeş agasy.
"Beýle kimkä diýip pikirlenerdim,
Şo-ol ejemiñ öwýän "iliñ çagasy".
Obamyzda ar-namysly Almagül,
Başga ýerde on oglanyñ balasy.
Olar-şerbet eken,men bolsa erbet,
Olar- gül bolupdyr,men bolsa tiken.
Olar-kislaroda baý agaç bolsa,
Men-saman ekenim,çöl ýerde biten.
Şeýdip öýdäkileñ beren badyndan,
Içimdäki hyjuwlam oýanypdyr.
Esseläp köpelýän zähmetim bilen,
Aklym öñküsinden has goýalypdyr.
Bir üstünlik bilen guwandyrýançam,
Şolar bilen asla deñ tutulmadym.
Ýöne beýgelsem-de,ýere düşsem-de,
Iliñ çagasyndan kem tutulmadym.
Awtor: Durdygylyç Ýarjanow.
Iliñ çagasy))
Edebiýat,
Ejegyzs
tarapyndan
14-01-2024, 11:09