ANUNNAKILER ÖZÜNIŇ ÝETIŞDIREN TÄZE SIWILIZASIÝASYNDAN PEÝDALANMAKÇY BOLÝARLAR. ŞIT DÜNÝÄ INDÝÄR


(Indi bolsa gadyrdan gardaşlar; Şejere daragty biraz üýtgeşme ugrasa-da Töwrat we Sümer Plita ýazgylarynyň parallel taraplaryny okarys)
Anunnakiler öz aralarynda oturyp içgin-içgun pikirlendiler. Abaelsiz, Kainsyz kim bugdaý ekip ýetişdirip indi kim çörek taýynlar?
Kim çopan bolup goýun köpeltsin, kim ýüň egirsin''- diýýärdi Anunnakiler. Enkiniň gudratlaşdyrmagy bilen Adapa ýene aýaly Titini garşy-garşy bildi.
Üç sapar gyz doguldy.
Togsan bäşinji şarda (342.000 ýyl) Adapa we Titiniň bir ogly boldy.
Titi oňa Sati (Keramatly kitaplardaky Şit/Şis pygamber) diýip at goýdy. Janly ýaşaýyşy täzeden birikdiren diýen manyda; Adapanyň nesli ondan başlanýar.
Adapa we Titiniň jemi otuz ogly we otuz sany gyzy boldy. Anunnakiler üçin ekerançylyk işlerde işläp çopançylyk edenler şolardan çykdy. Olar Anunnakileri we ýerlileri aç galmakdan halas etdiler.
(Adamdan Nuha çenli nesil daragty başlangyçda Kainyň neslinden başlanýan bolsa bu gezek Şit orta çykýar. Töwradyň IV we V baplary biri-biri bilen gabat gelýär).

Ýaradylyş 4; Kain aýaly bilen boldy. Aýaly hamyla galdy we Hanohy dogurdy. Kain şol wagtlarda bir şaher gurýardy (Hany Kain sürgünde, ol kowulypdy?) Şähere ogly Hanogyň adyny dakdy.
25. Adam aýaly bilen boldy. How ene bir erkek perzent dogurdy. ''Taňry Kainyň öldüren dogany Habylyyň ýerine maňa başga bir ogul bagş etdi'' diýip oňa Şit (Bagş etdi) adyny dakdy.
Ýaradylyş 5;
1. Adam nesli hakynda: Taňry ynsany ýaradan wagty ony özüne meňzeş edip ýaratdy.
2. Olary erkek we zenan edip ýaradyp olara ak pata berdi. Ýaradylan güni olara ''ynsan'' adyny berdi.
3. Adam 130 ýaşyndaka öz suratynda özüne meňzeş bir ogly boldy. Oňa Şit adyny dakdy.
4. Şit dogulandan soň ýene Adam 800 ýyl ýaşady. Başga-da ogullary we gyzlary boldy.
5. Adam jemi 930 ýyl ýaşanyndan soň dünýeden ötdi).
(Görnüşi ýaly bu sapar Habyl, Kain hekaýasynyň dowamy ýetirilmän Şit atly oglunyň nesli dowam etdirilýär. Ýene-de bir baglanyşyk!)

ENŞI DOGULÝAR WE TAŇRYLARA SEJDE ETMEKLIK BAŞLANÝAR. OGLY KUN METAL IŞINDE ÖKDELEŞÝÄR

Togsan ýedinji (349.200 ýyl) şarda Azura atly aýalyndan bir ogly boldy Satiniň. Bellik depderinde ady ENŞI (Enoş) diýlip ýazyldy. Adynyň manysy ynsanlygyň ussady diýmekdir. Kakasy Adapa oňa ýazmagy we sanlary ýat tutmaklygy öwretdi. Oňa Anunnakileriň kimdiklerini we Nibiru hakyndaky hemme zatlary aýdyp berdi. Enşi Enliliň ogullary tarapyndan Nibrukä alynyp baryldy.
Oňa Anunnakileriň syrlaryny öwretdiler.

