Hukuk barada birazajyk aýydaýyn. Hawa hukuk näme? Hukuk barada köp aýdylýar hemme ýerde diýen ýaly. Mysal üçin, siz biriniň gapysynda işlän bolsaňyz pul üçin, indäm bu işi tamamlan bolsaňyz gepleşige görä sizde pul almak hukugy döreýär. Bu aýydanym ýönekeý düşündirme. Aslynda hukuga düşünmek, ony amala aşyrmak, doly hukukly ýaşamak gaty kyn. Doly hukukly ýaşamak üçin ilki bilen ýaşaýan ýurdyň hukuk döwleti bolmaly. Ýenede hukugy öwrenýän, hukugy döredýän, hukugy amala aşyrýan bir topar edaralar bolmaly. Bu hem entek köp däl. Raýatlar hem öz gezeginde hukuk bilen baglanyşykly amallarry gyşarnyksyz berjäý etmeli.
Indi bolsa hukugyň gelip çykyşy barada aýydaýyn. Bu ýerde men ýewropa alymlarynyň hukugyň gelip çykyşy baradaky ylmy işlerini aýytmakçy. Birinji, hukuk adama Hudaý tarapyndan berilen. Ikinji,hukuk adamda dogabitdi döreýär, çünki adam hukuksyz ýaşap bilmeýär. Üçünji, hukuk adamlara mahsus bolan biri-biriniň halyna gynanmakdan we şol sebäpli biri-birine kömek bermekden döreýär.Dördünji,hukuk taryhyň dowamynda dörän gapma-garşylyklary aýyrmak üçin dörän. Bäşinji, hukuk döwletiň döremegi bilen döreýär. Döwlet adama özüňi dogry alyp barmagy talap edýän pursadynda hukuk döreýär.Altynjy, hukuk uruşda ýeňmekden döreýär. Uruşda ýeňilen tarap ýeňijiniň talabyny ýerine ýetirýän pursadynda hukuk döreýär.Ýedinji, marksistleriň aýytmgyna görä, hukuk döwletiň döremegi bilen bilelkide döräp, halkyň hal-ýagdaýynyň garyp-baýlygyna garap döreýär. Hukugyň döremeginiň ýenede birnäçe teoriýasy bar. Ýöne bu teoriýalar häzirki sanan hukuk teoriýalaryň manysyna meňzeş. Şol sebäpli men olary aýytmaýaryn. Has takyk biljek bolsaňyz özbaşdak okap bilersiňiz. Onsoňam häzirki zamanyň sowatly men diýýän adamy hukugyň nämedigini bilmeli.
Indi bolsa hukuk nämä gerek diýen soraga gysgaça jogap bereýin. Uzak ýazmana mümkinçilik ýok. Hukuk ilki bilen özüň adamdygyňy subut etmek üçin gerek. Hukygyň esasynda sen özüň adamdygyňy subut edýäň. Haçanda sen özüňi adam diýýän pursadyňda adamzadyň seniň döwrüňe çenli gazanan ähli zatlaryna seniň hem hukugyň bardygy gelip çykýar. Kimdir birleri seni bu halatda hukugyňdan kesmäne ymtylarlar. Ýöne seniň hem özüňi gormana hukugyň bar. Dürli ýollar bilen. Häzirki döwürde bu babatda hukuk goraýjy edaralar işläp dur. Şolara ýüz tutmak arkaly hukugyňa eýe bolmaly.

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Kelleagyryk tarapyndan 27-03-2024, 09:33

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler