"Size berlen nygmatlar üçin hem öwünmäň. Sebäbi Alla ozüni öwýänler halaýan däldir"(Gurhany Kerim Hadid-23).
Sene 1912-niň aprerlini gorkezende, Beýik Britaniýanyň Southampton portundan New York şäherine bir gämi hereket etdi. 17 müň adamyň işçi güýji bilen gurulan bu ýolagçy gämisi döwrüniň iň uly gämisi. Gämini guran inžinerler bu gämi asla batmaz diýýärdiler. Özlerine şeýle ynanýardylar we gurur duýýardyrlar welin, gäminiň adynada Yunan mifologiýasyndaky bir "taňry" adyny goýdylar: TITANIC! (ýunan mifologiýasyna görä, ýer taňrysy Gaýy bilen gök taňrysy Uranus birleşmegi netijesinde alty aýal we alty erkek jemi on iki titan doguldy diýip ynanýalar).
Gäminiň kapitany Smith gämini öňe sürüp, "bizi Ýaradanam batyryp bilmez"- diýmäge çenli barypdyr.
Gämi gurluşygynda ähli zatlar inçe detallaryna çenli ölçenendi. Içinde Parižiň kafeleriniň bire-bir kopýasy "Cafe de Parisien", Türk hamamy, çölde gezelenç efekitini döretýen matorly ýöreýen düýeler, Lyon usulynda bişirilen towukda bardy.
Inžinerlere görä, hemme zatdan öňünçä äpet gäminiň aşaky bölekleri biri-biri bilen baglanşyksyz wagonlardan düzülendi. Her dürli sebäp bilen gämä aşakdan urgy degse we deşilse diňe urgy alan bölüm suw bilen dolmalydy. Iň erbet ýagdaýda başga gämi bilen çaknyşanda bolsa, wagonlaryn bir bölegi suw almaly,bu ýagdaýdada gäminiň batmagy üçin üç gün gerekdi. Bular ýaly uzak wagtdada hökman kömek gelip ýetişmelidi. Üstesinede dünýäniň iň mäkäm demiri ulanylypdy gäminiň gurluşygynda.
Inžinerler, gäminiň öňden ýa-da arkadan geljek howpy hasapladylar, gapdallaryny ýatlaryndan çykardylar.
"Azap olara unudan ýerlerinden geldi"(Nahl süresi, 26)
Titanic sowuk bir Aprel agşamy New Foundland töwereginde gije garaňkyda hereket edýärdi. Öňünden bir aýzberg çykypdy.
Eger garagul duran aýzbergi görmedik bolsady we öňden urulsady, onda gäminiň diňe öň wagony suw bilen doljakdy we batjak däldi. Emma aýzbergi gördiler we soňky umyt bilen gämini aýladylar. Dünýäniň iň uly gämisi özüni halas edip bilmedi we aýzberg gämini edil bir pyçak ýaly kesip geçdi. Bir däl ähli wagonlar suw bilen doldy we batmaz diýilýä äpet Titanic, içindäkileriň şadyýan gülkilerini gorky seslerine öwürip suwa çümdi.
Howwa üç günde batmaz diýilýän Titanic, üç sagat içinde okeanyň üç müň metr düýbüne gitdi. Taryh ýene gaýtalanypdy, ynsanogly butlaşdyrylan zatlary bilen jezalandyrylypdy.
1992-nji ýylda suwyň aşagynda 20 sagatdan köp barlaglar geçiren Kanadaly arheologlar, Titanic-ň aýzbergiň bölen ýerinde seljerme işlerini geçirip gaty geň zady açdylar. Aýzberg, gämä degen ýerinden sähel eýläk ýa-da beýläk degen bolsady, gämä o diýen zyýan berip bilmezdi.
Titanic
Köneler,
NurmuhammetAtayew
tarapyndan
10-02-2024, 08:56