(Ýaradylyş 5.
6. Şit 105 ýaşyndaka ogly Enoş doguldy. 7. Enoş dogulandan soň Şit 807 ýyl ýaşady. Başga-da ogullary we gyzlary boldy. Şit jemi 912 ýyl ýaşanyndan soň dünýeden ötdi)
Mesh etmek üçin ulanylýan ysly ýaglary oňa Enliliň Ýerde dogulan iň uly ogly Nannar görkezdi.
Indi miwelerden miwe suwlaryny nähili ýasamalydygyny Enliliň iň körpe ogly Işkur öwretdi. Anunnaki hojaýynlar şol döwürden bäri adamlar tarapyndan atlary ýatlanyp çagyrylýarlar.
Anunnakilere çokunmak şondan başlandy. Soňra Enşiniň gyz jigsi Noamdan bir ogly doguldy.
KUNIN (Kain)dy ady.:;;; fırınlardan bolan diýen manyda. Niburta tarapyndan Bad-Tibirada okap tälim alypdy. fırınlar we ojaklary hakynda katran bilen nähili ot ýakmalydygyny, nädip eredilýändigini öwrendi.
Nibiru üçin altyn eretmek ýaly işlerde onuň ogullary muşakgat çekip işlediler. (Meniň pikirimçe Tubal Kain diýip belli bolan ezoterizmdäki esasy kişi hem şol bolmaly. Kainyň dälde Şitiň neslindendir). Bu mesele togsan sekizinji (352.800 ýyl) şarda orta çykdy.
(Wakalary bulam-bujar edip düşündirýän Töwrat Tubaly Kain diýip bu ikinji Kainden söz edýär. Ýaradylyş4;
19. Lemek iki aýala öýlendi. Biriniň ady Ada, beýlekisiniň ady Sillady. Silla Tuwal Kainy dünýä getirdi. Tuwal Kain bürünç we demirden her dürli gurallary ýasady).

KUNINIŇ MALALU ATLY OGLY SAZ USSADY BOLÝAR

Indi bolsa Kainyň sürgün edilenden soňra Adapa nesliniň we Enkimeniň Äleme uçmaklygynyň hem-de Adapanyň ölüminiň hekaýasydyr.

Togsan dokuzynjy şarda (356400 ýyl) Kuniniň bir ogly boldy. Ony Kuniniň enebaşga gyz jigsi Mualit dogrupdy. Ejesi oňa MALALU diýip dakdy. Çalyp oýnaýan diýen manyda. Saz gurallary çalýardy, saz çalmakda örän ezberdi. Ninurta oňa bir lir ýasap berdi (Germesden Apollona Grek mifologiýasyndaky lira çalýan Taňrylar ýadyňyza düşýärmi?
Bulardan başga-da biri-birine gapma-garşy düşündirişler ine şeýle. Malalu Ýuwal ady bilen Ýaradylyşda şeýle ýazylypdyr:
Ýaradylyş 4;
20.Ada Ýawaly dogurdy. Ýawal sürü goýunlaryň eýesi göçüp-gonanlaryň atasydy.
21. Jigsiniň ady Ýuwaldy. Ýuwal lir we tüýdük çalýanlaryň atasydy).

MALALUNYŇ OGLY IRID SUWA DEGIŞLI YLYM USSADY BOLÝAR

Malalu ylahy sazlar çalyp berdi Ninurta; gyzlary bilen gazal aýtdylar Ninurtanyň huzurynda. Malalunyň aýaly agasynyň gyzydy; Dunnady ady. Dünýäde sanamaklyk diýilýän zadyň başlanmazyndan bu ýana ýüzünji şarda (360000 ýyl) Malalu we Dunnanyň bir ogly boldy. Ilkinji ogullarydy bu.
Ejesi Dunna oňa IRID (Injildäki Irat) adyny goýdy. Süýji suwlardan bolan manyda. Dumuzi oňa nädip guýy gazmalydygyny, uzak çaýyrlykdaky sürülere suwy nädip açmalydygyny öwretdi. (Hemme zatlar bulam-bujar bolmaz ýaly Töwratdan hem bulary düşündirýärin.
18. Hanokdan Irat (Irid) boldy. Iratdan Mehuýael, Mehuýaelden Metuşael, Metuşaelden Lemek boldy.


IGIGILER WEZIPELERINI KEM ÝERINE ÝETIRÝÄRLER, ÝERDÄKILER BILEN GYZYKLANYP BAŞLAÝARLAR

Ol ýerlerdäki çaýyrlardaky guýylaryň başyna ýaşajyk gyzlar we çopanlar üýşýärdi. Siwilizasiýadaky adamzat jübütleşip köpelýän ýerleridi bu ýerler. Şol wagtlar igigiler Ýere gelmegini ýygjamlatdylar.
Gökden seredip bilmek ukybyna eýediler. Ýerde bolup geçýänleri görmek arzuwyndadylar. Enki Marduka ýalbarýardy, Lahmuda olaryň, ýagny Igigileriň ýanynda bolmagy tabşyrýardy. Ýerde bolup geçýän zatlara Lahmudan synlamaklygy olam kem görenokdy.

IRIDIŇ OGLY ENKI-ME DOGULÝAR, GÖKDÄKI SYRLARY ÖWRENÝÄR

Irid aýaly bilen çaýyrlykdaky bir guýynyň başynda tanyşypdy. Barakady gyzyň ady, daýysynyň gyzydy. Ýüz ikinji şaryň soňy gelipdi, onuň ogullary dünýä inipdi.
Bellige alynýan depderlerde ady Enkime (Mehuaýel. Meniň pikirimçe Hanok şudyr.) diýip bellige alyndy. Enkiniň kömegi bilen M.E. düşünjeli manyda.
Bu oglan ylymlydy, sanlary sanamklygy çalt öwrendi. Gökler we bütin Älemiň meseleleri öwrenesi gelýärdi. Jenap Enki ony gowy görýärdi. Bir wagtlar Adapa öwreden syrlaryny oňa hem öwretdi.
Enki oňa Günüň maşgalasyny we on iki sany gök Taňryny öwretdi. Hem-de Aýa görä ýyllaryň Güne görä nähili hasaplanýandygyny, sanalýandygyny we şarlaryň (ýyl ýaly hasap) Nibiruwa görä nähili sanalýandygyny we sanlaryň Enki tarapyndan nähili birleşdirilendigini we jenap Enkiniň Älemdäki hereketleriň nädip on iki gysyma aýyrandygyny, bularyň her biriniň ýyldyz toplumyna bölünýändigini, On iki sany Anunnaki baştutanlarynyň hormatyna nähili at berilendigini öwretdi. Äleme uçup syýahat etmeklige höweslidi Enkime. Ol iki gezek uçuşa çykdy. Ginuş ýerinde Marduk bilen bile bolsun diýip ugradyldy Enkime. Marduk ony ol ýerden kosmos gämisi bilen Aýa äkitdi.
Ol ýerde Marduk öz kakasy Enkiden näme öwrenen bolsa hemmesini düşündirdi Enkimä. Enkime Ýere dolanyp baranynda Sipparda Utu (Şamaş) bilen bolsun diýip ulaglar ýerine ugradyldy.
Ol ýerde Utu Enkima bir tabel berdi. Utu oňa şonuň üsti bilen köp zatlary öwretmelidi. Utu öz parlak mesgeninde ony Ýerlileriň şazadasy diýip taýynlady. Däp-dessurlary öwretdi, sebäbi ruhanylyk wezipesine başlasyn diýip.

