UÝAM
Täleýimiň kyn sowaly —
Tapmadym çözgüdin, uýam.
Agtaryp berdiň jogabyn,
Sen maňa dözmediň, uýam.
“Söýme — diýdiň — ol bir nadan,
Az däldir ýagşy päl adam”
Men — yşkyň ýolunda ýadan...
Kimdedir ýazgydym, uýam?!
Ýasyny tutup bir ýaryň,
Barha agyrlaşdy halym.
Enemden soň geler ýolum
Diňe sen gözlediň, uýam.
Dursa-da ýüregiň syzlap,
Enemden beter ezizläp,
Ejizletmediň.
Ejizläp,
ýakaňy ezmediň, uýam.
Gursakda kalbym kän joşdy,
Gözläp başga tüýsli yşky.
Saňa şu wagta çen goşgy,
Bagyşla, ýazmadym, uýam!
14.01.2024ý. 22:55. Aşgabat.
✏Uzuk NOWRUZOWA
Tapmadym çözgüdin, uýam.
Agtaryp berdiň jogabyn,
Sen maňa dözmediň, uýam.
“Söýme — diýdiň — ol bir nadan,
Az däldir ýagşy päl adam”
Men — yşkyň ýolunda ýadan...
Kimdedir ýazgydym, uýam?!
Ýasyny tutup bir ýaryň,
Barha agyrlaşdy halym.
Enemden soň geler ýolum
Diňe sen gözlediň, uýam.
Dursa-da ýüregiň syzlap,
Enemden beter ezizläp,
Ejizletmediň.
Ejizläp,
ýakaňy ezmediň, uýam.
Gursakda kalbym kän joşdy,
Gözläp başga tüýsli yşky.
Saňa şu wagta çen goşgy,
Bagyşla, ýazmadym, uýam!
14.01.2024ý. 22:55. Aşgabat.
✏Uzuk NOWRUZOWA
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
Комментариев нет