Ýaşap ýörin hiç bir zady saýgarman
Añ tutamok hic bir söze düñle dek
Ýaşap ýörin göýä tümlik, dumanda
Dar hem giň zat, yok ekeni dünýe dek
Birde geçip barýa üssiňden basyp
Gabadam gelip dur toyyň hem yasyň
Sylamaz boldylar garrysy, ýaşyn
Süýji hemem ajy zat ýok dünýe dek
Söýgiñ mukaddesin wada berýäler
Wadasyny ýuwdyp ýürek dilýäler
Erte başga kişä gujak geryäler
Biwepa hem wepaly ýok dünýe dek
Aglasan gülýäler, gülseň urýalar
Haýyr işi bentläp, duzak gurýalar
Ýaka ýyrtýa şermende, bihaýalar
Haýyrly hem şerli zat ýok dünýe dek
Gözelleriň güni dat bilen bidat
Goñşyñ toýa gelmez ojagyñ sylap
Göriplerem otyr aýnadan jyklap
Gözel hemem gorkunjy ýok dünýe dek
Amangeldiyewa Ayna
Goşgy
Täzelikler,
ýüreksözi
tarapyndan
18-01-2024, 23:52