ENKIMENIŇ MATUŞAL (Metuşael) ATLY OGLY BOLÝAR. MARSDA ÝAŞAÝAR

Enkime aýaly we enebaşga gyz jigsi Edinni bilen Sipparda ýer tutundy. Ýüz dördünji şarda (374400 ýyl) bir ogullary boldy. Ejesi oňa Metuşal adyny berdi. Parlak yşyklaryň ýanynda ýetişen diýen manyda. Şondan soňra Enkime Älemdäki göklere uçup syýahata çykdy. Marduk bu sapar onuň ylymly mugallymy we ýoldaşy boldy. Bir gök ulagynyň içinde asmana galyp gözden gaýyp boldular.
Güne tarap, soňra ondan uzaga aýlawlar etdiler. Marduk ony Lahmudaky Igigileri görmäge äkitdi. Igigiler ony görenine şat boldylar, Dünýäniň siwilizasiýasy hakynda ondan köp zatlar öwrendiler. Bellik depderlerinde onuň göge tarap ýola çykandygy ýazylandyr. Soňky günlerine çenli göklerde galandygy ýazylandyr. Enkime göge galmazdan öň, Älem hakyndaky hemme zatlary öwrenipdi. Enkime ýazgylary bellik edip çykardy, sebäbi ony ogullary hem bilsin diýen maksady bardy.

ENKIME BELLIK DEPDERINI ÝÖREDÝÄR ONY OGLY METUŞALA BERÝÄR

Gün maşgalasynda we göklerde bolan hemme zady ýazdy. Ýeriň çäriýekleri, topraklary we derýalary hakyndaky hemme zady ýazdy. Ilkinji ogly Matuşalyň ellerine berdi ýazanlaryny.
Erkek jigleri Ragim we Gaidad bilen takyklap görsünler we muňa boýun bolmaklaryny isledi. Ýüz dördünji şarda (374400 ýyl) dogulypdy Matuşal. Igigileriň tuzuran gozgalaňyna we Mardukyň nämeler edendigine şaýat boldy.

MATUŞALYŇ OGLY LUMAH DÜNÝÄ INÝÄR, ADAPA ÖLÝÄR

Metuşalyň Aýaly Ednatdan bir ogly boldy. Lumahdy (Lemek) ady, Gudratly adam diýen manyda. Onuň günlerinde Ýerde bulaşyklyklar ör turup başlady. Ekinlerden we çaýyrlarda işleýänler şikaýata başladylar. Anunnakiler ussat ýetişdiripdirler Lumahy. Lumah hemme zady üpjün etsin diýip Anunnakiler ony ussat edip ýetişdirdiler. Onuň günlerinde Adapa ölüm ýassygyndady. Adapa ömrüniň soňlanýandygyny bilip: ''Ogullarym we ogullarymyňam ogullary jemlensinler ýanyma'' diýdi.

ADAPA ÖLÜM DÜŞEGINDE KAINY GÖRMEK ISLEÝÄR

''...Ölmezden öň olara ak pata bereýin we ölmezden öň aýtjaklarym bar. Sati we ogullarynyň ogullary jemlenende hemmesinden sorady. Ilkinji oglum Kain (Kabyl) nirede? Hemmesine seslendi: ''Tiz çagyryň ony!'' diýdi. Sati Jenap Enkä habar berdi kakasynyň soraýanyny we: ''Näme etsemkäm?'' diýip sorady jenapdan. Enki şol wagt Ninurtany çagyrdy. Mugallymlyk edipdiň birwagtlar Kaine. Ony tapyp Adapanyň ölüm düşegine getir!'' diýdi. Ninurta asman guşuna münüp gezijileriň diýaryna tarap uçdy. Bütin topraklaryň üstünde ony gözledi, dört ýandan gözledi, asmandan seredip Kaini gözledi. Soňra ony tapyp bürgüdiň ganatlaryna mündürip Kaini Adapanyň ýanyna alyp gaýtdy. Adapa Kainiň gelendigini habar berdiler. Adapa soňra: ''Kain we Sati huzuryma çyksyn'' diýdi. Kakasynyň huzuryna çykdy ikisi. Ilkinji ogly Kain Adapanyň sag tarapynda, Sati bolsa çep tarapda durdy.

ADAPA BOLJAK ZATLARY AÝDÝAR

Adapanyň gözleri kütelişendi, ogullaryny tanamak üçin ýüzlerini ogşady; sagda duran Kainyň ýüzi sakalsyzdy; çepde duran Satiniň bolsa ýüzi sakallydy. Adapa sag elini çepde duran Satiniň kellesine ýetirip şeýle diýdi: ''Ýer seniň nesliňden dolup-daşar. Seniň nesliňden üç şahaly bir agaç ýaly emele gelen adamzat beýik apatdan halas bolar. Adapa çep elini Kainyň kellesine ýetirip şeýle diýdi: '' Günäleriň sebäpli ilkinji dogulandygyň hakyny ýitirdiň. Ýöne seniň nesliňden ýedi il çykar. Uzaklardaky aýrylan diýarda köpelerler, uzak diýarlary mesgen tutarlar. Jigiňi daş bilen urup öldürensiň sen, seniň soňuňy daş getirer...'' diýip ellerini başyndan aýyrdy. Adapa demini içine çekip ellerini aýyrdy we soňra: ''Indi aýalym Titini we hemme ogullarymy we bütin gyzlarymy çagyryň gelsinler'' diýdi.

''GÜNE TARAP ÖWRÜP JAÝLAŇ MENI''

Ruhum meni terk edeninde derýa ýoly bilen alyp gidiň dogulan ýerime, we ýüzümi Güne öwrüp jaýlaň meni.
Titi ýaraly haýwan ýaly ah çekdi. Adapanyň ýany başynda dyzyny epip oturdy. Adapanyň iki ogly Kain we Sati onuň jesedini bir kepene saradylar.
Titiniň görkezen ýerine derýanyň kenaryndaky bir gowaga gömüp jaýladylar Adapany.
Toksan üçünji şaryň ortasynda doglupdy Adapa. Togsan üçünji şaryň ortasynda Adapa doglupdy, ýüz sekizinji şarda (388000 ýyl) dünýeden ötdi. Bu ýaş ýerli üçin gaty uzyn ýyldy. Enkiniň ýaşaýan ýaşyna eýe däldi.
Adapa jaýlanandan soň Kain ejesi we jigsi bilen hoşlaşdy.
Ninurta ony alyp gelen ýerine äkitdi. Uzak diýarlarda Kainyň ogullary we gyzlary dünýä inipdi.
Olar üçin bir şäher gurupdy we binalar tamamlanyp barýan wagty daşlaryň biri kellesinden gaçyp Kain hem dünýeden ötdi. Edinde Lumah Anunnakileryň başynda ussabaşy bolup işleýärdi. Lumahyň (Lemek) günlerinde Marduk we Igigiler Ýerliler bilen durmuş gurup jübütleşmäge başlapdylar.


VIII Sümer Plitanyň Soňy

Zakariýa SEJIN
Terjime eden: Jeksparro

(dowamy bar/

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, JackSparro tarapyndan 14-01-2024, 21:53

  • JackSparro JackSparro off № 1 14 января 2024 22:39
    @khanture, bir normalnyja saýtlara ýelmeşdirip goýgyn, soňam gerek bolar bir iki arkadakylara ?
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 2 15 января 2024 12:19
    JackSparro,
    Idili bir saýt ýoga, kitapçydaky üýtgeşmänem özüň biloň. Boş wagtym hemmesini jemläp pdf e-kitap etjek.
    Jogap
  • JackSparro JackSparro off № 3 15 января 2024 12:52
    Khanture,

    Ony etseňä gowy bolar acaba ?
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler